Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti sebitleri ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi 05.03.2019 Türkmenistanyň Prezidenti sebitleri ösdürmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Watanymyzyň täze taryhynda ykbal çözüji sene 12.02.2019 Watanymyzyň täze taryhynda ykbal çözüji sene
Şu gün — 12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilenine laýyk iki ýyl boldy, şonda watandaşlarymyzyň millionlarçasy özleriniň konstitusion hukugyndan peýdalanyp hem-de raýatlyk borçlaryny berjaý etmek bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ses berip, geljekki 7 ýylda döwlet Baştutany wezipesini ynandylar.

Okgunly hereket we ylham — abadançylyk ýoly 11.01.2019 Okgunly hereket we ylham — abadançylyk ýoly
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk toplumyna bardy we bu ýerdäki iş otagynda edebi döredijilik bilen meşgullandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy 10.01.2019 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, şol ýerde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri kärhanasynyň — Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti göçme iş maslahatyny geçirdi 09.01.2019 Türkmenistanyň Prezidenti göçme iş maslahatyny geçirdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Hojalyk müdirligine degişli maldarçylyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.


1 - 5 (e/a) 108
Sahypalar:


walýuta - 19.03.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy