Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 4 - 8-nji awgust aralygynda Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda, dünýä ähmiýetli iri waka ýagny — Birleşen Milletler Guramasynyň
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler.
Ýer ýüzüniň dürli yklymlaryndan, onlarça döwletiň ýokary derejeli
wekiliýetleriniň gatnaşmagynda, geçiriljek bu forum halkara giňişlikde barha
işjeň orna eýe bolýan, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň
durmuşynda, onýyllygyň wakasy hasaplanýar. Bu bolsa Milletler Bileleşigi
tarapyndan her on ýylda bir gezek geçirilýän maslahatyň öňdäki on ýylda amal
ediljek wezipeleri kesgitleýändigi bilen ähmiýetlidir.
Şu ýylyň
11-nji aprelinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda
geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnama kabul edildi we oňa 57 döwlet bu
resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi. Şu
ýylyň 4-nji iýulda bolsa hormatly Prezidentimiz «Birleşen Milletler
Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny
geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Mundan başga-da, Karary ýerine ýetirmegiň
çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň
arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty
geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň, döwlet we hökümet
Baştutanlarynyň, 47 sany
kiçi ada döwletleriniň, 49 sany
az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit
guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy
pudagyň ýolbaşçylarynyň we
wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Ilaty 570
million adamdan geçýän, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 ýurt geografik ýerleşişi boýunça
şertlenen umumy kynçylyklar bilen ýüzbeýüz bolýar. Bu meseleler olaryň
dünýäniň beýleki ýurtlary bilen söwda ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsirini
ýetirýär. Özbaşdak port desgalarynyň ýokdugy üçin olar üstaşyr döwletlere
garaşly bolýarlar. Bu bolsa birnäçe durmuş ugurly meseleleriň ýüze çykmagyna
getirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu maslahat, durnukly ösüş ulgamynda anyk
hereketleri ara alyp maslahatlaşmak we işläp taýýarlamak, kämilleşdirilen ulag,
sanly özara arabaglanyşyk arkaly ekologiýa, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek,
şeýle hem Türkmenistanyň ileri tutýan milli hem daşary syýasy garaýyşlaryna
laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça ygtybarly meýdança öwrüler.
Bu çäre deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara berilýän ählumumy
goldawlary utgaşdyrmaga, özara bähbitli döwletara, sebit we halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmäge, geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge,
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin goşant goşmaga ýardam berer we maslahata
gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde, ählumumy bähbitli
çözgütleri işläp taýýarlamakda we olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe
bolar. Ýurdumyzyň döwrebap ulag-logistika düzümleriniň mümkinçilikleri, halkara
hyzmatdaşlykda gazanylan oňyn tejribeler maslahata gatnaşýan ýurtlaryň hususy
pudagynyň wekilleri üçin örän peýdaly bolup biler. Forum kompaniýalaryň
wekilleri bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryndan gelen
wekiliýetleriň, şeýle hem onuň agentlikleriniň, maýa goýumlara ýardam bermek
boýunça düzümleriň, beýleki gyzyklanýan taraplaryň arasynda göni aragatnaşyk
saklamak üçin gurşawy döreder. Onda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň
söwdasy we üstaşyr geçirmek, ösüş mümkinçilikleri, sanlylaşdyrmak,
maliýeleşdirmek, maýa goýum syýasaty hakynda pikir alşylar, täze başlangyçlar
öňe sürler.
Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda ykdysadyýetiň hususy bölegi
önümçiligiň ösmegine we eksportyň artmagyna uly goşant goşýar. Bu bolsa, öz
gezeginde, daşary ýurt bazarlaryna çykmak üçin sarp edilýän ulag çykdajylaryny
peseltmäge mümkinçilik berer. Hususyýetçiler halkara banklar we hususy
maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, ýurduň ykdysadyýetine daşary ýurt
maýa goýumlaryny çekmekde hem netijeli işleri alyp barýarlar. Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hökümetleri hususy pudagyň öz mümkinçiliklerini
durmuşa geçirip bilmegi üçin zerur kanunçylyk binýadyny emele getirmäge, gümrük
amallaryny ýeňilleşdirmäge, döwrebap ulag-logistika düzümlerini döretmäge, kiçi
we orta telekeçiligiň ösmegi üçin maliýe goldawyny bermäge, işewürlige başlamak
we oňa maýa goýumlary çekmäge, ýokary hilli hünärmenleri, işçi güýjüni
taýýarlamak üçin zerur işleri alyp barmaga oňaýly şertleri döreder.
