Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy 10.01.2019

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, şol ýerde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri kärhanasynyň — Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Bu maýa goýum taslamasy Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädimdir. Pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek şol maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bu ulgamda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak işiniň depginini çaltlandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de eksport kuwwatyny artdyrmaga ýardam etmelidir. Umuman, bularyň ählisi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam eder.

Irden hormatly Prezidentimiz awtoulagda täze senagat kärhanasyna geldi. Bu kärhanany şu ýyl ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gysgaça maslahat geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň energetiki strategiýasynyň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagynyň ýakyn geljegi üçin wajyp wezipeleri kesgitlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz toplumyny, şol sanda gazy gaýtadan işleýän ulgamy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sarp edijileriniň uly isleginden peýdalanýan nebit we gazhimiýa önümleriniň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, olaryň görnüşlerini giňeltmek, ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurt maýasyny çekmek maksady bilen, amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşyk-gurnama işleriniň doly tamamlanandygy barada hasabat bermek bilen, milli Liderimize täze kärhananyň deslapky synaglaryny başlamaga ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly çig mal serişdeleri, senagat hem-de ylmy kuwwaty bilen milli ykdysadyýetimizde esasy orunlaryň birini eýeleýändigini nygtady. Bu pudakda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň döwrebap tehnikalaryň ulanylmagy ýurdumyzyň senagatynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösmegini üpjün eder, Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrar.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda dünýäde ýeke-täk bolan, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki benzini öndürýän täsin zawodyň gurulmagynyň ähmiýeti bellenildi. Bu kärhana Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ep-esli giňeltmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere kärhanada geçirilýän goýberiş-sazlaýyş işlerini hemişe gözegçilikde saklamagy, olaryň halkara ülňülere laýyk gelmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem pudagyň döwrebap kärhanalarynda işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns bermegi talap etdi.

Tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň direktory D.Sapbaýew taslamany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary hem-de täze senagat toplumynyň desgalaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna täze desga barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän suratly hem-de tehnologik çyzgyly planşetler hödürlenildi.

Zawod «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen gurulýar. Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde degişli Ylalaşyga gol çekilendigini ýatladýarys. 2014-nji ýylyň awgust aýynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda kärhananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap gazhimiýa toplumynda her ýyl “mawy ýangyjyň”

1 milliard 785 million kub metri gaýtadan işleniler hem-de «Euro-5» standarty boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 (RON-92) kysymly benziniň 600 müň tonnasy çykarylar, şeýle hem 12 müň tonna dizel ýangyjy we 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndüriler. Bu maýa goýum taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna golaýdyr. Ony maliýeleşdirmäge Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy banky (JBIC) gatnaşýar. 2019-njy ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän kärhananyň işe girizilmegi bilen goşmaça iş orunlarynyň 800-e golaýy dörediler.

Onuň düzüminde esasy dört tehnologik desga — gazy sintezleýji, sintez metanol öndürýän, sintez benzin öndürýän, awtomobil ýangyjynyň hilini ýokarlandyryjy desgalar bar. Işleriň hemmesi awtomatlaşdyryldy we merkezleşdirilen dolandyryşa tabyndyr. Şeýle hem tehnologik iş üçin zerur bolan zatlary, ýagny gysylan howa, azot we kislorod ýaly önümleri öndürmek boýunça kömekçi gulluk hereket edýär. Tehnologik kondensaty arassalamak boýunça desgalar, elektrik beketleri we beýlekiler bar.

Zawodyň direktorynyň habar berşi ýaly, kärhananyň işgärleri hem-de hünärmenleri täze enjamlarda işlemek üçin okuwlary geçdiler we goýberiş- sazlaýyş işlerini geçirmäge doly taýýardyr. Ýangyç-energetika toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza şeýle döwrebap düzümleýin desganyň gurlandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Bu ýerde işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli amatly şertler dörediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärhananyň taslama kuwwatyna çykmagynyň hem-de onuň ähli mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynyň hünärmenleriň hünär derejesine gönüden-göni baglydygyny aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň Ahal welaýatynda gurulýan täze kärhanasynyň köp görkezijiler babatda örän täsindigini bellemelidiris. Bu ýerde dünýä tejribesinde ilkinji gezek senagat möçberlerinde tebigy gazy suwuk ýangyja öwürmek işi amala aşyrylar. «GTG-Gas to gasoline» taslamasy Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan TIGAS TM tehnologiýasyna esaslanýar. Munuň özi ýokary netijeli katalizatorlar bilen utgaşyklykda ýokary hilli benzini öndürmäge mümkinçilik berýär. Şunda energiýa serişdeleri az möçberde harçlanýar hem-de daşky gurşawa täsiri peselýär.

Sintetiki benzin nebiti gaýtadan işlemekden alynýan adaty benzine alternatiw ýangyç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, energiýa serişdeleriniň täze görnüşi bolup durýar. Bu ýangyç hereketlendirijiniň gurluşyny üýtgetmezden, awtomobil ýangyjy hökmünde ulanylyp bilner, mundan başga-da, şepbeşik nebite goşmak hem-de nebiti gaýtadan işlemekden alnan benzin fraksiýalary bilen garyşdyrmak üçin ulanylýar. Munuň özi ýangyjyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Gurulýan zawod ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen ägirt uly himiýa barlaghanasyny ýatladýar. Gazy dizel ýangyjyna öwürmek işi tehnologiýa desgalarynyň tutuş toplumynyň, ilkinji nobatda bolsa, tebigy gazy düýpli arassalamak, sintez-gazy, metanoly almak, şeýle hem benzini almak we arassalamak boýunça desgalaryň gurulmagyny talap etdi. Şeýle «barlaghanada» örän ýokary temperaturada we basyşda çylşyrymly himiki reaksiýa — gazy suwuk uglewodorodlara öwürmek işi amala aşyrylýar.

Taslamanyň menejeri, «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň wekili Keý Noumura döwlet Baştutanymyzy sintetiki suwuk uglewodorodlary almagyň esasy tapgyrlary bilen tanyşdyrdy. Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, tebigy gazdan benzin öndürmegiň tehnologiýasy degişli enjamda, barlaghana şertlerinde üstünlikli synagdan geçirildi. Ine, indi bolsa, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli çözgüdi netijesinde dünýäde ilkinji gezek GTG tehnologiýasy Türkmenistanda täjirçilik möçberinde amala aşyrylýar.

Ilki bilen, esasy turbageçirijiden gelip gowuşýan tebigy gaz goşundylardan (kükürtden we düzüminde kükürt bolan beýleki maddalardan) arassalanylar. Soňra «mawy ýangyç» katalizatoryň kömegi bilen wodorod (H) hem-de uglerodyň monooksidi (CO) ýaly maddalara bölünýär. Bu «kerpiçjikler» katalizatora baglylykda islendik uglewodorod önümini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Awtotermiki reforming reaktory sintez-gazy öndürmekde esasy enjam bolup durýar. Şunda ýene-de bir goşundy zerurdyr. Ol bolsa howa paýlaýjy desgada öndürilýän arassa kisloroddyr. Arassa kislorod we tebigy gaz reaktora iberilýär, şol ýerde Selsi boýunça 1000 gradusdan hem ýokary temperaturada olar ýanýar. Şeýle reaksiýa ekzotermiki hadysa bolmak bilen, bölünip çykýan ýylylyk bugy öndürmek üçin ulanylýar.

Soňra gaz bu ýerde ýörite sowadyjylardan geçip, ýokary basyşyň astynda metanoly sintezleýji reaktora gelip gowuşýar. Soňra bolsa metanol alty reaktordan ybarat bolan benzini sintezleýji bölüme ugradylýar. Şol ýerde arassalamak, fraksionirlemek, regenerasiýa, ahyrky önümiň hilini gowulandyrmak we benzine öwürmek boýunça amallar ýerine ýetirilýär. Şu reaktorlaryň içinde hem ýörite katalizatorlar ýerleşýär.

Umuman, tehnologik zynjyryň bölegi benzini öndürmegiň däp bolan tehnologiýasyna meňzeşdir — onuň izomerlemegi hem-de ýeňil we agyr fraksiýalara bölünmegi bolup geçýär. Ýeňil benzin taýýar önümler üçin niýetlenen üç rezerwuara gelip gowuşýar. Şolaryň her biriniň göwrümi 18 müň kub metre barabardyr. Agyr fraksiýalar bolsa gaýtadan işlemek üçin yzyna ugradylýar.

Zawodda eýýäm suwy arassalamak, bug we elektrik energiýasyny öndürmek ulgamlary synagdan geçirildi. Bu desgalar «Türkmengaz» döwlet konserniniň inženerleri tarapyndan üstünlikli ulanylýar. Häzirki döwürde benzin öndürýän desgada synag işlerine içgin taýýarlyk görülýär.

«Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň wekili tanyşdyryşlygy tamamlap, kompanisynyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimizi zawodda hemme işleriň ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň iri korporasiýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen aýdyp, häzirki wagtda bu işewür gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny, köp ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belledi.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum maksatnamalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň senagat ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen okgunly ösdürmäge gönükdirilendigi olaryň esasy aýratynlygy bolup durýar. Özüniň ykdysady we ylmy-tehniki kuwwaty boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Ýaponiýanyň bu babatdaky tejribesi biziň üçin örän peýdalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň gatnaşmagynda sintetiki benzin öndürýän zawodyň gurluşygy baradaky giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň halk hojalyk toplumynyň strategiki pudaklarynyň biriniň kuwwatyny artdyrmakda möhüm ädim boljakdygyny belläp, ýurdumyzyň ýapon işewürliginiň esasy wekilleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga hem-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň geçirýän işleri barada hasabat berdi. Energetika diplomatiýasy döwlet Baştutanymyzyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň döwrebap binýadyny döretmäge degişli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek şol işleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu strategik taýdan möhüm ulgamda giň halkara hyzmatdaşlyk, gatnaşyjylaryň ählisiniň — energiýa serişdelerini iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň sazlaşygy esasynda köptaraply energiýa ulgamyndaky gatnaşyklary dünýä ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwürmäge ýardam etjek täze usullary işläp taýýarlamak, energiýa çeşmelerine we olary eltmegiň serişdelerine deňhukukly, bökdençsiz we kepillikli elýeterliligini üpjün etmek ugrunda çykyş edýär.

BMG-niň belent münberinden döwletimiziň ýokarda agzalyp geçilen meseleler boýunça garaýyşlaryny ençeme gezek beýan eden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary halkara bileleşigiň doly goldawyna we ykrarnamasyna eýe boldy. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen degişli Kararnamada berkidildi.

Energetika hem-de bu ulgamda üçünji müňýyllygyň ýagdaýlaryna laýyk gelýän ählumumy energiýa howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny hem-de hyzmatdaşlygyň halkara-hukuk binýadyny döretmäge degişli meseleler Türkmenistanda geçirilýän halkara forumlarda ençeme gezek ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunda Energetika Hartiýasy bilen hyzmatdaşlygy aýratyn bellemek gerek. 2014-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen paýtagtynda bu ýöriteleşdirilen düzüm bilen bilelikde “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly forum guraldy hem-de şu mesele boýunça bilermenleriň birinji halkara duşuşygy geçirildi.

Häzirki wagtda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin onuň meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmek zerur bolup durýar. Başgaça aýdylanda, energetikanyň meseleleriniň tutuş toplumyny yzygiderli ara alyp maslahatlaşmak üçin özara gatnaşyklaryň syýasy ugruny hem-de guramaçylyk şertlerini döretmegiň guralyny işläp taýýarlamak wajypdyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite edarany — BMG-niň Energetika geňeşini hem-de BMG-niň ýanynda energiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça bilermenler toparyny döretmegi teklip etdi. Türkmenistanyň pikirine görä, dünýäniň ykdysadyýetiniň bu ulgamynda häzirki wagtda dörän ýagdaý BMG-niň degişli Konwensiýasyny işläp taýýarlamagy we kabul etmegi talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Halkara Energetika Hartiýasynyň 2017-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasy boýunça Konferensiýasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen forumy energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraply çarçuwaly ylalaşyga tarap ýolda möhüm ädim boldy. Aşgabat forumynyň jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynyň resminamasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinde çap edildi.

Türkmenistan möhüm sebit we dünýä ähmiýetli iri energetika taslamalary bilen ençeme gezek çykyş etdi. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy hem bar. Bu taslama diňe bir ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna goşulyşmagyna, sebitde energetika toplumyny we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döreder.

2018-nji ýylyň martynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde ýörite Kararnama kabul edildi. Onda Türkmenistanyň ulag we energetika ulgamlaryndaky halkara taslamalarynyň, hususan-da, TOPH gaz geçirijisini, Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoluny, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini gurmak baradaky başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenilýär. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň ählisiniň bu taslamalary goldamaga hem-de şolaryň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda aýdylanlary jemläp, energetika ulgamynda gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň XXI asyrda ählumumy ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyz ägirt uly energiýa kuwwatyna eýe bolmak hem-de onyň ählumumy abadançylygyň bähbidine peýdalanmagyna çalyşmak bilen, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar hem-de bu pikirleriň derwaýysdygyny we netijelidigini iş ýüzünde görkezýär. Türkmenistanyň köpugurly energetika düzümini döretmek boýunça durmuşa geçirýän giň möçberli taslamalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bitarap Türkmenistan mundan beýläk hem ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda strategik ähmiýete eýe bolan meseleleri oňyn çözmäge işjeň gatnaşar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz wise-premýere gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisiniň gatnaşmagynda, şol sanda abraýly guramalaryň we düzümleriň çäklerinde energetika ulgamynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Umuman, ýurdumyzyň energetika syýasaty baý tebigy serişdeleri netijeli ulanmaga, dünýäniň energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek bilen birlikde nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektrik energetikasyna degişli iri senagat desgalaryny gurmaga aýratyn üns berilýär.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we maýa goýum ulgamlarynda gatnaşyklaryň esasy meseleleri boýunça hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» gepleşikleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Ýapon tarapy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Öz nobatynda, ýurdumyz Ýaponiýanyň oňyn başlangyçlaryny goldaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy we 2013-nji ýyllarda Ýaponiýa bolan resmi saparlarynyň çäklerinde hem-de 2015-nji ýylda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza bolan resmi sapary mahalynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar netijeli döwletara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin täze sepgitleri açdy. Şonda ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Şunuň netijesinde uzak möhletli geljegi nazara almak bilen dürli ugurda gatnaşyklar üçin ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa bolan iş saparynyň barşynda netijeli gepleşikler geçirildi. Şonuň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça biziň wekiliýetimiziň agzalary Tokioda bu ýurduň hökümetiniň, parlamentiniň, şeýle hem döwlet edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirip, döwletara gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, gazhimiýa senagatynda, elektrik energetikasy, ulag ulgamlarynda, Türkmenistanda demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Şol saparyň barşynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, şol sanda ammiak we karbamid öndürýän, tebigy gazy gaýtadan işleýän we benzin öndürýän zawodlary, fosfor dökünlerini öndürýän kärhanany gurmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge degişli resminamalaryň 8-sine, şeýle hem Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk üçin banky (JIBIC) bilen hyzmatdaşlyk etmek, Türkmenistana «Komatsu» kompaniýasynyň ýer gazýan tehnikalaryny we «Toýota» kysymly awtoulaglary getirmek hakyndaky ylalaşyklara gol çekildi.

