BANK HYZMATLARYNYŇ HILI ÝOKARLANDYRYLÝAR

27.11.2017

BANK HYZMATLARYNYŇ HILI ÝOKARLANDYRYLÝAR

Wagt - Adam üçin iň bir gymmat zadyň biri bolup durýar. Bankda döredilen amatly hyzmatlardan peýdalanmak bilen, her bir adam öz wagtyny tygşytlaýar.  Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi günsaýyn giňeýär we karz edaralarynda hyzmatlaryň täze görnüşleri yzygiderli ornaşdyrylýar.

            Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda pul serişdeleriniň dolanyşygyny sazlaşdyrmak bank edaralarynyň  işiniň baş maksady bolup durýar. Häzirki döwürde banklar ýeterlik pul serişdeleri bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginini üpjün edýär hem-de pul serişdeleriniň dürli pudaklarda oýlanyşykly dolanyşygyna ýardam berýär. Şonuň bilen birlikde, banklar iri maýa goýum taslamalaryny  maliýeleşdirmegiň möhüm çeşmesine öwrülýär.
          “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň banklary tarapyndan banklaryň maýasyny artdyrmak, nagt däl tölegleriň möçberini giňeltmek, kiçi we orta telekeçiligi karzlaşdyrmak,  uzak  möhletleýin karzlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler işjeň alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, täze bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak,  hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, hünärmenleriň bilim derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak, iri maliýe gurallary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär.    
            Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň  bazar gatnaşyklaryna  has ynamly geçmegi bilen maliýe-bank ulgamyny dolandyrmak işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň netijesinde dolandyrmak bilen bagly harajatlar kemeldilýär, maliýe-bank hyzmatlarynyň hili ýokarlandyrylýar, dünýä maliýe bazaryna işjeň goşulyşmaga we halkara  maliýe-karz institutlary bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge zerur şertler döredilýär.
            Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlaryna we çözgütlerine laýyklykda ýurdumuzyň oba hojalyk toplumyna, şol sanda hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilerine önümçilik karzlaryny bermek, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň ilatyna  ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin karzlary we ýaş çatynjalar üçin niýetlenilen maksatlaýyn karzlary bermek we olaryň yzyna gaýtarylmagyna gözegçilik etmek boýunça işleri alyp barýar.
           Innowasiýalaryň, döwrebap tilsimatlaryň we öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagy  netijesinde  halal zähmetleri bilen öz girdejilerini artdyrýan önüm öndüriji kärendeçileriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzyň çet ýerlerde ýaşaýan oba ilatynyň döwrebap bank hyzmatlarynyň töleglerine elýeter bolmagy, etrap merkezlerine barmazdan, töleglerini, bank karzlarynyň, oňa hasaplanan göterimleriniň we beýleki hyzmatlaryň birnäçe görnüşleriniň töleglerini plastik kartlaryň üsti bilen amala aşyrmak şertleriniň netijdesinde plastik kartlary ulanýan müşderileriň sany gün saýyn köpelýär.             Bank ulgamynda bank hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegi, islegiň ösüşine laýyklykda, olaryň gurluşynyň üýtgemegi, müşderiler bilen işlemegiň täze tilsimatlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşyklylykda işgärleriň hünär ukbyna, başarnygyna ýokary talaplar bildirilýär. Halkymyza bank kartlarynyň üsti bilen dürli bank hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Şonuň bilen birlikde hem nagt däl hasaplaşyklary ösdürmekde hyzmatlaryň  görnüşleriniň hiliniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň netijedesinde, söwda nokatlarynda, ýangyç guýujy beketlerde, dermanhanalarda we hyzmat edijilerde töleg terminallary ornaşdyryldy.  
           Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, Internet hyzmatlarynyň mümkin bolan islendik ýerinden kompýuter enjamlarynyň ýa-da öýjükli telefonlaryň üsti bilen özüniň kart hasaby boýunça  “Internet bank” we “Mobil bank” hyzmatlary arkaly, tiz we amatly nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge giň mümkinçilik berýär.  Internet we mobil bank ulgamynda häzirki wagtda Altyn-Asyr öýjükli telefonyň, IP-telewideniýäniň  we internet hyzmatyň hem-de ipoteka we sarp ediş karzlaryny üzmek üçin töleglerini geçirip bolýar.
          Adam üçin iň bir gymmat zadyň biri wagt bolup durýar. Bankda döredilen amatly hyzmatlardan peýdalanmak bilen, her bir adam öz wagtyny tygşytlaýar.  
Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi günsaýyn giňeýär we karz edaralarynda hyzmatlaryň täze görnüşleri yzygiderli ornaşdyrylýar.
           Hormatly Prezidentimiziň durmuş syýasatyndan ugur alyp, ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ilaty üçin goşmaça iş   orunlary döredilýär, ipoteka karzynyň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berilýär.
            2017-nji ýylyň 7-nji iýulynda  hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap aýlyk zähmet haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak barada Permana gol çekdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen belent ynsanperwerlige esaslanýan ýörelgesiniň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.
           Bank hyzmatlarynyň esasy görnüşleriniň biri hem karz amallaryny ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň çäklerinde karz gatnaşyklaryny kämilleşdirmeklige aýratyn üns berilýär. Öňde goýulan maksatlara ýetmek üçin ýurdumyzyň pul-karz syýasaty hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, ilkinji nobatda, pul-karz syýasatynda ýüze çykýar. Üstünlikli geçirilýän ykdysady özgertmeler ýurdumyzyň maliýe durnuklylygyny we maýa goýum işjeňliginiň artmagyny üpjün edýär, şeýle-de bank ulgamyny ösdürmäge esas döredýär.
            Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky,  geljek-de alyp barýan işlerini mundan beýläk-de ösdürip, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň oba senagat toplumyny ýokary düşewüntli pudaga öwrülmegine  mynasyp goşant goşar.
            
Altyn Durdyýewa.,
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik
bankynyň Amallara gözegçilik we maliýe
monitoringi bölüminiň başlygy

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 17.12.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy