kredit hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Ýyl

goýum hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Siziň girdejiňiz:

Internet hyzmatlary

Internet hyzmatlary

walýuta - 24.01.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy

Täzelikler

MAGTYMGULY, SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan ösüşleriň bedew bady  bilen öňe barýar. Milli Liderimiz tarapyndan  2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmeginiň özünde  hem uly many bardyr. Şonuň üçin geçmiş mirasymyza, gadymy we taryhy ýadygärliklerimize berilýän üns ýokary derejededir. Şunuň bilen baglylykda, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, ynsanperwerliginiň beýik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine  üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan milli baýram Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygrýýet gününe bagyşlanan baýram ýurdumyzyň  ähli ýerlerinde dabaraly ýagdaýda  giňden bellenilýär.

ATLY ÝÖRIŞ  -  UÇAR GANATLY ÝÖRIŞ

2016-njy ýylyň 5-nji maýynda  Homatly Prezidentimiz Gurbanguly  Berdimuhamedowyň  gatnaşmagynda  2017-nji ýylda Aşgabatda  geçiriljek  Ýapyk binalarda  we söweş  sungaty boýunça   V Aziýa  oýunlarynyň başlanmagyna  500 günüň galmagy  mynasybetli  köpçülikleýin  atly ýörişe badalga berilmegi taryhy waka boldy.  Aziada - 2017- ä  badalga  berilmegine  500 gün  galmagyna  gabatlanyp Nusaý galasynda  guralan  atly ýörişiň ýurdumyz  üçin aýratyn uly ähmiýeti bar.

Bedewler – toýlarymyzyň bezegi

Türkmen halkynyň bedew atlaryna bolan söýgüsi örän uludyr. Bu söýgi gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedewe goýýan sarpasynda bütin türkmen  halkynyň asyrlarboýy kemala gelen ýokary medeniýetini görmek bolýar. Her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramynyň bellenilmegi-de halkymyzyň uçar ganatyna, syrdaş ýoldaşyna goýýan hormat-sylagynyň bimöçberdigine güwä geçýär.

Il saglygy ýurt baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden başlap ähli ulgamlar bilen bir hatarda halkymyzyň saglygyna we ýurdumyzyň sport ulgamyna hem aýratyn üns berdi. Döwletimizi ösdürmekde, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda Mähriban Arkadagymyz uly işleri amala aşyrýar. Ilatyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmakda sport esasy orny eýeleýär. 

Manadyň durnuklylygy barada

Manadyň durnuklylygyny üpjün etmek «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maksatlarynyň biridir. Şu ugurda döwletimizde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan toplumlaýyn çäreler geçirilýär.


Täzelikler 11 - 15 (e/a) 72