Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
nq624jntPMvNIV5109WEIDPOswa0R1T2AfokZHPvyYMfTiPgPi_1790320418.jpg
18
2 gün öň

Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

TDH, 23.09.2026

...Maslahat köşgünde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Mejlise gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, ilki bilen, olary we ýurdumyzyň ähli halkyny jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşyndaky möhüm waka — ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, merdana türkmen halkymyza gülläp ösüş we bagtyýarlyk arzuw etdi. Milli Liderimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde merdana ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleri hem-de beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda biz ýurdumyzyň baş baýramyny — beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny aýratyn buýsanç bilen garşylaýarys. Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ägirt uly işler amala aşyryldy. Türkmenistan dünýäniň abraýly hem-de kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda belent sepgitlere ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bedew batly ösüşini ynamly dowam edýär. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk toýumyzyň eziz Watanymyza bolan milli buýsanjymyzy has-da berkidip, täze üstünlikleri gazanmaga we belent sepgitlere ýetmäge güýç-kuwwat berjekdigine berk ynam bildirdi.

Dabaraly pursat gelip ýetdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň durmuşyna degişli wajyp soraglaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de möhüm çözgütleriň kabul ediljekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda we doly makullamagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibiniň tassyklanylandygyny yglan etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip: “Ýene-de sanlyja günden biz berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçeris” diýdi.

“Garaşsyz Diýarymyzyň halkara abraýyny, şan-şöhratyny, milli mertebesini belende göterýän bu şanly sene biziň her birimizi beýik maksatlara ruhlandyrýar. Biz Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýoluny, öňde durýan wezipeleri aýdyň kesgitledik. Ata Watanymyzy durmuş-ykdysady, senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmek boýunça belent maksatlary goýduk” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary özboluşly şan-şöhratly we taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý boldy. Bu wakalar ata Watanymyzyň beýik ösüşlere tarap yzygiderli öňe barýandygyny, halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanýandygyny aýdyň görkezdi.

“Garaşsyzlygymyzy gorap saklamak we berkitmek biziň beýik maksadymyzdyr. Ýurdumyzyň her bir raýaty bu beýik maksat üçin, döwletimiz, halkymyz, Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz üçin ak ýürekden gulluk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Halk Maslahaty adamlary belent maksatlaryň daşynda birleşdirip, öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş edýär!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin netijeli işler amala aşyryldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň täze ulgamy döredildi, döwletimiziň konstitusion gurluşy has-da kämilleşdirildi. Ýerasty we ýerüsti baýlyklarymyz bilen birlikde milliligimizi gorap saklamak, baýlaşdyrmak hem-de dünýä ýaýmak ugrunda hem uly işler amala aşyryldy.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, watandaşlarymyzyň parahat, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, ýokary we orta okuw mekdepleri, çagalar baglary, saglyk merkezleri, döwrebap etraplar, şäherler we obalar guruldy.

“Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli özgertmek, sebitlerimiziň ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşini üpjün etmek bilen bagly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Bellenilişi ýaly, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli ýurtlary we halklary hormatlamak daşary syýasat ugrumyzyň esasy düzgünleri hökmünde kesgitlendi. Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän ýurdumyz oýlanyşykly daşary syýasaty amala aşyryp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda baý tejribe toplady.

Ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçilikleri parahat durmuşyň hatyrasyna gönükdirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki ýokary derejeli strategik hyzmatdaşy Birleşen Milletler Guramasy bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üç gezek ykrar edilmegi, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy möhüm syýasy wakalardyr.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi, Halkara Bitaraplyk gününiň esaslandyrylmagy buýsandyryjy wakalardyr. Şeýle hem umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýamyz dünýäniň syýasy giňişliginde möhüm ähmiýete eýe boldy.

“Men bularyň ählisini biziň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dostluk we ynsanperwerlik gymmatlyklarymyza dünýä bileleşigi tarapyndan berlen iň uly baha, ýokary ynam diýip hasap edýärin” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

“Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli amala aşyrýar. Ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlarynyň ählumumy möhüm wezipelerini hem-de görkezijilerini milli ösüş strategiýalaryna we maksatnamalaryna ornaşdyran ilkinji döwletleriň biridir.

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ýokary hilli bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň elýeterlililigini üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek we beýleki ählumumy soraglar boýunça amala aşyrýan işlerimiz döwletimizi dünýäniň syýasy we ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurdy hökmünde ykrar edýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýetilen sepgitler, ilkinji nobatda, döwletliligimiziň binýady bolan beýik Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistany dünýäniň senagat we ulag-logistika merkezleriniň birine öwürmek üçin uly işlere badalga berildi. Bu döwürde milli maýa goýum strategiýasy netijeli amala aşyrylyp, Türkmenistanda döwrebap täze pudaklar hem-de senagat kärhanalary döredildi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda elektrik energiýasy, nebit we gaz senagaty, metallurgiýa, himiýa senagaty, gurluşyk, elektron, dokma hem-de azyk, derman senagaty ýaly möhüm pudaklardan ybarat bolan köpugurly ykdysadyýet emele geldi. Ýurdumyzda senagat pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň we eksport mümkinçiliklerini artdyrmagyň baş ugry hökmünde amala aşyrylýar.

“Bu ugurda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda iri senagat desgalary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm orna eýedir. Bu senagat desgalarynyň ählisi ahyrky netijede raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod, «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary, «Balkan», «Lebap» we «Bäherden» sement zawodlary, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy öz önümleri bilen ýurdumyzyň senagatlaşma strategiýasyna we importyň ornuny tutýan önümçilige ägirt uly goşant goşýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagynyň gurluşy düýpli özgerdi. Ýurduň obasenagat pudagyny ösdürmek bilen pagta we galla hasylyny ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm bolup durýar.

Energetika senagaty hem ýokary depginde ösdürilýär. Täze gazturbinaly elektrik stansiýalary gurlup, Gün, ýel stansiýalary ýaly innowasion taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Geljegi uly we çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň ýene biri himiýa senagatydyr. Ýurduň tebigy baýlyklary mineral dökünleriň ähli görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýär. Himiýa kärhanalary ýokary hilli mineral dökünleri, tehniki ýody, sulfatdyr beýleki himiki önümleri öndürýär.

Gahryman Arkadagymyz çykyşyny dowam edip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hem yzygiderli ösýändigini belledi. Täze-täze nebitli-gazly ýataklar açylyp ulanmaga berilýär. Nebitgaz önümlerini gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklar gurlup, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmaga, halkara energetika bazarlaryna iberilýän harytlaryň möçberini hem-de ugurlaryny giňeltmäge gönükdirilen strategiýadyr.

“Durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň biri hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygydyr. Bu transmilli taslama ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşine we doganlyk halklaryň abadançylygyna gönükdirilendir” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Bellenilişi ýaly, tebigy gazyň gorlary boýunça ägirt uly «Galkynyş» gaz käni bolsa ýurdumyzyň tebigy-serişde binýadynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ägirt uly gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi tebigy gazyň ýurduň içine hem-de halkara bazarlara ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şu ýyl «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyryna badalga berildi. Bu taslama ýylda goşmaça 10 milliard kub metr harytlyk gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän desgalary döretmegi göz öňünde tutýar. Bu tapgyryň durmuşa geçirilmegi täze iş orunlaryny döretmek bilen, gazyň çykarylyş möçberlerini, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam berer. Ýurdumyzyň halkara energetika bazaryndaky ornuny has-da berkider.

Bellenilişi ýaly, 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi geçen 18 ýylyň içinde 30 müňe golaý agzany özünde jemleýän iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Birleşmäniň agzalary tarapyndan gurlan 1500-den gowrak senagat ugurly önümçilik hereket edýär. Olar plastik, metal önümleri, gurluşyk materiallaryny, dürli himiýa önümlerini, haly önümlerini, elektroenjamlary, öý harytlaryny, mebelleri we azyk önümlerini öndürýän köp sanly kiçi we orta zawodlary öz içine alýar.

Ýurdumyzyň senagat düzüminde täze ugurlar hem açylýar. Şolaryň biri-de elektron senagatydyr. Elektron senagaty milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek we importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek maksady bilen ýurdumyzda giňden ösdürilýän täze we innowasion pudakdyr.

Häzir ykdysadyýetiň hiç bir pudagyny ýokary tehnologiýalary peýdalanmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Milli elektron senagatynyň döredilmegi ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär. Innowasion, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan elektron senagaty döretmek we ösdürmek, şeýle hem bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar.

“Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň elektron senagaty döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň çäklerinde dürli görnüşli we ýokary hilli önümleri öndürýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Bellenilişi ýaly, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy hem uly ösüşe eýe bolýar. Ýurdumyzda döwrebap senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar, bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur bolan gurluşyk önümleri we beýleki serişdeler bilen üpjün edýär.

“Ýurdumyzda halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlar senagat pudaklarynyň okgunly ösüşine uly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy mundan beýläk-de senagat taýdan ösdürmäge gönükdirilen uzak möhletleýin strategiýanyň kabul edilmegini, şeýlelikde, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeleriň biri hasap edýärin” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz çykyşyny dowam edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünliklerde ýaşlarymyzyň hyzmatynyň örän uludygyny nygtady. Dünýä derejesindäki abraýly ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda hem-de sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlarymyzy, olaryň halypa mugallymlaryny we tälimçileri sylaglamak indi asylly däbe öwrüldi. Ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

“Men bu barada Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagymda giňişleýin durup geçdim. Döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegini möhüm hasap edýärin” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri munuň ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, obalarynda häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralary gurulýar. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda hem daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebi, çagalar bagyny hem-de sport binasyny öz içine alýan desgalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalar toplumy kämil ýaşlaryň ýetişmegini üpjün edýän okuw-usulyýet toplumyna öwrüler. Bu bolsa ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn bilimli we sagdyn bedenli bolmagyna giň ýol açar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan orta mekdepde we çagalar bagynda ýaşlaryň zehinini ösdürmek maksady bilen, dürli dersleriň işi ýola goýlar. Şeýle hem bu ýerde ene-atalar üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän otagyň döredilmegi bilim-terbiýeçilik işinde örän netijeli bolar. Dünýä tejribesinden ugur alyp, halkara talaplara laýyk gelýän bu orta mekdepde we çagalar bagynda ýaş neslimize kämil, döwrebap hünär taýýarlykly pedagoglaryň bilim-terbiýe bermegi möhüm bolup durýar.

“Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny ösdürmegiň milli institutyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamaly we bu ugurda degişli işleri geçirmeli. Şeýle hem ýurdumyzda ýokary hünärli pedagogik işgärleriň durnukly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, okuw dersleri boýunça mugallymlara bolan islegiň bäş ýyllyk çaklamasyny taýýarlamaga möhüm ähmiýet bermeli. Netijede, pedagogik ugurly bilim edaralarynyň uçurymlary orta mekdeplerde we çagalar baglarynda öz alan bilimi we başarnyklary boýunça ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge mynasyp goşandyny goşarlar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ylmyň gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde hem-de olaryň binýadyndaky ylmy merkezlerde ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Innowasiýalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde goşmaça maliýe serişdeleri gazanylýar. Netijede, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki hem-de ylmy binýadyny berkitmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz maliýe serişdelerini ylym-bilim bilen bagly işlere, aýratyn hem, talyplaryň we ýaş alymlaryň ylmy başlangyçlaryny goldamaga gönükdirmegi maslahat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan konstitusion esasda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, durmuş syýasaty, öňi bilen, zähmeti goldamaga we goraga mätäç raýatlara gönükdirilendir. Köp çagaly maşgalalara, hossarsyz çagalara, weteranlarymyza giňden goldaw berilýär. Her bir raýatyň mynasyp durmuş şertlerinde ýaşamagyna gönükdirilen bu syýasat jemgyýetimiziň agzybirligini, ýurdumyzyň syýasy hem durmuş taýdan durnuklylygyny üpjün edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi gadymdan gelýän ynsanperwer däplerimiziň täze mazmun bilen dowam etdirilýändiginiň we yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

“Her bir döwletiň durmuş-ykdysady kuwwaty, her bir jemgyýetiň sagdynlygy, ilkinji nobatda, adamyň saglygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, öňdebaryjy saglygy dikeldiş merkezlerini hem-de şypahanalary gurmaga, halkyň saglyk ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýä belli meşhur lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda netijeli işler durmuşa geçirilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Arkadag şäherinde ýerleşýän «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy ýerli çig mallar esasynda ýokary hilli lukmançylyk we sarp ediş serişdelerini öndürmekde möhüm işleri durmuşa geçirýär. Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin täze gözýetimleri açýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri geljekde hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini ösdürmegiň dowam etdiriljekdigini nygtady.

“Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr. «Atym bar — ganatym bar», «At agynan ýerde toý bolar», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» diýlişi ýaly, halkymyz ähli haýyr işleri bedew bilen baglanyşdyrýar. Gözelligiň we kämilligiň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi. «Asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip, dünýä ýüzünde meşhur bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçiriljek atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasy işlenip taýýarlandy. Bu çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi. Şu ýyl Monte-Karloda geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna halkara güwänamalaryň gowşurylmagy ajaýyp waka boldy. Atçylyk sporty bilen meşgullanýan ýaşlarymyz dünýä döwletleriniň birnäçesinde atlar we atçylyk sungaty bilen bagly geçirilen halkara maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary ussatlyklaryny görkezdiler.

“Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty bolsa ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny we şan-şöhratyny artdyrmakda aýratyn möhüm waka boldy. Ýene-de sanlyja günlerden bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde biz Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris. Bu zatlaryň ählisi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dünýäde uly meşhurlyk gazanan behişdi ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende göterdi” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. Bellenilişi ýaly, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäheri ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik üstünlikleri bütin dünýä aýan edýän iri şähergurluşyk taslamasydyr. Şäherde ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, sanly ulgam mümkinçilikleri raýatlaryň ýaşaýyş derejesini täze belentliklere göterýär.

“Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasy amala aşyrylýar. Bu ugurdaky tejribämizi geljekde ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde hem giňden ulanarys. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, azyk, senagat önümlerini, derman we lukmançylyk serişdelerini öndürmek üçin kärhanalar hem gurulýar. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 2027-nji ýylyň şanly wakasyna öwrüler. Biz bu toýa häzirden gowy taýýarlyk görmelidiris. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döredip, anyk meýilnamalar esasynda yzygiderli işleri alyp barmalydyrys” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Watana bolan söýgi mukaddesdir. Watanyňy janyňdan eziz görmek, onuň her daban ýerini gözüň göreji ýaly aýap saklamak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Islendik ynsanyň kalbynyň töründe Watana bolan belent we mukaddes söýgi bolmalydyr. Biziň eziz Watanymyz — bagtyýarlygyň we döwletliligiň mekanydyr. Bu gadymy hem mukaddes toprakda pederlerimizden miras galan agzybirlik bar, halallyk bar.

“Berkarar döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy adam we onuň abadançylygydyr. Raýatlarymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmek biziň baş maksadymyzdyr. Bagtyýar halkymyzyň agzybirligi we jebisligi biziň güýçli döwletimiziň sarsmaz sütünidir. Biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyz hem-de hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyna gönükdirilendir. Biz geljekde hem alyp barýan bu syýasatymyzy üstünlikli dowam etdireris” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşyny tamamlamak bilen, mejlise gatnaşyjylara hem-de mähriban halkymyza berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş arzuw etdi.

Soňra wekiliýetleriň agzalaryndan gelip gowşan tekliplere laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň prezidiumy saýlanylýar. Gahryman Arkadagymyz olara öz ýerlerine geçmeklerini haýyş edýär.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine hödürlenen soraglar boýunça çykyş etjek adamlara söz berildi.

Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara söz berdi.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gutly Ballyýew çykyş etdi. Ol çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzy we mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy bilen Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşýan ýaşulularyň adyndan Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalarymyzyň döwletli ýörelgelerinden ugur alyp, her bir tutumly işde ýaşulular hem-de halkymyz bilen maslahatlaşmagy ýaşuly nesil üçin uly mertebedir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi pederlerimiziň mukaddes däpleriniň we halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň, halkara saglyk merkezleriniň, bilim ojaklarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

«Şu ýyl ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň uly zähmet ýeňşini gazanyp, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrmaklary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesine toý sowgady boldy» diýip, G.Ballyýew sözüni dowam etdi. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän işleriň halkara derejede ykrar edilýändigini aýdyp, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömekleriniň iberilmeginiň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygynyň ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde gurluşygy dowam edýän metjidiň adynyň “Arkadagyň ruhy metjidi” diýlip atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän sahawatly işlerine bolan buýsanjyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy G.Ballyýew pursatdan peýdalanyp, her ýylda ildeşlerimiziň haj parzyny berjaý etmeklerine döredilýän şertler üçin hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly hajy Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdi. Ol ýaşlarymyzyň Watana wepaly, milli ýörelgelerimize ygrarly, zähmetsöýer, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ýaşuly nesliň adyndan ynandyrdy hem-de Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edip, çykyşyny şahyrana setirler bilen jemledi

***

Gahryman Arkadagymyz gün tertibine girizilen soraglary ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de mähriban halkymyza, mejlise gatnaşanlara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etmek bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlandy.

Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mejlisiň üstünlikli geçmegi hem-de halkymyzyň parahat, asuda we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen taryhy ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary-da ýurdumyzyň okgunly ösüşinde möhüm tapgyry alamatlandyran bu mejlisiň üstünlikli geçirilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegi hem-de ýetip gelýän baýram — ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.