Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary

Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary 11.04.2017

Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary



          Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2017-nji ýylyň 29-31-nji martynda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň Türkmenistana resmi sapary boldy.

         Gepleşikleriň barşynda döwletleriň Baştutanlary däp bolan dostluk we ynanyşmak ýagdaýynda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara häsiýetli möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar. Taraplar seredilen ähli meseleler boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini tassykladylar.

           Prezidentler ikitaraplaýyn söwdanyň möçberlerini yzygiderli artdyrmagy üpjün etmäge, onuň düzümini diwersifikasiýalaşdyrmaga, Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda halkara söwdasynyň umumy ykrar edilen düzgünleri we kadalary esasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin görnüşlerini ösdürmäge özara çalyşýandyklaryny aýtdylar.

          Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň Baştutanlary iki döwletiň ägirt uly üstaşyr-ulag mümkinçiligini nazara almak bilen, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýärler.

          Döwletleriň Baştutanlary kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk dagmagdan kombinatynyň açylmagyna ýokary baha berdiler, onuň taslama kuwwatynda işe girizilmegi diňe bir Türkmenistanyň oba hojalygynyň dökünlere bolan talaplaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, bu islegli önümi dünýä bazaryna ibermäge hem mümkinçilik berer.

          Geljekde, Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen bagly bolan biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky netijeli syýasy gatnaşyklary has-da ösdürmäge, söwda-ykdysady, bilim ulgamynda, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamynda we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gürrüňsiz täze itergi berer.

         Saparyň çäklerinde Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň täze jaýy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu dabaraly çärä iki dostlukly ýurduň Prezidentleri gatnaşdy. Türkmenistan bu dostlukly ýurdy özüniň strategiki hyzmatdaşy hasap edýär.

                                                                                                                Türkmen döwlet habarlary agentligi


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 19.10.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy