Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasyna» laýyklykda häzirki döwürde ýurdumyzda banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň pudaklaryna bölünip berilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň bank ulgamyny düýpli özgertmek we onuň işjeňligini dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmek hem-de pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň wezipä girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip bellemegi raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýändigini ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli maksatnamalary amala aşyrmakda bank karzlaryna aýratyn orun berilýär. Banklaryň ýerine ýetirýän beýleki karz amallary bilen bir hatarda gozgalmaýan emläkleri satyn almak üçin berilýän (ipoteka) karzlary aýratyn islege eýedir. Bu görnüşli karzlar hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasaty esasynda raýatlaryň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak, olaryň ýokary derejeli, has oňaýly jaýlarda ýaşamaklygy üçin edýän ýadawsyz tagallalary netijesinde täze gurlan has oňaýly we otaglaryň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlardan öýleri satyn almaga gozgalmaýan emläk üçin berilýän ýeňillikli karzlardyr. Täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurulmagy we olara döwrebap infrastrukturalaryň ornaşdyrylmagy şäher gurluşygynyň ösmegine itergi berýär. Şeýlelik bilen, ilata hödürlenýän ýaşaýyş jaýlarynyň görnüşleriniň we hiliniň ýokarlanmagy bilen bilelikde, hususy ýaşaýyş jaýlaryny gozgalmaýan emläk hökmünde girewine goýup, karzlary almak şertleri hem hödürlenilýär.
Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hem ýyllyk 1 göterim bilen, 5 ýyla çenli ýeňillikli döwri öz içine alýan 30 ýyl möhlete gozgalmaýan emläkleri satyn almak üçin karzlaryň berilmegi dowam edilýär. Munuň özi bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, olaryň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligini talabalaýyk ýola goýmak baradaky tabşyryklarynyň göwnejaý berjaý edilmegine hem-de Türkmenistanyň her bir maşgalasynyň döwrebap öýlerde ýaşamagyna oňyn şertleri döredýär.
Hususy ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän karzlaryň jemgyýetçilik we ykdysady taýdan ähmiýeti örän uludyr. Ilkinji nobatda, olar adamlara ýaşaýyş jaýyny edinmäge giň mümkinçilik döredýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligi maşgalalaryň durnuklylygyny, jemgyýetiň medeni abadançylygyny ýokarlandyrýar. Şeýle hem, gurluşyk ulgamynyň ösmegine, täze iş orunlarynyň döremegine we ýerli önümçiligiň giňelmegine uly täsir edýär.
Hususy ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän karzlary häzirki wagtda ýurdymyzda raýatlarymyz üçin döredilýän ýeňillikleriň möhüm serişdeleriniň biri bolup durýar. Bu bolsa öz gezeginde döwletimizde raýatlara ýaşamak üçin amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine hem täsirini ýetirýär. Hususy ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän karzlaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, göterimleriň ýeňillikli bolmagy, bu ugurda döwletiň goldaw çäreleriniň yzygiderli dowam etdirilmegi ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary esasynda raýatlara hususy ýaşaýyş jaýyny satyn almak üçin uzak möhletli karz serişdeleri yzygiderli goýberilýär. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan 2025-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda bu ugur boýunça 1236 sany raýatlara 823 867,0 müň manat möçberinde karz serişdeleri bilen üpjün edildi. Raýatlara hususy ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berlen karzlaryň görkezijileri soňky üç ýylyň we 2025-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň jemi boýunça netijeleri 1-nji şekilde görkezilýär.
1-nji şekil
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçalary tarapyndan 2025-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň dowamynda ýaşaýyş jaýlary satyn almak üçin berilýän karzlaryň görkezijileri 2-nji şekilde görkezilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary esasynda merkezleşdirilen serişdeleriň hasabyna ýeňillikli şertlerde hem-de bankyň öz we çekilen serişdeleriniň hasabyna karzlaşdyrmak işleri yzygiderli dowam etdirilip gerimi her ýylda giňeldilýär.
2-nji şekil
Bulardan başga-da Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan karzlaryň birnäçe görnüşleri müşderilere hödürlenilýär. Olara mysal edip, kiçi göwrümli karzlary, «Talyp karzy», «Owerdraft», «Toý» karzy, sarp ediş karzlary we ýaş maşgalalara öý goşlaryny satyn almak üçin berilýän karzlary görkezmek bolar.
«Talyp karzy» hödürlenilýän bank karzlarynyň ýene bir görnüşi bolup, ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň okuw töleglerini tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýän karzdyr. Bu karz ýyllyk 5 göterim bilen, 3 ýyl möhlete 42 müň manat möçberine çenli berilýär. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky «Talyp karzyndan» peýdalanmak isleýän müşderileriň ýüztutmalaryny we degişli resminamalaryny bankyň resmi www.dayhanbank.gov.tm internet sahypasynyň üsti bilen onlaýn görnüşinde hem kabul edýärler.
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky hormatly Prezidentimiziň halkymyza ähli babatda döwlet goldawlaryny bermek baradaky tagallalaryndan ugur alyp, toý-dabaralaryny geçirmek üçin «Toý» karzyny hem halk köpçüligine hödürleýär. Karzyň bu görnüşi ýyllyk 7 göterim bilen, 3 ýyllyk möhlete 100 müň manada çenli möçberinde karz serişdeleri berilýär. Raýatlar «Toý» karzyndan peýdalanmak üçin ýüztutmalaryny we degişli resminamalaryny bankyň resmi www.dayhanbank.gov.tm internet sahypasynyň «Onlaýn ýüzlenmeler» bölüminiň üsti bilen onlaýn görnüşinde hem ibermek üçin mümkinçilik döredilen. «Toý» karzy raýatlarymyza maşgalalarynyň iň bagtly günlerini göwün isleglerindäki ýaly dabaraly geçirmäge mümkinçilik döredýär.
Häzirki wagtda ýurtda amala aşyrylýan özgertmeler bilen gazanylan netijeler hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriniň bank ulgamynda hem dabaralanýandygyny aýdyň subut edýär.
Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ösüşleriň belent derejelerine alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Nurgözel Begliýewa,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň
Karz syýasaty müdirliginiň Sarp ediş karzlary, hususy sektory
karzlaşdyrmak we hasabatlary bölüminiň baş hünärmeni