Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze Galkynyş eýýamy uly özgertmeleriň döwri bolup ýurdumyzyň ykdysadyýetini we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen bolup durýar. Täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýär.
Ykdysadyýetiň ösmeginde banklaryň orny uly bolup durýar. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde ýurduň pul-karz ulgamynyň mundan beýläkde ösdürilmegi üçin zerur şertler döredilýär.
Banklar ykdysadyýetiň pul hojalygynyň aýrylmaz bir bölegini düzmek bilen olaryň işi üznüksiz önümçilik bilen hem berk baglanşyklydyr. Banklar halk hojalygynyň pudaklarynyň: senagatyň, gurluşygyň, söwdanyň, oba hojalygynyň we beýlekileriň hem-de ilatyň arasyndaky aragatnaşyklaryň üsti bilen ykdysady durmuşyň jümmüşinde bolup, öndürijileriň bähbitlerine hyzmat edýär.
Ýurtda karzlaşdyrmagyň yzygiderli ösmegi ykdysadyýetde bank ulgamynyň ähmiýetiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistan Döwletimizde Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly depginde ösmegi Türkmenistanyň bank ulgamynyň we şol sanda “Daýhanbankyň” hem ykdysady taýdan berkemegine, ösmegine oňaýly täsirini ýetirdi. |