kredit hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Ýyl

goýum hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Siziň girdejiňiz:

Internet hyzmatlary

Internet hyzmatlary

walýuta - 17.12.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy

Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary hünär baýramçylygy bilen gutlady

2016-njy ýylyň 27-nji ýanwary Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 24 ýyllygyna hem-de Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Dabara gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk arkaly şanly sene bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Awazada täze sport toplumlarynyň taslamalary bilen tanyşdy

2016-njy ýylyň 20-nji ýanwary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň howa menzilinden Türkmenbaşy şäherine uçdy. Ol özüniň gysga möhletleýin dynç alyş wagtynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gelip, Hazar deňziniň gözel kenarynda emele gelýän dünýä derejesindäki ajaýyp şypahana bilen tanyşdy.

Mirasa sarpa goýmak ýylynda – täze belentliklere tarap

2016-njy ýylyň 17-nji ýanwary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewleriniň saklanylýan ýerine baryp, ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy.

Müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halky özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak we dünýäde giňden wagyz etmek ýörelgelerini şu ýyl Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny dabaralandyrýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi.

Pres reliz

13.01.2016
Pres reliz

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda Visa, MasterCard halkara töleg ulgamlarynyň kartlary arkaly içerki hem-de halkara tölegleri geçirmäge, bank hasaplarynyň üsti bilen daşary ýurt puluny satyn almaga giň şertler döredildi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy

2016-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisinde her ýylyň başynda geçirilýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda Mejlisiň kanunçykaryjylyk deputatlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi.


Täzelikler 46 - 50 (e/a) 78