Bank ulgamyndaky özgerişler

11.01.2017

Bank ulgamyndaky özgerişler


           Ýurdumyzda pul serişdeleriniň dolanyşygyny sazlaşdyrmak bank edaralarynyň işiniň baş maksady bolup durýar. Häzirki döwürde banklar ýeterlik pul serişdeleri bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginini üpjün edýär hem-de pul serişdeleriniň dürli pudaklarda oýlanyşykly dolanyşygyna ýardam berýär. Şonuň bilen birlikde, banklar iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň möhüm çeşmesine öwrülýär. Maliýe toplumy ýurdumyzyň tutuş ykdysadyýetiniň netijeliligine örän oňyn täsir edýär, çünki onuň baş maksady milli pulumyzyň satyn alyş ukybyny üpjün etmekdir hem-de içerki sarp ediş bazarlarynda nyrhlaryň durnuklylygyny saklamakdyr.

     “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň banklary tarapyndan banklaryň maýasyny artdyrmak, nagt däl tölegleriň möçberini giňeltmek, orta we kiçi telekeçiligi karzlaşdyrmak, uzakmöhletleýin karzlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler işjeň alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, täze bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, iri maliýe gurallary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär. Banklaryň maliýe hasabatlylygynyň halkara ölçeglerine tapgyrlaýyn geçmegi ähmiýetli ädimleriň biri boldy. Şunuň bilen bir hatarda, banklaryň birnäçesiniň, hususanda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, “Türkmenistan , “Türkmenbaşy”, “Daýhanbank”, “Prezidentbank” we “Halkbank” döwlet täjirçilik banklarynyň Tertipnamalaryny tassyklamak hakyndaky Kararlarynyň ähmiýetini belläp geçmek gerek. Bu resminamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň banklarynyň maýa goýum işjeňligini artdyrmaga, pul toplaýyş derejesini ýokarlandyrmaga , banklarda edara dolandyryş işini we içerki gözegçilik ulgamynyň işlerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

      Şu babatda ýurdumyzyň karz berýän guramalarynda hereket edýän düzgünnama laýyklykda, esasy ätiýaçlyk gaznasynyň we beýleki gaznalaryň serişdeleriniň erkin bölegini, şeýle hem gazanylýan sap girdejiniň 50 göterimden pes bolmadyk möçberini esaslyk maýany artdyrmaga gönükdirmäge borçly edilendigini ýatlap geçmek zerurdyr.

          Bazar gatnaşyklary şertlerinde pul ulgamynyň berkidilmegi ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmakda esasy ýagdaýdyr. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan nyşanlaryň biri bolan manat indi 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda durnuklylygy goldamagyň mäkäm maliýe guraly, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň möhüm çeşmesidir.

         Häzirki döwürde “Visa”,“Master Card” halkara töleg ulgamynyň hyzmaty dolanyşyga ornaşdyryldy. Nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleriniň artmagy bilen bir hatarda, bu ädim milli ykdysadyýetiň düzümlerinden býujete serişdeleriň gelip gowuşmagynyň artmagyna ýardam bermäge gönükdirilendigini nygtamak zerurdyr. Mundan başga-da, bu çözgüt bank ulgamynyň töleg ukyplylygyny ýokarlandyrmagyny üpjün etmek, pes göterimler boýunça karzlary bermek üçin şertleri döreder.

         Ýurdumyzyň ençeme düzümlerinde aýlyk iş hakyny plastik kartlaryna geçirmek tejribesi ornaşdyryldy.

         Uly möçberindäki pullaryň ýitmek howpunyň azalmagy, edilen söwdanyň tölegini dessine geçirmek hem-de daşary ýurt puluna öwürmek we şahsy býujetine ýeňil hem-de oňaýly gözegçilik etmek mümkinçiligi ýaly ýagdaýlary elektron pullaryny peýdalanmagyň oňat artykmaçlyklarynyň umumy sanynyň hatarynda görkezmek bolar.

        Gymmatly kagyzlar bazary maliýe-karz ulgamynyň düzüm bölegi hökmünde döwlet dolandyrylyşynyň ugry bolup durýar. Onuň maksady, maýadarlaryň bähbitlerini araçylaryň kanuna garşy hereketlerinden goramakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça bu ugurda birnäçe möhüm çäreler görüldi.

           Soňky ýyllarda ýurdumyz dünýäniň esasy maliýe we ykdysady düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň çäklerini ep-esli giňeldip, halkara işlerindäki ornuny has-da berkitdi. Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky hem-de daşary ýurtlaryň beýleki esasy banklary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Munuň özi häzirkizaman milli maliýe-bank ulgamynyň kemala getirilmegine, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmäge maýa goýumlaryny goýmaga ýardam edýär.

         Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň okgunly ösüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn we doly durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr, bu syýasatyň ylmy taýdan esaslandyrylmagy, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ulanmak hem-de strategik meýilleşdirme onuň aýratynlygydyr. Şeýlelikde, özygtyýarly Watanymyz gülläp ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrülýär.

        Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösdürmek-de, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda hem-de zähmet çekmäge döredýän ähli şertleri we mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýaryn!

       Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn!

Altyn Durdyýewa,

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet

täjirçilik bankynyň Amallara gözegçilik

we maliýe monitoringi bölüminiň başlygy


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 29.06.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy