Bankyň taryhy

Türkmenistanyň "Daýhanbank" döwlet täjirçilik bankynyň döreýiş taryhy we ösüşi

XX-nji asyryň başlarynda Türkmenistanda ilatyň 80-85% golaý oba ýerlerinde ýaşapdyr. Şonuň ýaly-da, oba hojalygy türkmenleriň ykdysady durmuşynyň esasy bölegi hasaplanypdyr. Oba hojalyk pudagy karzlaşdyrmagyň baý taryhy bardyr. Oba hojalygynda daýhanlaryň pula mätäçlik çekmegi netijesinde şol döwürde kredit kooperasiýasynyň emele gelmegine getiripdir. 1909-njy ýylda kiçi kredit Uprawleniýasy tarapyndan döredilen ilkinji kredit we süýşürintgiler bileleşigine türkmen daýhanlary uly isleg bilen giripdirler. Zakaspiýa welaýatynda 1910-njy ýylda 14 sany bileleşik bolup, olaryň sany 1914-nji ýylda 58 ýetipdir. Ol bileleşikler esasan hem karz amallaryny ýerine ýetirmek bilen meşgullanypdyrlar.

Ýurdumyzyň taryhynda türkmen halky oba hojalyk pudagy bilen giňden meşgullanan we pudaga hyzmat etmek üçin birnäçe banklar hyzmat edipdir. Ol banklar şu aşakdakylardan ybaratdyr:
1923-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda döredilen Orta Aziýanyň Oba hojalyk bankynyň Poltorask agentligi we 1925-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan 1-nji oktýabr aralygynda hereket eden Aziýanyň Oba hojalyk bankynyň Türkmen agentligidir. 

1987-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda 1118 belgili banklaryň işini we gurluşyny üýtgedip gurmak baradaky karara laýyklykda, Türkmenistanda beýleki banklar bilen bir hatarda Agrosenagat banky döredildi we daýhanbirleşiklerine, agrosenagat toplumyna degişli bolan edara – kärhanalara köptaraplaýyn hyzmat etmek üçin Türkmenistanyň welaýatlarynda we etraplarynda onuň bölümleri açyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk özgertmeleriniň çäginde, 1995-nji ýylyň 10-njy martynda ýörite karar bilen öňki Agrosenagat bankynyň edaralarynyň binýadynda Daýhanbanky döredildi. Daýhanbankynyň agentlikleri 1995-nji ýylda döredilip başlandy. Olaryň ilkinji wezipesi daýhan birleşikleriň işgärleriniň zähmet haklaryny bermeklik bolup durýardy.

1996-njy ýylyň dekabr aýynda geçirilen uly Döwlet Maslahatynda agrar sektorynda ykdysady reforma geçirmekligiň hemme taraplaýyn oýlanyşykly konsepsiýasy yglan edildi.

1997-nji ýylyň başyndan başlap, döwlet tabşyrygyna degişli önümleri (pagta,bugdaý) öndürijileriň her birine Daýhanbankyň ýerledäki agentliklerinde aýratynlykda tarap hasaplary açylyp başlandy. Şol ýylda bank tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “Daýhanyň hasap depderçesi” boýunça alynyp baryldy.

1998-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 3970 belgili “Türkmenistanyň bank ulgamyny pugtalandyrmak baradaky çäreler hakyndaky” Karary bilen 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky döredildi we Daýhanbankda ýurduň Agrosenagat toplumyna hyzmat edýän döwet täjirçilik bankynyň derejesi berildi. Bu konsepsiýa önümçiligi gurnamaklygyň we dolandyrmaklygyň, zähmete bolan höweslendirmäni we oba hojalyk önümini öndürijileriň özbaşdaklygyny üpjün etmegiň esasynda kärende gatnaşyklaryny ösdürmegiň, maddy-tehniki bazanyň, ýeriň we suwuň netijeli peýdalanmagynyň giň meselelerini özünde jemleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygyny üstünlikli özgertmekde esasy meseleleriň biri hökmünde kärendeçiler bilen hasaplaşyklary täzeçe gurnamaklygyny belledi. Bu maksatnama laýyklykda, täze döredilen Daýhanbanklaryň oba hojalygynda geçirýän ykdysady özgertmeler babatynda çetde durman, göniden-göni onuň amala aşyrylmagyna gatnaşmagy göz öňüne tutuldy. Ýagny, oba hojalygynyň özgerdilmegi ykdysady ulgamymyzyň birnäçe düzüm bölekleri:oba hojalygynyň, oňa hyzmat edýän pudaklaryň we Daýhanbanklaryň gönüden-göni gatnaşmagynda amala aşyrylmalydy. Netijede, kärendeçi ykdysady we maliýe gatnaşyklarynyň meýdanyna özbaşdak gatnaşyjy hökmünde çykdy. Hasaplaşyklary täzeçe gurnamak we olary alyp barmak wezipesi Daýhanbankyň üstüne ýüklendi. 

Döwlet tabşyrygyna degişli önüm öndürijileriň önümçilik harajatlaryny maliýeleşdirmek bolsa, kärendeçileriň taýýarlaýjy guramalar bilen baglaşan şertnamalary esasynda olaryň hasaplaryna taýýarlaýjy guramalar tarapyndan hakujy serişdesini goýbermek bilen amala aşayryldy.

1997-nji ýylda hasaplaşyk Daýhanbanky tarapyndan işlenip taýýarlanylan “Daýhanyň hasap depderçesi” boýunça alynyp baryldy. Depderçe daýhanyň önümçilik – maliýe meýilnamasy hökmünde we önümçilikde degişli çykdajylar üçin çek hasaplaşygyny geçirmek hem-de olary hasaba almak üçin niýetlendi.

1998-nji ýyldan başlap, döwlet tabşyrygyna degişli oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasyndaky hasaplaşyklar döwlet tarapyndan göýberilýän ýeňillikli karzlaşdyrmaklyk arkaly amala aşyrylyp başlandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2004-nji ýylyň 29-njy oktýabryndaky 6919 belgili “Türkmenistanyň Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky” we 2004-nji ýylyň 24-nji dekabryndaky 7024 “2005-nji ýylda pagta öndürmek hakynda” kararlaryna laýyklykda 2005-nji ýylyň pagta hasylyny täze döredilen Türkmenistanyň Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň jogapkärçiliginde ekmeklik ýola goýulyp, bu ugur boýunça ykdysady-maliýe gatnaşyklarynyň täze usuly işe girizildi.

Bu usulyň işe girizilmegi bilen öňkülerden tapawutlylykda, pagta hasylynyň önümçilik harajatlary üçin karz ugry önüm öndürijilere açylman, Türkmenistanyň oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine açyldy we şonuň bilen birlikde kärendeçieleriň ähli önümçilik harajatlarynyň hasaby “Daýhanbanklarynda” ýöredildi. 

Soňra “Daýhan birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi bilen, 2008-nji ýyldan başlap kärendeçileriň hasaplarynyň daýhan birleşikleri tarapyndan täze usulda ýöredilip başlanylmagy ýola goýuldy. 

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky Garaşsyzlyk ýyllary içinde “Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Baş ugry” milli maksatnamasy esasynda ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmegiň baş ýörelgesinden ugur alyp, daýhanlaryň we hususy ýer eýeleriniň döwlet tabşyrygyna degişli önümleri öndürmek boýunça olaryň önümçilik harajatlarynyň maliýeleşdirmekligi we maliýe hasaplaşyk hyzmatlaryny etmekligi bank gulluklarynyň üsti bilen alyp bardy. Şol bir wagtyň özünde “Daýhanbankyň” maliýe durnuklylygyny gazanmak, agrosenagat toplumyna degişli pudaklaryň edara-kärhanalarynda ykdysady ösüşlere goldaw bermek, milli pulymyzyň dolanyşygyny çaltlandyrmak we onuň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça çeýe pul-karz syýasaty alnyp barylýar.



walýuta - 24.01.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy