Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň  şanly 25 ýyllygy 26.10.2016

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy

Mukaddes  ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň  baýramçylygy bu gün her bir türkmenistanlynyň kalbyny joşa getirýar.

Garaşsyz Türkmenistan bu gün dünýaniň ýüzünde  ykdysady, medeni, söwda gatnaşyklarynyň giň möçberinde ösdürilýän ýurdudyr.  Dünýaniň iň bir ösen döwletleri Türkmenistany dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge ygtybarly ýurt hasaplaýarlar. Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, „Awaza“ milli syýahatçylyk zolagynda, beýleki gurluşyk meýdançalarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň onlarçasy iş alyp barýar. Olaryň sany yzygiderli artýar.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Garaşsyz ýurdymyzyň milli strategiýasy ylmy esasda, halkyň bähbitlerine, döwletimiziň gülläp ösmegine gönükdirilip işlenip düzüldi. Ýurdymyz senagatda, oba hojalygynda, ylymda, medenýetde uly ösüş ýolyna düşdi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda  alnyp barylýan işler daýhanyň-da, işçiniň-de, telekeçiniň-de, mülkdaryň-da göwnünden turýar.

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny döwrebap ösdürmek, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, daýhany goldamak, bugdaýynyň, pagtanyň, gök we bakja ekinleriniň bolçulygyny döretmek, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak biziň oba özgertmelerimiziň esasy ugrudyr.

Bedew bady bilen öňe barýan ýurdymyzda şanly Garaşsyzlygyň 25 ýyllyk baýramy bosagada. Edermen pagta ussatlary bu şanly baýrama uly zähmet sowgady bilen geldiler. Gowaça meýdanlarynda gazanylan bu belent sepgit Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary arkaly ýurdymyzda daýhanyň halal zähmet çekmegi we onuň  hözirini görüp, eşretli ýaşamagy üçin döwletimizde ähli zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň netijesidir.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny ýokarlandyrmakda döredýän mümkinçilikleri, şeýle uly tagallalary üçin  hormatly Prezidentimize kop sah bolsun aýdýarys!

Hormatly Prezidentimiziň  jany sag, başy dik, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli  işleri elmydama rowaç alsyn!

S.Agaýewa,

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň 

Mary welaýat şahamçasynyň Işgärler bölüminiň esasy hünärmeni 

                                                                                        


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 17.12.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy