kredit hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Ýyl

goýum hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Siziň girdejiňiz:

walýuta - 20.02.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy

Täzelikler

Türkmenistanyň “Daýhanbank”döwlet täjirçilik banky banky birnäçe görnüşli karzlary hödürleýär 1.Raýatlara berilýän mikrokarzlar.
2.Raýatlara sarp ediş maksadyna berilýän karzlar.
3.Ýokary okuw jaýlarynda gündizki görnüşinde bilim alýan talyplaryň okuwynyň bahasyny tölemek üçin berilýän “Talyp karzy”.
4.Durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin ýeňillikli berilýän karzlar.
5.Türkmenistanyň raýatlaryna gurlup ulanylmaga taýýar edilen hususy ýaşaýyş jaýlary we jaýlardaky öýleri gozgalmaýan emläk hökmünde girewe goýup satyn almak üçin berilýän karzlar
6.Önümçilik maksatly oba hojalyk ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin tohum satyn almaklyga berilýän karzlar.
Türkmen-özbek gatnaşyklary — hoşniýetli goňşuçylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Saparyň dowamynda netijeli türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle hem milli Liderimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar.
BANK GOÝUMLARY HALKYŇ HYZMATYNDA Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde ýurdumyzyň edermen babadaýhanlary her ýylda bolşy ýaly bu ýyl hem  ajaýyp zähmet üstünliklerini gazandylar.
Türkmenistanyň Prezidenti senagat - kommunikasiýa toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda senagat we kommunikasiýa toplumynda bar bolan çözülmeli meseleler hem-de toplumyň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara pul gaznasy: 2019-njy ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 6,3 göterim derejede ösmegine garaşylýar Aşgabatda 5-12-nji noýabr aralygynda Halkara pul gaznasynyň (HPG) hanym Nataliýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş saparynda boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasynyň wekiliýetiniň nobatdaky saparynyň maksady Türkmenistandaky häzirki makroykdysady we maliýe ýagdaýyna baha bermekden, ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de maslahatlary, şol sanda pul – maliýe ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Täzelikler 16 - 20 (e/a) 186