Ýurdumyzyň pagta hasylyny öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Ýurdumyzyň pagta hasylyny öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. 30.11.2018

Ýurdumyzyň pagta hasylyny öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy ykdysady, medeni we syýasy taýdan ösdürmek bilen ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini  has-da kuwwatlandyrmak barada, şol sanda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatynda  ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Halk  Maslahatynyň 1-nji mejlisinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri    has-da kämilleşdirmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrebap usulda guramak, oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek hem-de ýer we suw  serişdelerini netijeli peýdalanmak bilen bagly birnäçe wajyp kararlar kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda”, “Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda” we “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” kararlaryň kabul edilmegi bolsa, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy  usullary ornaşdyrmaklyga, ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmaklyga hem-de oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş  şertlerini has-da gowulandyrmaklyga hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine giň ýol açdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda” 2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-ne çykaran 935 belgili kararyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň bugdaý hasylyndan başlap, bugdaýyň her tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 800 manat möçberinde, 2018-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan başlap, pagta hasylynyň el bilen ýygylmagy üçin bahany nah pagtanyň bir kilogramyna 60 teňňe we ýüpek pagtanyň bir kilogramyna 80 teňňe möçberinde hem-de 2019-njy ýylyň pagta hasylynyň bir tonnasyna döwlet satyn alyş bahalarynyň ýokarlandyrylmagy önüm öndürijilerimiziň başyny göge ýetirdi.
Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada döwlet tarapyndan edilýän ýadawsyz aladalaryň netijesinde ýurdumyzda her  ýylda uly üstünlikler gazanylýar we şu ýylda hem ýurdumyzyň pagta öndürijileri tarapyndan Watan harmanyna 1 050 müň tonnadan gowrak pagta hasyly tabşyrylyp, pagta öndürmek barada bellenilen meýilnama welaýatlarymyzyň ählisinde üstünlikli ýerine ýetirilip, ajaýyp zähmet üstünlikleri gazanyldy.
     Şunuň netijesinde, 2018-nji ýylyň pagta hasylynyň el ýygymy boýunça hasaplaşyklar pagta ýygymynyň dowamynda guramaçylykly alnyp baryldy hem-de pagtanyň el ýygymy boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda amala aşyrmagy, pagtaçy kärendeçilerimiziň gaýratly zähmet çekip, pagta hasylynyň öz wagtynda ýygnalmagyna uly goldaw berdi.
          Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi barada berýän tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli daýhan birleşiklerinde häzirki wagtda şu ýylyň pagta hasylyny öndüriji kärendeçiler bilen gutarnykly hasaplaşyklar  geçirilýär.                
          2018-nji ýylyň pagta hasylyny öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň  şu ýylyň noýabr aýynda geçirilip başlanylmagy we pagta öndüriji kärendeçilerimiziň ýyl boýy arman-ýadaman zähmet çekip gazanan halal zähmet haklarynyň olara hiç bir bökdençsiz  öz wagtynda berilmegi bolsa, her bir türkmen daýhanynyň öýünde uly şatlyk döretdi hem-de kärendeçilerimiziň halal zähmede bolan howeslerini has-da ýokarlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna berýän goldawlarynyň netijesinde  ýurdumyz  boýunça bugdaý we pagta hasyllarynyň öndürilişi artýar we şonuň netijesinde bolsa oba hojalyk önümlerini öndüriji babadaýhanlarymyzyň  girdejileri     has-da köpelip, olaryň durmuş-ýaşaýyş ýagdaýlary barha gowulanýar.
     Ýurdumyzyň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hakynda edýän ýadawsyz aladalary üçin oba hojalyk önümlerini öndüriji  kärendeçiler Milli Liderimize çyn ýürekden çykýan minnetdarlyklarynyň we hoşallyklarynyň çägi ýok.
Goý, türkmen halkymyzy bagtyýar durmuşda bolçulykly ertirlere alyp barýan  Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!


Oba hojalyk önümçiligini karzlaşdyrmak
bölüminiň başlygy                                                                                 Nederow N.

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 15.12.2018 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy