MUKADDES GARAŞSYZLYGYŇ BOSAGASYNDA

MUKADDES GARAŞSYZLYGYŇ  BOSAGASYNDA 26.10.2016

MUKADDES GARAŞSYZLYGYŇ BOSAGASYNDA

Hormatly  Prezidentimiziň  saýasynda erkana  ýaşaýan mähriban halkymyzyň her bir  güni ýatdan  çykmajak şanly senelere, taryhy wakalara beslenip, ak nur bolup dogýar.  Bagtyýar durmuşymyzda röwşen ýollarymyzy ak  geljege alyp barýan, geçmiş taryhymyzy, buýsançly şu günümizi, ýagty ertirimizi bagtyýar döwrana baky ýar eden  biziň  Gahryman Arkadagymyz, mähriban Watanymyz we  mukaddes  Garaşsyzlygymyzdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  gadymy türkmen topragynda  biziň  ata-babalarymyzyň  köpasyrlyk  ajaýyp däpleri miras bolup dabaralanýar. Biziň pederlerimiziň  milli özboluşlulygy  bilen  tapawutlanýan  ruhy we  maddy  gymmatlyklary  döretmegi başarypdyrlar.  Hut şu ýörelgeler esasynda  adamzadyň  parahatçylykly  we bagtyýar  durmuşynyň  hatyrasyna  biziň  Garaşsyz Watanymyzyň parahatsöýüjilik syýasaty  berkarar boldy.

Mähriban Prezidentimiziň  il-ýurduň  bagtyýarlygy, ösüşleri, abadançylygy, bolçulygy we  abraý-mertebesiniň  şöhratlanmagy ugrunda  durmuşa geçirilýän  beýik işleri  giden bir  ummandyr. Hormatly Prezidentimiziň  Berkarar döwletimiziň  bagtyýarlyk  döwründe  durmuşa geçirýän  parasatly  hem ynsanperwer  syýasatynyň  maksady bütin  dünýäde  pugta parahatçylygyň, ählumumy  howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň  berkarar edilmegine  mynasyp goşant goşmakdan  ybaratdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň  guran Berkarar  döwletimiziň  bagtyýarlyk  döwründe  mümkin bolan  sepgidini bellemek  aýratyn  buýsançlydyr.  Eziz Arkadagymyz deňsiz-taýsyz işleri  bimöçber  tagallalary  we  aýdyň  taglymatlary bilen   Türkmnenistan  Watanymyzy beýgeldýän  beýik Lider, dünýäde  ykrar edilen  Lider!

Goý, ösüşli ýollarymyzyň, ýeňişli  ýyllarymyz milli Lideriniň - Gahryman  Arkadagymyzyň  jany sag, ömri  uzak, il-ýurdy abadan, abraý mertebesi mydama belent bolsun!

Liderimiziň başyny başlan  her bir işi geljekde-de  rowaç alsyn!

J.Öwezowa,

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň 

Hukuk işleri boýunça baş hünärmeni


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 29.06.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy