Ösüşli ýyllarymyzyň şöhratly ädimleri
130
05.08.2025

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýurdumyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Garaşsyz Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG-niň) doly hukukly agzasydyr. Şol döwürden bäri türkmen döwleti halkara syýasatynyň wajyp strategik meselelerini çözmekde BMG-niň ähli ýurtlary bilen deňhukukly döwletara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny ençeme gezek tassyklady.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermeginde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen ýurdumyz dünýäde ilkinji gezek Bitarap döwlet diýlip yglan edildi. Bitaraplyk derejesi ýurdumyzda Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda onuň ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Bitarap döwlet diýip ykrar edilen döwletimiz dünýäniň abraýly guramasy bolan BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk Bitarap döwletdir. BMG tarapyndan ilkinji Bitaraplyk derejesiniň Türkmenistan döwletimize berilmegi belent mertebedir.

2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi, şeýle hem  2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama üçünji gezek kabul edildi. Bu bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenýän ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we medeni däp-dessurlary döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alnyp barylýan syýasaty hem dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistana halkara giňişlikde okgunly ösmäge mümkinçilik berdi, içerki abadançylygy üpjün etdi hem-de halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin zerur şertleri döretdi. Şunda häzirki zamanyň ählumumy ösüş meýillerini bitewi, üznüksiz kabul etmek ukyby Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişliginde amala aşyrýan syýasatynyň üstünlikli diplomatik işlerini aýtsa bolar. Döwletimiz, dünýäde durnukly ösüşi gazanmak, howpsuzlygy üpjün etmek we parahatçylygy pugtalandyrmak, sebit derejesinde ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmek babatdaky tagallalary ählumumy ykrarnamasyna eýerýär. Türkmenistan ykdysady ösüşiniň durnukly depginlerini saklamaga, maliýe we durmuş durnuklylygyny, maýa goýum işjeňligini üpjün etmäge, bazar gatnaşyklary esasynda ykdysadyýetiň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga, şeýle hem BMG tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli amala aşyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli özgertmeler, ykdysadyýetde ýetilen belent sepgitler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny aňlatmak bilen birlikde, ählumumy parahatçylygy we deňhukukly ösüşi maksat edinýän halkara hyzmatdaşlygyň miweleridir.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Watanymyz diňe bir sebitiň däl, eýsem dünýäniň ýurtlaryny dost-doganlyga, parahatçylyga çagyryjy merkez bolup durýar. Ýurdumyz öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny esas edinip, parahatçylygy we ylalaşygy, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde uly hyzmatlary bitirýär. Şonuň üçin hem durnukly ösüş ýolundan ynamly öňe barýan, halkyň parahat durmuşda bolelin ýaşamagynyň üpjün edilmegini döwletiň baş wezipesi edip  goýýan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge bolan isleg dünýä ýurtlarynda barha artýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyz ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna has çuňňur aralaşmagy bilen, banklar tarapyndan berilýän uzak möhletleýin karzlaryň, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara maliýe karz institutlary tarapyndan berilýän serişdeleriň paýy we orny yzygiderli ýokarlanýar. Munuň şeýledigini Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky tarapyndan berilýän uzak möhletli, uly möçberli karzlardan hem görmek bolýar. Maýa goýumlar ykdysadyýeti ösdürmekde hereketlendiriji güýç bolmak bilen, umumy ykdysady ýagdaýa, ozaly bilen önümçiligiň, maliýe karz ulgamynyň ösüşine we ilatyň tölege ukyply islegleriniň derejesine oňyn täsirini ýetirýär. «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň we Maýa goýum maksatnamasynyň» çäklerinde umumy özleşdirilmeli düýpli maýa goýumlaryň möçberi 40,1 milliard manat möçberinde kesgitlenildi hem-de onuň çäklerinde toplumlaýyn işler alnyp barylýar, muňa mysal edip ýurdumyzda geçen alty aýda bu maksatnama boýunça, 17,8 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryň özleşdirililendigi bellärliklidir.