Wise-premýer Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ýoiçi Kobaýaşiniň Türkmenistana meýilleşdirilýän sapary barada hem habar berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýaponiýa bilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli, okgunly we dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýtdy.

Meşhur ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şolaryň hatarynda Maryda ammiak we karbamid öndürýän zawodlaryň, Balkan welaýatynda iri senagat toplumlarynyň — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polietilen öndürýän kärhananyň, Garabogazda kaliý dökünlerini öndürýän, Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürýän zawodlaryň gurluşygy bar.

Ýakyn wagtda sintetiki benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň tamamlanmagy hem-de işe girizilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň ýokary netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüler diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de ylym bilen baglanyşykly önümçilikleri döretmäge hem-de öňdebaryjy ýokary netijeli we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, täzeçil işläp taýýarlamalary hem-de nou-haulary işjeň ulanmaga aýratyn üns berjekdigini nygtady. Şu babatda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ugur alan ýurdumyz ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň maýa goýum işjeňligini goldaýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek we maýa goýum işini işjeňleşdirmek hem-de maliýe-bank düzümleriniň, kiçi we orta telekeçiligiň, ylym we bilim ulgamlarynyň ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi. Bu işde nebitgazy gaýtadan işleýän hem-de senagat pudagy ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.

Öz nobatynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň toplumyň işini döwrebaplaşdyrmak, ony häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri çözmäge ylmy taýdan, toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny nygtap, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň degişli fakultetleriniň okuw maksatnamasyna sintetiki ýangyjy öndürýän täze zawodda ulanylýan tehnologiýalary girizmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Uniwersitetiň talyplary bu döwrebap kärhanada önümçilik tejribesini geçse, munuň özi olara gazy gaýtadan işleýän senagatyň tehnologik işini has gowy öwrenmäge we şeýlelikde, bu ulgamda ýokary hünärli hünärmenler bolup ýetişmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz zawodyň esasy önümçilik desgalary bilen tanşyp, geljekki önümçiligiň işiniň dürli ugurlary hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen jikme-jik gyzyklandy.

Hususan-da, hünärmenleriň gürrüň berişleri ýaly, kärhana üçin dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden — ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Gollandiýanyň, Şwesiýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Hindistanyň we beýlekileriň kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary satyn alyndy. Daniýanyň «Haldor Topsoe» hem-de Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy tarapyndan reaktorlar getirildi. Kuwwatly kompressorlary «Mitsubishi» kompaniýasy getirdi. «Ýokogawa» firmasy önümçiligi dolandyrmagyň programma üpjünçiligini amala aşyrdy. Germaniýanyň «MAN» maşyngurluşyk kompaniýasy dizel enjamlary bilen üpjün etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow katalitik riforming desgasyna tarap ugrady. Bu desga tutuş tehnologik işiň merkezi bölegi bolup durýar. Onuň işi barada döwlet Baştutanymyza «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň menejeri — wekili K.Noumuro jikme-jik gürrüň berdi. «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan tehnologiýa benziniň ýokary derejede — 85 göterimden ýokary möçberde çykyşyny üpjün edýär. Suwuklandyrylan uglewodorod gazy ikinji gymmatly önüm bolup durýar. Alynýan önümiň umumy möçberinde onuň paýy 11— 13 göterime golaýdyr. Şeýlelikde, tutuş önümçiligiň ýokary netijeliligi gazanylýar.

Ýokarda aýdylanlar bilen baglylykda, zawodda öndürilýän sintetiki ýangyjyň ekologiýa häsiýetleri babatda örän tapawutlanjakdygyny bellemek zerurdyr. Onda daşky gurşaw üçin zyýanly bolan kükürtli birleşmeler hem, azotly organiki birleşmeler hem bolmaz. Tebigat hem-de adamlaryň saglygy üçin howpsuzlyk çäreleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilelikdäki innowasion önümçilikleri guramak babatda üýtgewsiz talaby bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň hem ekologiýa meselesi bilen sazlaşykda çözülýändigini nygtamalydyrys. Hususan-da, Türkmenistan halkara bileleşigiň zyňyndy bug gazlaryny azaltmak boýunça tagallalaryny goldamak bilen, senagat ulgamynda ekologiýa taýdan arassa hem-de serişdeleri tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ulanmaga geçýär.

Bu ulgamda uly işler amala aşyrylýar, şolar bolsa öz netijesini hem berýär. Muny halkara bilermenleri hem tassyklaýarlar. “BP” britan kompaniýasy özüniň «2018—nji ýyl üçin dünýä energetikasyny statistik synagda (BP,s Statistical Review of World Energy 2018)» birnäçe maglumatlary getirýär. Şolara laýyklykda, 2007-nji ýylda ýurdumyzda atmosfera zyňylan zyýanly galyndylaryň möçberi 30 göterim azaldy. Şunda soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda iri senagat desgalaryň onlarçasy, şol sanda nebitgaz, himiýa, dokma, elektrik energetikasy we gurluşyk senagatynyň desgalary işe girizildi.

Energetika ulgamynda, çaklamalara görä, geljekde dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde tebigy gazyň ähmiýeti has-da artar. Şeýlelikde, “mawy ýangyjyň” ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyz hem halkara energetika bazarynda has möhüm orny eýelär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şundan ugur alnyp, nebitiň we gazyň çykarylýan energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň möçberini artdyrmak boýunça netijeli ädimler ädilýär. Gaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça işler has-da giň gerime eýe bolýar, milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm ulgamynyň kuwwaty yzygiderli artdyrylýar, täze gazhimiýa önümçilikleri gurulýar.

Geçen ýylyň güýzünde Balkan welaýatynda iri senagat toplumlarynyň ikisiniň ulanmaga berlendigini ýatlatmalydyrys. Şolaryň biri — «Garabogazkarbamid» zawody ýylda 1 milliard kub metre golaý tebigy gazy gaýtadan işlär hem-de 1 million 155 müň tonna karbamid dökünini çykarar. Öz nobatynda, Gyýanly şäherçesindäki polimer zawody Hazaryň deňiz ýataklaryndan çykarylýan tebigy gazyň 5 milliard kub metrini gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Onuň ýyllyk kuwwaty ýokary dykyzlykdaky polietileniň 386 müň tonnasyna hem-de dürli görnüşli polipropileniň 81 müň tonnasyna barabardyr.

Ýeri gelende aýtsak, bu taslamalar hem dünýäniň iri kompaniýalarynyň we maliýe düzümleriniň «Mitsubishi Corporation», «TOYO Engineering Corporation», «JBIC» (Ýaponiýa), «LG International Corp», «Hyundai Engineering», «KEXIM» (Koreýa Respublikasy), şeýle hem «Gap Inşaat» hem-de «Çalyk Holding» (Türkiýe) kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gazhimiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygy barada aýdyp, toplumyň ikinji nobatdakysynyň taslamasy işlenip taýýarlanylanda, A-95 kysymly benzini öndürmek üçin mümkinçilikleri göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz zawodda hünärmenleriň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmegiň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň hem-de ýanaşyk ýerleri ýokary derejede abadanlaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ugurdaky giň gerimli işler mundan beýläk hem dowam etdiriler. Şeýle desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyna badalga berler. Zawodlary we fabrikleri bina etmek bilen birlikde, durmuş maksatly desgalar hem gurlar. Munuň üçin ilatyň isleg-arzuwlary nazara alnyp, ýakyn ýyllarda ýerlerde zerur çäreler görler.

Milli Liderimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda şu we beýleki täze desgalarda ýerine ýetirilýän ähli işleriň ýokary hil derejesine laýyk geljekdigine hem-de bellenen möhletde tamamlanjakdygyna ynam bildirip, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de zähmetde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.



Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 19.03.2019 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy