Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz günsaýyn ösýär, özgerýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna»
laýyklykda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk
pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, azyk bolçulygyny döretmek, şeker önümçiligini ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda
gant şugundyrynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we onuň ekilýän meýdanlaryny
giňeltmek, oba senagat
toplumynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak boýunça oňyn işler
alnyp barylýar. Oba hojalygynda döwlet tabşyrygyna
degişli ekinler pagta, bugdaý, şaly we gant şugundyry bolup durýar.
«Türkmenistanda 2025-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek
hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň «Daýhanbank»
döwlet täjirçilik bankyna Türkmenistanyň Merkezi bankynyň karz serişdeleriniň hasabyna
«Maryşeker» paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşan önüm öndürijilere gant
şugundyryny ösdürip ýetişdirmek üçin önümçilik harajatlaryny maliýeleşdirmek hem-de
önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmeklik maksady bilen, «Maryşeker»
paýdarlar jemgyýetine ýyllyk 2 göterim derejesinde karz ugruny açyldy.
Bu görkezilen Kararda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet
birleşigine hem-de Mary
welaýatynyň häkimligine 2025-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary, Wekilbazar,
Sakarçäge, Baýramaly, Garagum, Türkmengala, Ýolöten, Murgap we Tagtabazar
etraplarynda 17,9 müň gektarda güýzlük gant şugundyryny ekmek we şol ýerlerden
224,0 müň tonna hasyl öndürmek barada Mary welaýatyndaky ýerleriň kärendeçileri,
peýdalanyjylary we ýerlerde gant şugundyryny öndürijiler bilen bellenen
tertipde şertnamalaryň baglaşylmagyny we öndürilen gant şugundyrynyň
şertnamalaýyn nyrhlarynyň satyn alynmagyny hem-de öndürijiler bilen wagtynda hasaplaşylmagyny
üpjün etmek, etraplarda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň
talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary
hasylynyň öndürilişini yzygiderli üpjün etmeklik tabşyryldy.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet
birleşiginiň «2024-nji ýylyň hasylyndan başlap gant şugundyrynyň satyn alyş
bahasyny kesgitlemek hakynda» 2024-nji ýylyň 11-nji aprelindäki 50-Ö belgili
Buýrugyna laýyklykda, gant şugundyryny ösdürip ýetişdirýän önüm öndürijilerden
2024-nji ýylyň hasylyndan başlap onuň bir tonnasynyň satyn alyş bahasynyň 600
(alty ýüz) manat möçberinde bellenilmegi bolsa, bu önümi öndürijileriň zähmete
bolan höwesini has hem artdyrdy.
Häzirki döwürde gant şugundyry, esasanam, ýurdumyzyň Mary
welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ekiniň şeker önümçiliginiň barha
ýokarlanmagynda örän uly paýy bolup, ylmy barlaglaryň netijelerine görä,
agrotehniki çäreler öz wagtynda geçirilen ýagdaýynda, ondan ýylda iki möwsümde
hasyl almak mümkindir. Toprak we
howa şertlerine laýyklykda, ýurdumyzda bu ekini ýetişdirmek örän amatly bolup
durýar. Howa şertleri şugundyryň kök miwesinde köp mukdarda şekeriň
toplanmagyna mümkinçilik berýär. Onuň häzirki zaman sortlarynyň kök miwelerinde
ortaça 13 — 19 göterim möçberde şeker bolýar.
Häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiz her gektar ýeriň düşewüntliligini artdyrmak, hasyllylygyny
ýokarlandyrmak, bir ýylda ýerden iki hasyl almagyň hasabyna öndürilýän
önümleriň mukdaryny köpeltmek babatynda ähli mümkinçilikleri döredip berýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda oba
hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek,
azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de
ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz tarapyndan döredilip berilýän şeýle
amatly hem düşewüntli şertlerden ýerlikli peýdalanýan önüm öndürijiler
gowaçadyr bugdaýyň, şalynyň, gant şugundyrynyň hem-de beýleki oba hojalyk
ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmäge çalyşýarlar.
Geçen köp ýyllaryň dowamynda şugundyr
ýetişdirmegiň tejribesini kemsiz ele alan, şeýle hem bu ekiniň suwarymly
ýerleri netijeli ulanmak, düşewüntliligini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, ýagdaýyny
gowulandyrmak babatdaky bähbitlerine göz ýetiren ekerançylar hysyrdyly
zähmetdigine garamazdan, bu aralyk ekini höwes bilen ekýärler. Şugundyry diňe
güýzlük ekmek tejribesine geçilmegi hem daýhan birleşikleri we hasylyny
ýetişdiriji «Maryşeker» kärhanasy üçin belli bir amatlyklar döretdi.
«Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň häzirki wagtda ýurdumyzda
şugundyry ýetişdirýän şeker we dürli gant önümlerini taýýarlaýan ýeke-täk
karhana bolup durýandygyny bellemek gerek. Ýylyň bütin dowamynda bu kärhanada
ýerlerdäki hasyly kabul ediş nokatlary, önümçilik desgalaryny we enjamlaryny
bejermek, olary işjeň we ygtybarly ýagdaýa getirmek bilen bagly şugundyry
ýetişdirmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar.
Bereketli toprakdan bol hasyl almak geçmişden häzire
çenli dowam etdirilip, ýyl-ýyldan ýokarlandyrlyp gel ýän asylly ýörelgedir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda bu ugurda öňde durýan wezipeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyna
gönükdirilýär.
Oba hojalyk önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary
geçirmek üçin, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň
şahamçalarynda önüm öndürijiler üçin hasaplaşyk hasaplary açylýar. Munuň üçin oba
hojalyk önüm öndürijileri önümçilik harajatlaryny maliýeleşdirmek üçin ýokarda
belläp geçişimiz ýaly, ýyllyk 2 göterim derejesinde berilýän ýeňillikli bank
karzyny almak üçin banka degişli resminamalaryny tabşyrylýar. Bankda aýratyn
hasap açyp işlemek isleýän kärendeçilere oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin
karz serişdelerini bermek, karzyň üpjünçiliginiň 85 göterimine öndüriljek önümi
we 15 göterimine girew üpjünçiligini almak bilen amala aşyrylýar. Önümçilik
harajatlarynyň we girdejileriniň hasaplarynyň ýöredilmegi üçin daýhan birleşigi
tarapyndan kärendeçileriň her birine «Daýhanyň hasap depderçesi» açylyp
berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda pagta, bugdaý, şaly, gant
şugundyry hasyllaryny hem-de
beýleki oba
hojalyk önümlerini öndürijilerine
döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw bermegiň çäklerinde, ýurdumyzyň oba hojalyk
pudagyna dünýäniň iň ösen, kämil tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň satyn alnyp
berilmegi, kärendeçilerimiziň suw we ýeri gurplandyryjy mineral dökünler bilen
hem-de zerur bolan beýleki önümçilik serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün
edilmegi, şeýle hem
ýeňillikli bank karzlarynyň berilmegi hormatly
Prezidentimiziň oba
hojalyk önümlerini öndürijilerini galkyndyrmak barada edýän aladalarynyň
aýdyň şaýadydyr.
«Türkmenistanda 2025-nji ýylda şaly öndürmek hakynda»
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat
Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Saýat,
Halaç, Hojambaz, Kerki we Köýtendag etraplarynda önümçiligi we ekin
dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak
bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegi, ýagny öndürijiler bilen şertnama
esasynda 2025-nji ýylda 18,3
müň gektar meýdana şaly ekilip, 82,4 müň tonna şaly hasylyny ösdürmek barada
tabşyryk berildi.
«Türkmenistanda 2025-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny
öndürmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda
kärendeçiler, bugdaý öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda welaýatlaryň
häkimlikleri bilen bilelikde 2025-nji ýylda ýurt boýunça 690,0
müň gektar meýdana bugdaý ekilip, 1 million 400 müň tonnadan gowak hasyl alyndy
we Watan harmanyna tabşyryldy.
Oba hojalygynda esasy pagta, bugdaý, şaly, gant şugundyry
esasy ekinleriň hatarynda durýar. Bu ekinlere Türkmenistanyň «Daýhanbank»
döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýyllyk 2 göterim derejesinde ýeňillikli karz
serişdeleri berilýär. Bu
pudagy ösdürmek barada döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde, ýurdumyzda her ýylda uly üstünlikler we yzygiderli ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň dokma toplumynda pagta önüminden
dürli harytlar, egin-eşikler öndürilip daşary ýurtlara yzygiderli eksport
edilýär, geljekde bugdaý önümini hem ekspot etmeklik meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň
ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna berýän goldawlarynyň netijesinde, ýurdumyz
boýunça oba hojalyk
önümleriniň öndürilişi ýylsaýyn artýar
we onuň netijesinde bolsa pagta, bugdaý,
şaly we gant şugundyryny öndürijileriň hem girdejileri ýylsaýyn
barha gowulanýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30
ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda
ýurdumyzyň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek
hakynda edýän ýadawsyz aladalary üçin, oba hojalyk önümlerini öndüriji
kärendeçilerimiziň ählisiniň türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly
Gahryman Serdarymyza çyn
ýürekden bildirýän minnetdarlyklarynyň we hoşallyklarynyň çägi ýok.
Bize ýaşamaga, işlemäge, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşleri gazanmaga ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ösüşleriň belent derejelerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Altyn Durdyýewa, Türkmenistanyň «Daýhanbank»
döwlet täjirçilik bankynyň
Ykdysady seljerme we Maliýe müdirliginiň
Ykdysady seljerme we çaklaýyş bölüminiň baş
hünärmeni, 31.07.2025ý