Geljekde milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny giň gerimde çekmek işini hasda işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyz tarapyndan amala aşyrylýan «Açyk gapylar» syýasaty daşary ýurt maýa goýumlarynyň goraglylygynyň kanuny kepillikleri, yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk binýady bu maksatlara gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin oba hojalyk önümlerini öndürijilerini maliýe taýdan goldamak, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara eksportynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, häzirki wagtda bankymyz tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň hem-de kiçi we orta telekeçileriniň önümçilik maksatly maýa goýum taslamalaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlary esasynda merkezleşdirilen serişdeleriň hasabyna ýeňillikli şertlerde hem-de bankyň öz we çekilen serişdeleriniň hasabyna karzlaşdyrmak işleri yzygiderli dowam etdirilip gerimi giňeldilýär.

Ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleriň çäklerinde oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, içerki bazarda azyk bolçulygyny döretmek we ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bagly maýa goýum taslamalaryny karzlaşdyrmak, önüm öndürijilere ýerine ýetirilýän bank hyzmatlaryny has-da ösdürmek ýaly durmuş ähmiýetli işler ýokary işjeňlik bilen alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň beýleki karz edaralary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň halkymyza hödürleýän hyzmatlary barha kämilleşdirilýär. Şu maksat bilen bank tarapyndan hem goýumlaryň «Gadamy beýik gahryman», «Talap edilýänçä», «Gojalara hemaýat», «Galkynan daýhan», «Möhletli», «Ruhubelent nesiller», «Rowaçlyk» we «Goýum bank karty» ýaly görnüşleri müşderilere hödürlenilýär. Şeýle hem «Talyp karzy», «Toý karzy», «Owerdraft», sarp ediş maksatly we ýaş maşgalalara öý goşlaryny satyn almak üçin berilýän karzlary berilýär. Bulardan başga-da bank tarapyndan müşderilere sanly ulgamda hödürlenilýän «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» we «Menzilara bank» hyzmatlary, «Meleguş» pul geçirimi, şeýle hem «Cash back» hyzmaty bellärliklidir.

Häzirki wagtda sarp ediş maksatly we ýaş maşgalalara öý goşlaryny satyn almak üçin berilýän karzlary «Menzilara bank» hyzmatynyň üsti bilen onlaýn görnüşinde resmileşdirmek ýola goýuldy. Şeýle hem «Menzilara bank» hyzmatynyň üsti bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň «VISA» we «MasterCard» halkara bank kartlaryny onlaýn görnüşde doldurmaga mümkinçilik döredildi. Bulardan başga-da Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek hem-de «Goýum bank karty» we kärendeçileriň «Altyn asyr» bank kartlaryny saklaýjy müşderilerine amatly şertleri döretmek maksady bilen, töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde geçirilen tölegler boýunça 2 göterim möçberli «Cash back» höweslendiriş hyzmatyny yzygiderli ýerine ýetirýär.

Internet arkaly bank hyzmatlary müşderiler üçin wagty tygşytlamak, hakyky wagt tertibinde köp sanly amallary çalt amala aşyrmak, täze bank hyzmatlaryny görüp, saýlap bilmek, ýaşaýyş jaý, jemagat we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlary üçin hasaplaşyklary geçirmek, internet arkaly harytlary satyn almak ýaly artykmaçlyklary özünde jemleýär. Şeýle hem Häzirki wagtda ýurtda amala aşyrylýan özgertmeler bilen gazanylan netijeler hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriniň bank ulgamynda hem dabaralanýandygyny aýdyň subut edýär.

Türkmenistan döwletimiziň daşary ýurt döwletleri bilen agzybirlik, dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk we ynsanperwerlik syýasatlaryny alyp barmakda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn!

 

Batyr Baýmyradow,

Arkadag şäheriniň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň

Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş bölüminiň başlygy