Nobatdaky bu
maslahat üçin saýlanyp alnan «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe
ýardam bermek» atly mowzuk hem onuň esasy orny bolar. Maslahat bilen ugurdaşlykda plenar mejlisler, ýokary derejedäki tematik
«tegelek stollary» guralar. Şeýlede ýokary derejedäki 7 sany forumyň, ýagny
GünortaGünorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygynyň, parlament, hususy
pudagyň, raýat jemgyýetiniň, ýaşlar forumlarynyň, zenan ýolbaşçylaryň
duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Geçiriljek bu forumda, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin
Hereketleriň on ýyllyk maksatnamasy kabul ediler we «Awaza maksatnamasy» diýlip atlandyrylar.
Şular ýaly her
10 ýyldan geçirilýän maslahatyň ilkinjisi mundan 22 ýyl öň geçirildi. Has takygy,
2003nji ýylyň awgust aýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde BMGniň Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça birinji maslahaty geçirildi.
Maslahatyň çäklerinde 2003 — 2013nji ýyllar üçin Hereketleriň Almaty
maksatnamasy kabul edildi. Bu maksatnama deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
ýurtlaryň açyk deňizlere çykmak üçin ulagüstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmaklary,
ulag infrastrukturasyny ösdürmek we söwdany ýeňilleşdirmek bilen bagly anyk
çäreleridir teklipleri öz içine alýar.
2014nji ýylyň noýabr aýynda bolsa Awstriýanyň Wena şäherinde BMGniň
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça ikinji maslahaty geçirildi.
Maslahatda Hereketleriň Almaty maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň on
ýyllygynyň jemi jemlenildi we täze onýyllygyň — 2014 — 2024nji ýyllar üçin
Hereketleriň Wena maksatnamasy kabul edildi. Bu maksatnamanyň maksady deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň
ýüzbeýüz bolýan kynçylyklaryny
çözmek üçin ählumumy borçlary tassklamakdan, bu ugurda halkara goldawy
bermekden hem-de degişli çäreleri amala aşyrmakdan ybarat boldy.
Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi oňa gatnaşyjylaryň ünsüni Hazar deňzine
çekmek üçin ajaýyp mümkinçilik bolar. Bu forum, Hazarýaka döwletleriň
ulagüstaşyr geçirijilik ukybynyň peýdalanylyşyny işjeňleşdirmäge hem goşant goşar.
Aslyýetinde hem, demir ýol ýada awtoulag ulgamy bilen deňeşdirilende, deňiz
ýoly arkaly ýük daşamak has arzan düşýär. Ýöne şonda-da muňa garamazdan,
Hazarýaka geçelgesiniň üstünden geçýän demir ýoly arkaly Ýewropadan Hytaýa we
yzyna harytlary daşamaklygyň, deňiz ulgamy bilen deňeşdirilende, has çalt amala
aşyrylýandygy mälimdir.
Deňiz ýoly
bilen konteýnerli gämini Hytaýdan Ýewropa ýetirmek üçin 40 gün gerek bolsa,
ýaňky konteýnerleri 15 güne golaý wagtda Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Günorta
Kawkaz ugry boýunça Ýewropa ýetirmek mümkin. Häzirki wagtda şol mümkinçilikleri
AziýaÝuwaş ummany sebitinden Merkezi Aziýa we Kawkazyň üsti bilen Ýewropa
çykýan Orta Gündogary Ýewropa bilen baglanyşdyrýan «Owganystan — Türkmenistan —
Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe» halkara multimodal ulagüstaşyr geçelgeleri
ulanmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ulag geçelgesine gatnaşýan
döwletler üçin, bir tarapdan, ýoluň gysgalmagyna, ikinji tarapdan bolsa, ýük
akymlaryny epesli tizleşdirmäge we haryt öndürijilerden sarp ediş bazaryna
çenli wagt aralygyny azaltmaga mümkinçilik berýär.
Gahryman Arkadagymyz: «Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkider» diýip belleýär. Ösüşiň täze belentliklerine gadam urýan Diýarymyzda her güni taryhy wakalara beslenýän şanly ýylda ählimiz agzybirlikde, jebislikde çekýän zähmetimiz, gazanýan üstünliklerimiz arkaly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda berkarar Watanymyzyň abraýynyň dünýä dolmagy, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, asuda hem abadan durmuşyň rowaçlanmagy üçin yhlasymyzy gaýgyrmaly däldiris. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän, bütin adamzadyň abadançylygy üçin möhüm başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Batyr Baýmyradow,
Arkadag şäheriniň «Daýhanbank»
döwlet täjirçilik bankynyň Bank işlerini
awtomatizasiýalaşdyryş bölüminiň başlygy