Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet sapary başlandy
                    
                     
                        
                        
                                
                                1272
                            
                            
                                
                                14.07.2022
                            
                        Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary başlandy.
Saparyň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynasanperwerlik ulgamlarynda ikitarapaplaýyn bähbitli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem taraplar halkara we sebit syýasaty meseleleri boýunça pikir alşarlar.
Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň netijeleri boýunça Aşgabat bilen Daşkendiň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşine täze itergi berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.
(TDH 14.07.2022 ý.)