
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasyna» laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynda hem sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bu ugurda banklaryň bäsdeşligini ýokarlandyrmak babatynda netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny, öňdebaryjy halkara tejribeleri esasynda innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky geçen asyryň 20-nji ýyllarynda ýurduň çäginde döredilen ilkinji täjirçilik banklarynyň biri bolup, onuň döredilmeginiň esasy maksady, ýurtda oba hojalyk pudagynyň ösüşine, täjirçilik we önümçilik işi bilen meşgullanýan telekeçileri, hususy kärhanalary ösdürmeklige ýardam bermekden ybarat. Bank tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleriň çäklerinde, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, içerki bazarda azyk bolçulygyny döretmek we ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bagly maýa goýum taslamalaryny karzlaşdyrmak, önüm öndürijilere edilýän bank hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek ýaly durmuş ähmiýetli işler ýokary işjeňlik bilen alnyp barylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň 51 sany şahamçasy we 8 sany bank gullugy öz işjeňligini alyp barýar. Bank tarapyndan ýuridik we fiziki şahslara «Menzilara bank», «Cash-back», «Kiçi göwrümli karz», «Talyp karzy», «Owerdraft karzy», «Toý karzy», «Meleguş pul geçirimi» ýaly birnäçe hyzmatlaryny ýerine ýetirip gelýär. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň dowamynda berlen karzlaryň jemi möçberi 1 306,4 mln. manatdan geçdi, şol sanda döwlete dahylsyz kärhanalara we hususy telekeçilere berlen karzlaryň möçberi 163,3 mln. manada, raýatlara berlen karzlaryň möçberi bolsa 567,0 mln. manada ýetdi. Şu ýylyň birinji çärýeginiň dowamynda bu bank tarapyndan önümçilik we önümçiligi giňeltmek maksatly berlen karzlaryň jemi möçberi 61,3 mln. manatdan geçdi. Mundan başga-da bu bank tarapyndan raýatlara sarp ediş maksatly karzlar hem dowamly berilýär, şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bu bank tarapyndan ýurdumyzyň raýatlaryna berlen sarp ediş maksatly karzlaryň möçberi 313,7 mln. manatdan geçip, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,3 göterim artdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary esasynda raýatlara hususy ýaşaýyş jaýyny satyn almak üçin uzak möhletli karz serişdeleri goýberilýär. 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bu ugur boýunça raýatlara berlen karzlaryň möçberi 253,3 mln. manada ýetdi. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ilatyň erkin pul serişdelerini banka möhletli we talap edilýänçä görnüşli goýumlara çekmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.
Mundan başga-da bu bank tarapyndan sanly ulgamy ösdürmek hem-de elektron söwda hyzmatyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna ýurdumyzyň bank kart ulgamynda hasaba alnan bank kartlarynyň sany 2,1 milliondan geçdi, geçen ýylyň degişli senesi bilen deňeşdirilende 106,0 göterim ýokarlandy. «Internet bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 432,6 müňden geçdi, olaryň sany geçen ýylyň degişli senesi bilen deňeşdirilende 109,8 göterim ýokarlandy, «Mobil-bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany bolsa 16,7 müňe ýetdi, olaryň sany geçen ýylyň degişli senesi bilen deňeşdirilende 113,8 göterim artdy. Hasabat döwründe bankomatlaryň, töleg terminallarynyň, «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» we «Halkbank terminal» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 1,38 mlrd. manada barabar bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,02 esse artdy. Bank tarapyndan şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň dowamynda bankyň www.dayhanbank.gov.tm resmi internet sahypasynyň üsti bilen müşderileriň «Onlaýn-karz» ýüztutmalary arkaly jemi 3,8 müňden gowrak müşderilere berlen karzlaryň möçberi 102,4 mln. manada barabar boldy.
Bankda ornaşdyrylan «Menzilara bank» hyzmaty nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, töleg-hasaplaşyk amallarynyň dessinliginiň üpjün edilmegine ýardam berýär. Fiziki şahslar üçin niýetlenen «Menzilara bank» ulgamy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan hem-de ýurdumyzyň çäginden daşarda saglygynyň barlanylmagy we bejerilmegi zerur bolan raýatlarymyz üçin milli puly daşary ýurt puluna çalyşmaga, şol sanda halkara «VISA», «MasterCard» töleg kartlarynyň hasaplaryny onlaýn görnüşde doldurmaga mümkinçilik berýär. «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmak üçin raýatlarymyz banka bir gezeklik gelip, tölege degişli resminamalarynyň asyl nusgalaryny barlatmaly hem-de daşary ýurt pulunda goýum hasabyny açmak we ulanyjy döretmek barada ýüz tutmaly. Şeýlelik bilen, bankyň www.dayhanbank.gov.tm resmi internet sahypasynyň «Onlaýn töleg geçirmek» bölüminiň üsti bilen sanly hyzmatyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanmak bolýar. «Menzilara bank hyzmaty» ulgamy ýurdumyzyň islendik künjeginden internete birikdirilen enjam arkaly tölegleri geçirmäge, hasaplaryňyzyň galyndysyny barlamaga, olaryň göçürmesini almaga, karzlaryň, depozitleriň töleg tertibini görmäge, karz serişdelerine gözegçilik etmäge, bank bilen onlaýn tertipde habarlaşmaga hem-de dürli görnüşli bank amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu ulgamy birikdirmek isleýänler bankyň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna ýüz tutup bilerler. Müşderiler tarapyndan degişli resminamalar doldurylandan soňra, bankdan ulanyjynyň adyny we açarsözüni alyp, ýörite internet sahypasyndaky salgylanma girizip, bu hyzmatdan peýdalanyp bolýar. Bu hyzmat ulgamy pul serişdelerini günüň islendik wagtynda ygtybarly dolandyrmaga hem-de wagty tygşytlamaga ýardam edýär. Elbetde şular ýaly hyzmatlaryň döredilmegi hem bankda işleriň giň gerimli alyp barýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bank ulgamynda ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar arkaly ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hili yzygiderli ýokarlandyrylýar, programma üpjünçiligi kämilleşdirilýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna, täze hünär ugurly iş orunlarynyň döredilmegine, harajatlaryň peselmegine, maglumatlaryň elýeter bolmagyna we täze bazarlara çykmagyna mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini, maliýe-bank ulgamyny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Altyn Durdyýewa, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ykdysady seljerme we maliýe müdirliginiň Ykdysady seljerme we çaklaýyş bölüminiň baş hünärmeni.
Türkmenistanyň Merkezi Banky, Bank Habarlary №4 2025 sanynda çap edilen, 01.04.2025