TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLILIK, DÖREDIJILIK PIKIRLERINIŇ MEKANY

20.04.2018

TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLILIK, DÖREDIJILIK PIKIRLERINIŇ MEKANY

Geçen hepde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy üstünlikleri bilen diňe ýurdumyzyň  däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň taryhyna hem girer, olar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hem-de milli Liderimiziň halkara giňişlikde aýratyn abraýyna şaýatlyk edýär.
          Şeýlelikde, Birleşen milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolan 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde her ýylyň 3-nji iýunynda belleniljek “Bütindünýä welosiped güni”  hem-de “Birleşen milletler guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Olaryň taslamalary milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanyldy.
         Bu hoş habar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmekde gyzyklanma bildirýän döwletler hem-de abraýly halkara guramalar bilen işewür hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň parahatçylygy, döredijiliklidigi we üstünlikliligi üçin halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Bu syýasat Merkezi we dünýäde geosyýasy deňagramlylygy, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm şerti bolup çykyş edýär.
    
       Türkmen döwlet habarlar agentligi

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 27.05.2018 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy