Medeniýet hepdeligi — 2018: dabaraly jemlenme

Medeniýet hepdeligi — 2018: dabaraly jemlenme 27.06.2018

Medeniýet hepdeligi — 2018: dabaraly jemlenme

Türkmenistan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi belleýär. Ahal jülgesinde, “Nowruz ýaýlasynyň ak öýünde” Medeniýet hepdeligi — 2018-iň ýapylyş dabarasy hem-de bu baýramçylyk mynasybetli sungat ussatlarynyň gala-konserti boldy.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilen köp sanly baýramçylyk çäreleri türkmen halkynyň şanly taryhy hem-de baý medeni mirasy bilen bitewülikde onuň ruhy taýdan galkynmagynyň many-mazmunyny açýar.

Baýramçylyk çäreleri Aşgabadyň taryhy künjeginde, şäheriň esasy ýollarynyň biriniň — beýik şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşen Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanyndan başlandy. Bu ýerde beýik akyldar şahyryň ýadygärligine gül desseleri goýuldy.

Öz zehinini öçmejek umumadamzat gymmatlyklaryna bagyşlan Magtymguly dünýäniň ruhy ösüşinde ähmiýetli şahslaryň biridir. Milletiň aň-düşünjesi, eýe bolan edebi dili, ynsanperwer şahyryň maksady, türkmen halkynyň sarpa goýýan nurana, ajaýyp, gowy zatlary hem-de ruhy we ahlak-estetiki gözlegleriniň many-mazmuny hem-de kalby onuň döredijiligi bilen baglydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu baýramçylyk mynasybetli watandaşlarymyza, medeniýet we sungat işgärlerine iberen Gutlagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmeginiň özboluşly manysynyň bardygyny belledi. “Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy ýurdumyzyň ähli medeniýet we sungat işgärleriniň ruhy halypasydyr. Pyragynyň paýhasy ähli döredijilik işgärleri üçin nusgalyk mekdepdir” diýip, milli Liderimiz öz Gutlagynda nygtady.

Şu gün adamlaryň ýüzlerçesi Aşgabadyň gözel künjegine ýygnandy. Bu ýerde beýik Pyragynyň heýkeli suw çüwdürimleriniň arasynda seleňläp görünýär.

Ýadygärligiň etegine, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül çemeni goýulýar. Bu Magtymguly Pyragynyň şahyrana we öňdengörüjilikli zehinine, raýatlyk edermenligine hem-de ganatly setirlerinde wasp eden Watana bolan söýgüsine tagzym etmegiň nyşanyna öwrüldi.

Soňra hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy hem-de deputatlar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, din wekilleri, hormatly ýaşulular, ylym hem-de medeniýet işgärleri, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar we ýurdumyzyň myhmanlary ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdular.

Ýadygärligiň etegine, göýä, haly ýazylan ýaly görnüşi emele getirýän ajaýyp gül desseleri halkymyzyň milletiň beýik ogluna söýgüsiniň we çäksiz hormatynyň beýanyna öwrüldi.

Açyk asmanyň astyndaky taryhy-çeper muzeýde — nesilleriň we döwürleriň arabaglanyşygyny, müňýyllyklaryň içinden geçip gelen belent ruhy medeniýetiň dowamlylygyny alamatlandyrýan paýtagtymyzyň “Ylham” seýilgähinde hem gül goýmak dabarasy boldy.

Soňra dabaralar Ahal welaýatynda dowam etdi, bu ýerde Medeniýet hepdeligi — 2018-iň ýapylyş dabarasy hem-de uly baýramçylyk konserti boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bu giň gerimli döredijilik forumy birnäçe ýyl bäri ynsanperwer häsiýetli möhüm çäre bolup, ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça işleriň gerimini giňeltmäge ýardam edýär.

Ahal welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwer maksatlaryň bähbidine ýurdumyzda guralýan şeýle çäreleriň hatarynda nobatdaky möhüm halka bolup durýar.

Giň gerimli sungat baýramçylygynyň her güni türkmen medeniýetiniň genji-hazynasyna aralaşmaga mümkinçilik berýän hem-de döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşinde onuň ornuny hem-de ähmiýetini açyp görkezýän dürli çärelere beslendi.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýylyň Medeniýet hepdeligi däpleri aýawly saklamak, olary ösdürmek meselesine aýratyn ünsi çekip, medeniýet we sungat ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geljekki hereketleriň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, şeýle hem onuň wekilleriniň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam etdi.

Ahal welaýatynda birnäçe günüň dowamynda geçirilen köp sanly çäreler ýurdumyzyň iň gowy döredijilik güýçlerini birleşdirdi, olar milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ähli ugurlaryny açyp görkezdi. Çärelere halypalaryň, şeýle hem sungat ýoluna täze düşen artistleriň hem-de çagalar toparlarynyň gatnaşmagy dowamatlylyk mekdebiniň öçmejek ähmiýetiniň subutnamasyna öwrüldi. Şonuň netijesinde milli medeniýetimiz öz köpdürlüliginde özboluşlylygyny saklap gelýär.

Hepdeligiň çäklerinde welaýatyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzyň medeni merkezlerinde hem-de açyk sahna meýdançalarynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalaryň, belli döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ýatdan çykmajak konsertler we çykyşlar guraldy. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de “Türkmen jigitleri” toparynyň çapyksuwarlarynyň Döwlet sirkinde ahalteke bedewleri bilen bilelikde görkezen çykyşlary baýramçylyga özboluşly milli öwüşgin çaýdy.

Muzeýlerde we kitaphanalarda, medeniýet öýlerinde şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň gazananlaryny, ýurdumyzyň dürli sebitleriniň ýadygärliklerinde arheologlaryň ýüze çykaran täsin tapyndylary görkezildi. Sergileriň esasy mowzugy halkymyzyň baý taryhy geçmişi bolup, milli düşünjäniň köp asyrlyk tejribesine, ata-babalarymyzyň ruhy mirasynyň beýikligine çuňňur düşünmäge ýardam edýän eserlerde öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyzyň neşirýat önümleri, şol sanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri forumyň barşynda giňden görkezildi, şolaryň hatarynda milli medeniýetimize bagyşlanan eserler az bolmady. Olar çuňňur mazmuny bilen tapawutlanýan hem-de milli medeni baýlygymyzyň ähmiýetini düzýän eserlerdir.

“Ak bugdaý” milli muzeýinde, Ahal welaýat kitaphanasynda, “Gökdepe” milli muzeýinde, Döwlet çeperçilik akademiýasynda, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen maslahatlar taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak, öwrenmek we dünýä ýaýmak ýaly möhüm meselelere bagyşlandy.

Gökdepe etrabynyň Yzgant obasy döredijilik forumynyň geçirilen günleri belli halk bagşy-sazandalary, şahyrlary, türkmen halk sazyny we nusgawy goşgularyny wagyz edijileri birleşdirdi. Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde çeper okaýyşlar, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden bagşylaryň çykyşlary guraldy. Ahal welaýatynyň bu künjegi Türkmenistanyň gadymy aýdym-saz merkezleriniň biridir. Bu ýerde sungat ussatlarynyň ençemesi kemala geldi, halkymyz görnükli bagşylaryň atlaryny hakydasynda hemişelik saklap, olar barada rowaýatlary we aýdymlary düzýär. Ýurdumyzyň her sebitinde türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty uzak geçmişden gözbaş alýan hem-de häzirki döwürde ösüşine eýe bolýan häsiýetli aýratynlyklaryna, döredijilik mekdebine eýedir, munuň şeýledigini döredijilik çäresine gatnaşyjylar öz çykyşlarynda ajaýyp beýan etdiler.

Milli mirasymyzyň ýene bir gymmatlygy bolan küştdepdi tansy medeni mirasymyzy aýawly saklamak we wagyz etmek boýunça işleriň döwlet derejesinde geçirilmegi netijesinde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Änew şäheriniň Medeniýet öýüniň sahnasynda ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan gelen folklor-tans toparlary Türkmenistanyň özboluşly nyşanyna, her bir milli baýramçylygyň hem-de daşary ýurtlarda türkmen sungaty bilen tanyşdyrmagyň aýrylmaz bölegine öwrülen gadymy dessur tansyna goýýan sarpalaryny açyp görkezdiler.

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda uly şygryýet, halk döredijiligi baýramçylygy geçirildi. Wekiliýet etrabyň merkezindäki Magtymguly Pyragynyň muzeýine baryp gördi, türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik ussadynyň watany bolan Gerkez obasynda beýik şahyryň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Dabaraly çärelere gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Magtymgulynyň şahyrana mirasy türkmen halkynyň dünýä edebiýatyna uly goşandydyr. Bu miras diňe bir milli buýsanç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň hemme halklarynyň hem çeper gymmatlygy bolmaga mynasypdyr.

Forumyň çäklerinde sahna ussatlary öz işlerini, şol sanda ilkinji gezek hödürleýän işlerini görkezdiler. Kaka etrabynyň halk teatrynyň “Sogap ýoly” eseri hepdeligiň teatr çykyşlarynyň hataryna goşuldy. Artistler Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýüniň sahnasynda orta asyrlarda kerwenli Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşan maşgalanyň ykbaly barada gürrüň berdiler.

Däp boýunça döredijilik işgärleriniň hünär baýramyna gabatlanylyp, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Hüýrlukga — Hemra” atly täze opera oýny görkezildi. Ajaýyp özboluşlylygy bilen tapawutlanýan sahna eseriniň esasynda meşhur dessandaky wakalar goýuldy. Bu oýny döredenler milli öwüşginleri hem-de halk döredijilik usullaryny opera eseriniň aýdym-saz diline geçirip, halkylyk aýratynlygyny sakladylar. Onda ussat artistler bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň döredijilik ugurly okuw mekdepleriniň talyplary hem çykyş etdiler. Opera beýan etmegiň ertekilere çalymdaş esasyny ýüze çykarýan, umumadamzat gymmatlyklary bolan söýgini, ýagşylygy, edermenligi hem-de ynsaplylygy, wepalylygy we hormat-sarpany wasp edýän hor hem-de horeografiýa usullarynda ýerine ýetirilen wakalara baýdyr.

Sahna eseri joşgunly ýagdaýda häzirki döwrümize, ony dörediji, sungatyň howandary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan aýdym bilen tamamlandy.

Medeniýet hepdeligi — 2018-iň çäklerinde bu möhüm çärelerden başga-da, köp sanly duşuşyklar, ussatlyk sapaklary hem-de döredijilik pikir alyşmalar geçirildi.

Döredijilik çäresine gatnaşyjylara welaýatyň çäklerinde ýerleşýän täsin we binagärlik arheologiýa ýadygärliklerine gezelenç etmäge, bu künjegiň tebigy gözellikleri barada öz dünýägaraýyşlaryny artdyrmaga mümkinçilik döredildi.

Döredijilik forumyna gatnaşyjylar orta asyryň Seýit Jemaletdin metjidine hem-de Paryzdepä baryp görenlerinde, türkmen halkynyň gadymy taryhynyň we özboluşly medeniýetiniň baý mirasyna baha bermek bilen birlikde, alymlaryň işleriniň netijeleri bilen tanyşdylar. Bu işler Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşen taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek boýunça 2018 — 2021-nji ýyllarda ylmy-barlag we arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Däpler we häzirki döwür sazlaşykly ýagdaýda ajaýyp döredijilik çemenine öwrüldi. Şeýle sowgady forumyň jemleýji çäresi bolan sungat ussatlarynyň gala-konsertine gatnaşyjylar tomaşaçylara bagyş etdiler. Gala-konsert Ahal ýaýlasynda, “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda geçirildi. Şu gün bu ýere hökümet agzalary, Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar, daşary ýurtly myhmanlar ýygnandy.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Gutlag sözleri, parahatçylyk we dostluk ugrunda ösüşlere beslenen syýasaty alyp barýandygy, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeniýetini öwrenmäge, milli maddy we ruhy mirasy gorap saklamaga hem-de wagyz etmäge, häzirki zaman sungatynyň gülläp ösmegine ýardam berýän iri möçberli çäreleriň durmuşa geçirilýändigi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözleri ýaňlandy.

Konsert “Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty” edebi-sazly çykyş bilen açyldy, onda bu baradaky gürrüňler öz beýanyny tapdy. Artistleriň çykyşlary bilen birlikde, türkmenleriň ruhy mirasynyň baýlygyny, täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň medeniýetiniň ösüşini beýan edýän wideoşekiller görkezildi.

Soňra bu ýerde belent heňde we dabaraly ýagdaýda “Belent başyň aman bolsun, Arkadag!” diýen täze aýdym ýaňlandy.

Bu ýere ýygnananlaryň ýüreklerinde buýsanç duýgusyny döreden milli Liderimize bagyşlanan döredijilik eseri oňa gatnaşyjylaryň ör turmagynda joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Bagşy-sazandalar, halk döredijilik toparlary tomaşaçylara ýokary ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny sowgat etdiler. Olaryň çykyşlary häzirki zaman aýdym-saz eserleri hem-de horeografiýa çykyşlary bilen utgaşyp, döredijilik işleriniň dowamatlydygyny äşgär etdi.

Konsertde söýgi aýdymlary, şol sanda nusgawy milli şygyr we saz eserlerinden heňler ýaňlandy. Milli mirasymyza bagyşlanan döredijilik eserleri çykyşlary bezedi. Tomaşaçylar Nury Halmämmedowyň meşhur “Nar agajy” eseriniň döwrebap görnüşde ýerine ýetirilişini mähirli kabul etdiler. Bu ajaýyp çykyş häzirki zaman saz gurallarynda milli saz sungatynyň özboluşlylygynyň, türkmen halkynyň döredijilik taýdan pikirlenişiniň örän häsiýetli taraplarynyň näderejede mynasyp öwüşgin tapandygyny görkezdi.

Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen “Perwana boldum indi” aýdym hem täzeçe röwüşde ýerine ýetirildi. Bu aýdym ýaňlananda utgaşyklykda beýik akyldar şahyr, onuň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly ýerler baradaky baý mazmunly wideoşekiller görkezildi.

Şahyrana, şowhunly, ýerine ýetirijileriň baý duýgularyna beslenen aýdym-sazly we horeografiýa görnüşli sahna eserleri köptaraply milli sungatyň aýratynlyklaryny şöhlelendirip, olara tomaşaçylar tarapyndan agzybirlikli el çarpyşmalar bilen mynasyp baha berildi.

Ahal welaýatyndan 2019-njy ýylda bu giň gerimli sungat forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilen ýeri bolan Balkan welaýatyna Medeniýet hepdeligini geçirmek gezeginiň berlişi konserte gatnaşyjylar tarapyndan döredijilikli ýerine ýetirildi.

Döwürleriň we nesilleriň bitewi arabaglanyşygynyň özboluşly nyşany bolan gadymy küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilmegi gala-konsertiň jemleýji iň täsirli bölegine öwrüldi. Baýramçylyk “Bagtyýarlyk aýdymy” diýen täze aýdym bilen tamamlandy. Ol milli medeniýetiň we sungatyň hakyky gülläp ösüşiniň eýýamy bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň senasy bolup ýaňlandy. Onuň dabaraly sazynyň astynda monitorlarda döwrümiziň döredijilik gadamlaryny, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň üstünliklerini beýan edýän şekiller görkezildi. Baýramçylyga gatnaşyjylar bu ajaýyp watançylyk aýdymyny söýgüli Watanymyza bolan aýratyn buýsanç duýgusy bilen ör turup diňlediler.

Ajaýyp baýramçylyk konserti türkmen halkyny täze zähmet ýeňişlerine we döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýan hem-de bu ugurda birleşdirýän sungatyň beýik güýjüne dabaraly waspnama bolup ýaňlandy.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda häzir bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolan eziz Diýarymyzyň medeniýet we sungat ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alyp barýan syýasaty, ýurdumyzda döredijilikli işlemäge hem-de döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmäge örän amatly şertleriň döredilendigi, döredijilik forumyny ýokary derejede geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar milli medeniýetimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmek üçin, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine, ata Watanymyzy şöhratlandyrmak ugrunda öz ähli güýjüni, zehinini we döredijilik ylhamyny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.



Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 23.07.2018 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy