Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldanylýar

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi döwlet  tarapyndan goldanylýar 30.11.2018

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldanylýar

       Hormatly Prezidentimiziň Beýik özgertmeler zamanasynda ýurdumyzda  hususy telekeçiligi ösdürmeklige  döwlet tarapyndan goldawlaryň berilmegi netijesinde olaryň ýurdyň jemi içerki önümdäki paýy has-da ýokarlanýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda  öndürilýän önümiň bir bölegi döwlete degişli bolmadyk hususy telekeçiler tarapyndan öndürilýär. Munuň özi bolsa ýurdumyzda telekeçiler üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň, ýeňillikleriň hem-de döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesidir.
        Türkmenistanyň Prezidentiniň  “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda”  2012-nji ýylyň 20-nji iýulynda çykaran 12446  belgili kararyna laýyklykda harytlary we önümleri öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek arkaly telekeçilik işini amala aşyrýan hususy kärhanalaryň, telekeçileriň önümçiligi ösdürmek we täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalary esasy serişdeleri satyn almak üçin 10 ýyla çenli we  dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli möhlet bilen ýeňillikli şertlerde, ýyllyk 5 göterim bilen karzlaşdyrylýar.
Şoňa laýyklykda hem Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky öz işini milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny ösdürmeklige gönükdirmek bilen, oba hojalyk önümçiliginde peýdalanmak üçin  täze ýerleri özleşdirmek we ulanyşdan galan ýerleri dikeltmek, gurallaryny satyn almak, mal ýataklary, fermalary, kiçi-önümçiligi gurmak, mallary, öý guşlaryny, ot-iýmleri, weterinariýa derman serişdeleri, ösümlikleri goramagyň himiki serişdelerini, tohumlary, şitilleri, agaç nahallaryny satyn almak, şeýle hem önümçiligiň beýleki görnüşlerini karzlaşdyrmak işlerini amala aşyrýar.
Ýokarda agzalan maksatlary amala aşyrmak bilen bagly maýa goýum taslamalarynyň 15 göterimi telekeçileriň öz hususy serişdeleriniň we galan 85 göterimi karz serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär.
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan häzirki wagtda görkezilen karara laýyklykda  431 sany müşderlere karzlar berildi we  849 sany täze iş orunlar döredildi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň  “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda çykaran 942 belgili kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň ygtyýarly banklaryna daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, oba hojalyk ylmy –barlag institutlaryna, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz ýuridik şahslara-dahyllylara oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, olaryň ulanyş möhletlerinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her ýylda deň paýlarda yzyna gaýtarmak şertinde hem-de maldarçylygy we guşçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete ýeňillikli karzlary bermäge ygtyýar berildi.      
Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini goldamak üçin kabul eden çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri doly we dogry berjaý etmek üçin bank tarapyndan ähli zerur çäreler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň özeni bolup duran kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek bilen baglanyşykly amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleriň netijesinde  ýurduň ykdysadyýetiniň has ýokarlanmagyna, içerki bazarlarymyzda harytlaryň bolçulygynyň döredilmegine we hyzmatlaryň elýeterli bolmagyna, täze iş orunlaryny döredilmegine hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has hem gowulanmagyna uly itergi berer.


Hususy kärhanalary we telekeçileri
karzlaşdyrmak bölüminiň başlygy                                                                                 Ataballyeýew H.

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 15.12.2018 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy