
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň obasenagat
toplumynda hem giň gerimli özgertmeler ýaýbaňlandyrylyp, azyk bolçulygyny
pugtalandyrmak, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak babatda
netijeli işler alnyp barylýar. Bugdaý, pagta hem-de beýleki ekinleri ýetişdirýänlere kämil
tehnikalaryň satyn alnyp berilmegi, kärendeçileriň suw, ýokary
hilli tohum we ýeri gurplandyryjy mineral dökünler, zerur önümçilik
serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, olara ýeňillikli
bank karzlarynyň berilmegi hormatly Prezidentimiziň oba-hojalyk
önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw bermek
babatdaedýäna ladalarynyň aýdyň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2025-nji ýylda bugdaýyň bol
hasylyny öndürmek hakynda» 2024-nji ýylyň iýun aýynda gol çeken degişli
Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyz boýunça 690 müň gektar ýerden 1 million
400 müň tonna möçberinde bugdaý hasylyny almak bellenildi. Agzalan Karar
esasynda, bugdaý hasylyny ýetişdirmegiň önümçilik harajatlaryny maliýeleşdirmek
üçin, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýeňillikli
karz ugry açylyp, hyzmat ediji edara-kärhanalara karz ugrundan tölegler
geçirildi. Ýerine ýetirilen işleriň netijesinde, ähli welaýatlarda bugdaýyň bol
hasyly öndürildi.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen şu ýyl
ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz
welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda bugdaý oragyna girişildi. Jogapkärli möwsümiň
barşynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bugdaý oragy güýçli depginde geçirilip,
Watan harmanyna bugdaýyň bol hasyly tabşyryldy we şertnamalaýyn borçnama
üstünlikli ýerine ýetirildi. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli
Kararyna laýyklykda, ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak,
ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen
hasaplaşyklary öz wagtynda, ýokary derejede geçirmek boýunça işleriň sazlaşykly
ýola goýulmagynyň uly ähmiýete eýe bolandygyny bellemek gerek.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Bugdaýyň we pagtanyň
döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk önümlerini
öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda» geçen ýylyň fewral aýynda gol
çeken degişli Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň
bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasynyň 2 müň manat möçberinde, nah pagtanyň
bir tonnasynyň satyn alyş bahasynyň ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra
çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat,
15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat, ýüpek
pagtanyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasynyň ýygymyň başlanýan gününden
15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6
müň 400 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 müň 100
manat möçberinde ýokarlandyrylmagy, şeýle hem pagta hasylynyň el bilen
ýygylmagy üçin nah pagtanyň bir kilogramyna 1 manat we ýüpek pagtanyň bir
kilogramyna 1.2 manat möçberinde bellenilmegi önüm öndürijileriň buýsançly
başyny göge ýetirip, olaryň zähmete bolan höwesini has-da artdyrdy.
Şu günler ýurdumyzda galla oragy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, Watan harmanyna goşulan bugdaý hasyly üçin
hasaplaşyklar günübirin geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bugdaý hasylyny
öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda, guramaçylykly geçirmek baradaky
tabşyryklary esasynda, önüm öndürijileriň gazanan girdejileri möhletinden gijä
goýulman berilýär. «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň galla kärhanalary
tarapyndan önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek üçin bank karzynyň
hasabyna, bugdaý hasylyny Watan harmanyna tabşyran kärendeçileriň we ýer
eýeleriniň hasaplaryna serişdeler geçirilip, olaryň islegine görä nagt we nagt
däl görnüşinde, hiç bir bökdençsiz tölenilýär. Ýagny döwlet tabşyrygy boýunça
hasyllarynyň gutarnykly hasaplaşygy üçin bank kartlaryna gelip gowşan pul
serişdeleri çykdajy töleg terminallary arkaly, önüm öndürijileriň islegi boýunça
1 hepdäniň dowamynda 50 müň manat möçberinde nagt görnüşde berilýär. Gallaçy
kärendeçileriň halal gazançlaryny ellerine alyp, ýüze sylmaklary olary mundan
beýläk-de tijenip, has yhlasly işlemäge galkyndyrýar. Olar bu barada buýsanç
bilen belläp, gazanan halal girdejileriniň özlerini täze üstünliklere, zähmet
ýeňişlerine ruhlandyrýandygyny kanagatlanma bilen aýdýarlar.
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky hem nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini gi ňeltmek, «Goýum bank kartyny» we kärendeçileriň «Altyn asyr» bank kartlaryny saklaýjy müşderilerine amatly şertleri döretmek maksady bilen, töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde geçirilen tölegler boýunça 2 göterim möçberli «Cash back» höweslendiriş hyzmatyny yzygiderli ýerine ýetirýär. Mundan başga-da, bank tarapyndan raýatlara karzlaryň we goýumlaryň birnäçe amatly, ygtybarly we elýeterli görnüşleri hödürlenilýär. Bank tarapyndan hödürlenýän goýumlaryň arasynda daýhanlary goldamak maksady bilen, 2 ýyllyk 9 göterimli «Galkynan daýhan» atly goýumy bellärliklidir.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da döwletli Diýarymyzda oba
hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly
Prezidentimize hem-de Milli Liderimize pudagyň işgärleriniň, ähli oba hojalyk
önümlerini öndürijileriň alkyş-hoşallyklary egsilmeýär.
Neder NEDEROW, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Karz syýasaty müdirliginiň oba hojalyk önümçiligin i karzlaşdyrmak bölüminiň başlygy
"Türkmenistan" gazeti, 11.07.2025