Türkmen manadynyň aýdyň ýollary

01.11.2017

Türkmen manadynyň aýdyň ýollary

Garaşsyzlyk ýyllary içinde mundan 24 ýyl ozal 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmeniň milli manady dolanyşyga girizildi.  Bu waka ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalaryň biri boldy. Türkmenistanyň milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň örän uly syýasy ähmiýetiniň barlygyny aýratyn bellemek gerek. Şeýle-de milli manat ýurdumyzyň ykdysady howpsyzlygynyň iň bir möhüm sütünleriniň biridir.
          Şu gün Türkmenistan öz milli manadynyň  şanly 24 ýyllygyny uludan toýlaýar.  Bu waka diňe bir Türkmenistanyň bank işgärleriniň baýramy bolman, ähli türkmen halkynyň toýudyr, sebäbi manat, diňe bir milli pul bolman, eýsem biziň döwletimiziň aýrylmaz nyşanydyr we manadyň şekili türkmen topragynda garaşsyzlygyň, nesilden-nesle geçişiň çuňňur manysyny özünde jemleýändir.  
       Ýurdumyzda hereket edýän milli pul birliginiň ornunyň ýokarlanmagy we ähmiýetiniň yzygiderli artmagy, bazar ykdysadyýetiniň esasy talaplarynyň biridir. Pul ýaşaýşyň ähli ugurlarynda zerur serişdeleriň birine öwrüldi. Onuň kömegi bilen emläkleri bahalandyrmak, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak, kärhanalaryň maliýe netijeliligini kesgitlemek işleri amala aşyrylýar.  
          Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda pul serişdeleriniň dolanyşygyny sazlaşdyrmak bank edaralarynyň  işiniň baş maksady bolup durýar. Häzirki döwürde banklar ýeterlik pul serişdeleri bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginini üpjün edýär hem-de pul serişdeleriniň dürli pudaklarda oýlanyşykly dolanyşygyna ýardam berýär. Şonuň bilen birlikde, banklar iri maýa goýum taslamalaryny  maliýeleşdirmegiň möhüm çeşmesine öwrülýär.
          “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň banklary tarapyndan banklaryň maýasyny artdyrmak, nagt däl tölegleriň möçberini giňeltmek, kiçi we orta telekeçiligi karzlaşdyrmak,  uzak  möhletleýin karzlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler işjeň alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, täze bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak,  hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, hünärmenleriň bilim derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak, iri maliýe gurallary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär.    
           Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň  bazar gatnaşyklaryna  has ynamly geçmegi bilen maliýe-bank ulgamyny dolandyrmak işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň netijesinde dolandyrmak bilen bagly harajatlar kemeldilýär, maliýe-bank hyzmatlarynyň hili ýokarlandyrylýar, dünýä maliýe bazaryna işjeň goşulyşmaga we halkara  maliýe-karz institutlary bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge zerur şertler döredilýär.
           Innowasiýalaryň, döwrebap tilsimatlaryň we öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagy  netijesinde  halal zähmetleri bilen öz girdejilerini artdyrýan önüm öndüriji kärendeçileriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzyň çet ýerlerde ýaşaýan oba ilatynyň döwrebap bank hyzmatlarynyň töleglerine elýeter bolmagy, etrap merkezlerine barmazdan, töleglerini, bank karzlarynyň, oňa hasaplanan göterimleriniň we beýleki hyzmatlaryň birnäçe görnüşleriniň töleglerini plastik kartlaryň üsti bilen amala aşyrmak şertleriniň netijdesinde plastik kartlary ulanýan müşderileriň sany gün saýyn köpelýär.            
       Bank ulgamynda bank hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegi, islegiň ösüşine laýyklykda, olaryň gurluşynyň üýtgemegi, müşderiler bilen işlemegiň täze tilsimatlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşyklylykda işgärleriň hünär ukbyna, başarnygyna ýokary talaplar bildirilýär.
       Halkymyza bank kartlarynyň üsti bilen dürli bank hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Şonuň bilen birlikde hem nagt däl hasaplaşyklary ösdürmekde hyzmatlaryň  görnüşleriniň hiliniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň netijedesinde, söwda nokatlarynda, ýangyç guýujy beketlerde, dermanhanalarda we hyzmat edijilerde töleg terminallary ornaşdyryldy.  
       Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, Internet hyzmatlarynyň mümkin bolan islendik ýerinden kompýuter enjamlarynyň ýa-da öýjükli telefonlaryň üsti bilen özüniň kart hasaby boýunça  “Internet bank” we “Mobil bank” hyzmatlary arkaly, tiz we amatly nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge giň mümkinçilik berýär.  Internet we mobil bank ulgamynda häzirki wagtda Altyn-Asyr öýjükli telefonyň, IP-telewideniýäniň  we internet hyzmatyň hem-de ipoteka we sarp ediş karzlaryny üzmek üçin töleglerini geçirip bolýar.
        Adam üçin iň bir gymmat zadyň biri wagt bolup durýar. Bankda döredilen amatly hyzmatlardan peýdalanmak bilen, her bir adam öz wagtyny tygşytlaýar.  
Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi günsaýyn giňeýär we karz edaralarynda hyzmatlaryň täze görnüşleri yzygiderli ornaşdyrylýar.
        Hormatly Prezidentimiziň durmuş syýasatyndan ugur alyp, ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ilaty üçin goşmaça iş   orunlary döredilýär, ipoteka karzynyň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berilýär.  
        Pul ilatyň ýaşaýşy üçin zerur serişdedir. Şonuň üçin hem Hormatly Prezidentimiz ilatyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmek üçin zerur çäreleri işläp düzýär we üstünlikli durmuşa geçirýär.
        Bank hyzmatlarynyň esasy görnüşleriniň biri hem karz amallaryny ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň çäklerinde karz gatnaşyklaryny kämilleşdirmeklige aýratyn üns berilýär. Öňde goýulan maksatlara ýetmek üçin ýurdumyzyň pul-karz syýasaty hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, ilkinji nobatda, pul-karz syýasatynda ýüze çykýar. Üstünlikli geçirilýän ykdysady özgertmeler ýurdumyzyň maliýe durnuklylygyny we maýa goýum işjeňliginiň artmagyny üpjün edýär, şeýle-de bank ulgamyny ösdürmäge esas döredýär.
         2017-nji ýylyň 7-nji iýulynda  hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap aýlyk zähmet haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak barada Permana gol çekdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen belent ynsanperwerlige esaslanýan ýörelgesiniň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.
         Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky,  geljek-de alyp barýan işlerini mundan beýläk-de ösdürip, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň oba senagat toplumyny ýokary düşewüntli pudaga öwrülmegine  mynasyp goşant goşar.
Biz hünärmenlere ösen innowasion tehnologiýalary peýdalanmak arkaly halkymyza hyzmat etmäge, işlemäge şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýaryn. Mähriban halkyny asuda, agzybir we eşretli durmuşda ýaşadýan, Türkmenistan döwletimiziň günsaýyn pajarlap ösmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary edýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag,  ömri uzak, belent başy aman bolsun,  beýik tutumly işleri  elmydama  rowaç alsyn!

Altyn Durdyýewa.,
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik
bankynyň Amallara gözegçilik we maliýe
monitoringi bölüminiň başlygy

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 17.12.2017 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy