Gallaçy daýhanlara döwlet goldawy
27
02.08.2026

    Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň art­dy­ryl­ma­gyn­da we hal­ky­my­zyň ýa­şaýyş-dur­muş

şert­le­ri­niň yzy­gi­der­li go­wu­lan­dy­ryl­ma­gyn­da oba­ se­na­gat top­lu­my­na aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. 

Şo­ňa gö­rä-de, top­rak­dan bol ha­syl al­ýan äh­li önüm ön­düri­ji­le­re döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan uly 

gol­daw­lar be­ril­ýär. Döw­let maksatnamalarynyň çäk­le­rin­de milli yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň oba ho­ja­lyk 

pu­da­gy­nyň hä­zir­ki za­ma­nyň kämil tehni­ka­la­ry, ýoka­ry hil­li to­hum, suw we ýe­ri gurp­lan­dy­ry­jy 

dö­kün­ler­dir hi­mi­ki se­riş­de­ler, şeý­le hem ýe­ňil­lik­li bank karz­la­ry bi­len üp­jjün edil­me­gi mu­nuň aý­dyň

gü­wä­si­dir. Hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da amala aşy­ryl­ýan bu iş­ler oba zäh­met­keş­le­ri­ni 

tä­ze-tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar.


Bereketli toprakdan sepilen her bir dänäniň müňläp, bol hasylyň ýygnalýan döwri eziz Diýarymyzda uly toýa öwrülip, ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna layyklykda, 2026-njy ýylda ýurdumyz boýunça jemi 690 müň gektar ýerden bugdaýyň 1 million 400 müň tonna möçberde bol hasylyny almak bellenildi. Bu mukaddes borjuň hötdesinden gelmek üçin gallaçy daýhanlarymyz we degişli hyzmat ediji edaralar gije-gündiz yhlasly zähmet çekýärler. Netijede, ýurdumyzyň Ahal we Balkan welaýatlarynyň baba daýhanlary ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi başardylar. Arzyly sepgide ýetmek ugrunda Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda hem işler ýokary depginde alnyp barylýar.

Bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, bugdaý hasylyny ýetişdirmegiň önümçilik harajatlaryny doly we bökdençsiz maliýeleşdirmek üçin «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýeňillikli karz ugurlarynyň açylmagy daýhan zähmetine mynasyp goşant boldy. Hyzmat ediji edara-kärhanalara karz ugrundan tölegler wagtynda geçirildi we bu netijeli işleriň miwesi hökmünde ähli welaýatlarda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi.

Daýhanlaryň zähmetine mynasyp baha bermek we olary maddy taýdan höweslendirmek döwletimiziň oba hojalyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk önümlerini öndürüjileri ykdysady taýdan höweslendirmek bilen bagly gol çeken resminamasyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat möçberde bellenildi. Bu taryhy çözgüt edermen gallaçylary önümçilikli zähmet çekmäge, ýere has yhlasly çemeleşmäge ruhlandyrdy.

Häzirki wagtda «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň galla kärhanalary tarapyndan önüm öndürüjiler bilen hesaplaşyklary dessin guramak üçin bank karzynyň hesabyna bugdaý hasylyny tabşyran kärendeçileriň we ýer eýeleriniň hesaplaryna pul serişdeleri yzygiderli geçirilýär. Önüm öndürüjileriň halal zähmeti bilen gazanan girdejileri olaryň isleglerine görä nagt hem-de nagt däl görnüşinde bökdençsiz tölenilýär. Ýagny döwlet tabşyrygy boýunça hasylyň gutarnykly hesaplaşygy hökmünde gallaçy kärendeçileriň bank kartlaryna gelip gowşan pul serişdeleriniň 1 hepdäniň dowamynda 50 müň manada çenli möçberde nagt görnüşde tölenmegi ýola goýuldy. Munuň özi oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň ýyl geldigiçe artmagyna, daýhanlaryň girdejileriniň has-da köpelmegine we kärendeçileriň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna şert döredýär. Öz halal gazançlaryny ellerine alyp, maşgala ojagynyň berekedi hesaplaýan daýhanlar döwletimiziň bu goldawyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Şunuň bilen bir hatarda, ýerleriň kärendeçilerinden, peýdalanyjylaryndan we eýelerinden döwlet tabşyrygy esasynda kabul edilýän oba hojalyk önümleriniň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepek, sarun, künjara we şugundyr löti ýaly galyndylar önüm öndürüjileriň özlerine döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän ýörite elýeterli bahalardan gaýtarylyp satylýar. Döwletimiziň bu uly ykdysady goldawlary gallaçylaryň hem-de maldarçylyk bilen meşgullanýan kärendeçileriň işini has-da ilerletmäge ýardam berýär.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky häzirki döwürde gowaça, gant şugundyny, şaly ýaly ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň önümçilik harajatlaryny öz wagtynda maliýeleşdirmek üçin önüm öndürüjilere ýyllyk ýeňillikli 2 göterim derejesinde bank karzlaryny hem hödürleýär. Daýhanlarymyzyň pul serişdelerini gorap saklamak we artdyrmak maksady bilen, bank tarapyndan «Galkynan daýhan»atly, ýyllyk 6 göterim derejesinde bellenen 2 ýyllyk goýum şertleri hem halkymyza yzygiderli hödürlenip gelinýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürüjileri maliýe taýdan goldamak bilen bagly gol çeken resminamasyna laýyklykda, daýhan birleşikleri dir hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna, ýer bölekleriniň eýelerine, ýerden peýdalanyjylara we kärendeçilere, telekeçilere hem-de beýleki ýuridik şahslara ýyllyk bary-ýogy 1 göterim bilen ýeňillikli karzlar berlip başlandy. Bu karzlar oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, oba we suw hojalygynda giňden ulanylýan döwrebap ekskawatorlary, buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, innowasion enjamlary, suwaryşda ulanylýan ýörite geçirijileri we transformatorlary satyn almak üçin, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete, her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şartinde berilýär.

Oba hojalyk önüm öndürüjileri we ekerançylary uly üns-alada bilen gurşaýan, olaryň ýaşaýyş-durmuş şartleriniň, hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagy ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza oba hojalyk önümlerini öndürüji kärendeçileriň, daýhanlaryň hem-de ähli bank işgärleriniň alkış-hoşallygy egsilmezdir.

Neder Nederow,

Türkmenistan gazeti, 2026-njy ýylyň 3-nji iýuly