Türkmen bitaraplygy tutuş ynsanyýetiň hyzmatynda

Türkmen bitaraplygy tutuş ynsanyýetiň hyzmatynda 11.12.2019

Türkmen bitaraplygy tutuş ynsanyýetiň hyzmatynda

  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz döwletimiziň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan syýasaty durmuşa geçirmek bilen, bütin ynsanyýetiň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar. Şeýle-de berkarar döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy mukaddes Garaşsyzlygymyzy gorap saklamagyň we ony mundan beýläkde pugtalandyrmagyň galkany bolup hyzmat edip gelýär. Şeýle hem biziň berkarar döwletimiziň tutuş dünýäniň ykrar eden bitaraplyk derejesi bütin adamzadyň rowaç ýaşaýyşyny üpjün etmek ugrunda dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan tutumly işlerine mynasyp goşant goşýandygy üçin onuň ilkinji ykrar edilen güni bolan 12-nji dekabry ähli ýurtlarda bellenilýän şanly senä öwren “Halkara Bitaraplyk güni” Rezolýusiýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan iňňän öňdengörüjilikli, parasatly, ynsanperwer syýasatynyň hemmeleriň bähbitlerine laýyk gelýän syýasatdygynyň aýdyň subutnamasydyr.
   Munuň özi ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda goldanyp gelen hem-de olara uly şöhrat getiren bitaraplyk ýörelgesi bu gün, XXI asyryň täze taryhy şertlerinde berkarar döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bütin dünýäde pugta parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmat edýändiginden habar berýär.
   Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmak bilen, dünýäde ähli halklaryň parahatçylykda we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda ýaşamaklaryna saldamly goşant goşýan ylalaşdyryjy merkeze, ýagny sebitde we tutuş dünýäde bar bolan çylşyrymly meseleleriň oňyn çözgüdiniň gözlenilýän we tapylýan ýerine öwrülendigi bu gün aýratyn bellemäge mynasypdyr.
   Ýurdumyzyň hemişelik bitarap hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzyň paýtagtynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahata dünýäniň ýüze golaý ýurdunyň, şeýle-de halkara guramalaryň onlarçasynyň wekiliýetleriniň gatnaşandygy, onda çykyş eden dünýä belli syýasatçylaryň, döwlet ýolbaşçylarynyň türkmen döwletiniň bitaraplyk syýasatyna iňňän ýokary baha berendikleri hem berkarar döwletimiziň halkara abyraýynyň iňňän belentdigine şaýatlyk edýän möhüm syýasy waka boldy.
  Bu aýdylanlaryň ählisi dünýä jemgyýetçiliginiň biziň döwletimize, halkymyza, milli Liderimize öz ykbalyny ynanýandygyny görkezýär.
Şonuň bilen birlikde, aýratyn buýsandyryjy wakalaryň biri bu gün biziň berkarar döwletimiziň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllygyny bu halkara bileleşiginiň 2-nji fewralda kabul eden Kararnamasyna laýyklykda dünýäniň ähli halklary bilen Halkara Bitaraplyk güni hökmünde belleýändigimizden ybaratdyr. Munuň özi biziň türkmen Bitaraplygymyzyň dünýäniň ähli ynsanyýetine hyzmat edýändiginiň aýdyň ýüze çykmasydyr.
   Bu ajaýyp baýramy bolsa biziň halkymyz her ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar.
Biziň döwletimiz indi ikinji gezek BMG-niň iň esasy düzümleriniň biri bolan Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2019-2021-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlandy hem-de bu babatdaky öz borçlaryny uly üstünlik bilen amala aşyrýar. Munuň özi öz baýramdyr toýlaryny, indi birnäçe ýyl bäri dünýäniň ähli halklary bilen bilelikde belleýän halkymyzyň bu babatda ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýöredip gelen ýörelgelerini täze taryhy şertlerde dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr.
  Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli geçirilen milli baýramymyzyň öňüsyrasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy maslahatynda “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi, şeýle-hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji Beýannamasynyň bu halkara bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ykrar edilmegi, bir tarapdan, biziň baýramçylyk ruhumyzy has belende göteren, beýleki bir tarapdan bolsa, dünýäniň iň kuwwatly, iň abraýly halkara bileleşigi bolan Birleşen Milletler Guramasynyň ynamly öňe barýan berkarar döwletimiz bilen strategiki hyzmatdaşlygy mundan bu ýana-da giň gerimde ösdürmäge hyjuwlydygynyň ýene-de bir aýdyň ýüze çykmasy boldy.
   Şu pursatda bize bagtyýar döwrüň gapysyny giňden açyp beren hormatly Prezidentimizi hem-de şol bagtyýarlygyň hözürini görüp, ata Watanymyzyň mundan bu ýana-da gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän halkymyzy Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, işde we durmuşda uly rowaçlyk arzuw edýäris!

Işgärler bilen işleýän
müdirliginiň başlygy M.Ataýewa


← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 29.09.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy