Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi 02.05.2020

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda pudakdaky işleriň ýagdaýyna garalyp, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we ýer-suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, oba zähmetkeşleriniň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.

Ýurdumyzyň meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görlüşi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimizde täze taryhy eýýamyň gazananlary üçin ygtybarly binýadyň esasyny goýýan strategik ugurlaryň biridir.

Mälim bolşy ýaly, ilatyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde häzirki wagtda bu ulgamda obasenagat toplumynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmaga, ekerançylaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Maslahatda bu işleri mundan beýläk-de ýaýbaňlandyrmak bilen baglylykda, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, pudaga obasenagat toplumyny has-da kämilleşdirmäge ýardam berýän sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabatlar diňlenildi.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän ulgamynda özgertmeleriň ilerledilişi hem-de şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan ýazky möwsüm barada hasabat berdi. Şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk pudagyna dünýä tejribelerini we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak baradaky görkezmelerine laýyklykda, dolandyryşyň sanly elektron ulgamyna geçmek, hünär bilimini ösdürmegiň halkara tejribesini öwrenmek, maglumat hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny giňeltmek boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de obasenagat toplumyny özgertmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, häzirki tapgyrda bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini artdyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady. Munuň özi oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ýetişdirilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmaga ýardam berer.

Milli Liderimiz bu ulgamda özgertmeleriň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegi hem-de obasenagat toplumynyň ösüşiň innowasion ýoly bolan sanly ulgama yzygiderli geçmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmaga hem-de oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça hemme zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew pudagy ýokary depginler bilen ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi bilen bugdaýy, ýeralmany, irki gök-bakja önümleri hem-de beýlekileri ösdürip ýetişdirmek boýunça ýazky meýdan işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle hem olaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak, ekerançylygy ylmy esasda alyp barmak maksady bilen anyk işler amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň berýän goldawy netijesinde, obasenagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmäge, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy öndürijilerinden ýokary öndürijilikli häzirki zaman oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary yzygiderli satyn almagyň hasabyna tehniki binýady täzelemäge köp mukdarda maýa goýum serişdeleri bölünip berilýär. Bu bolsa möwsümleýin işleriň bellenilen möhletde geçirilmegine ýardam berýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, pudakda düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga döwletimiziň uly üns berýändigini nygtady.

Şu maksatlar bilen, köp möçberde maliýe serişdeleri maýa goýlup, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça çäreler görülýär.

Oba ilatynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, halal zähmeti bilen baýamagy üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Daýhanlarymyz tehniki hyzmatlar we suw bilen, mineral dökünlerdir tohum, himiki serişdeler bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz bu işleriň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin hemme zerur çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Daşary ýurtlardan ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary öndürijilikli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin bolsa öňdebaryjy ylmy usullar işjeň ulanylýar.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygyna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ähmiýeti barada aýdyp, bu çäräniň işiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini, ýerine ýetirilen işler barada elektron görnüşdäki anyk maglumatlary toplamaga mümkinçilik berjekdigini we umuman, pudagyň durnukly ösdürilmegini üpjün etjekdigini nygtady.

Bu ugurda görülýän anyk çäreler oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň agrotehniki çärelerini öz wagtynda geçirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, ýerleriň takyk hasabyny ýöretmek we suw serişdelerini rejeli ulanmak üçin köp şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler baradaky meseläni aýratyn ara alyp maslahatlaşdy.

«Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýada», «Milli tokaý maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda netijeli çäreler görülýär. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga büremek, ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmak, ajaýyp türkmen tebigatyny gorap saklamak üçin uly işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, arassa daşky gurşawy döretmek, adamlaryň saglygyny gorap saklamak, sagdyn durmuş kadalaryny üpjün etmek, ýurdumyzyň baýlyklaryna aýawly garamak we önümçilige arassa tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde oba hojalyk toplumyna degişli ministrligiň we pudak edaralarynyň, şeýle hem welaýatlaryň häkimlikleriniň amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreleri görmelidigi barada aýdyp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla öndürmek boýunça tassyklanan meýilnamanyň bellenilen möhletlerde doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi, bugdaý meýdanlarynda zerur bolan agrotehniki çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlaryny artdyrmak, öndürilýän mukdaryny köpeltmek barada görkezme berdi.

Welaýatlarda bugdaýyň, gowaçanyň, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin zerur mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylmagy babatda degişli görkezmeler berildi.

Maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak babatda hem birnäçe tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz oba hojalygynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, maglumatlaryň elektron binýadyny döretmek maksady bilen, şeýle hem ykdysadyýetiň bu ulgamynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşini üpjün etmek üçin obasenagat toplumyna sanly elektron dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmagyň depginini güýçlendirmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan sepgitlere ýetmek üçin pudaga hususy öndürijileri çekmegi, şeýle hem amala aşyrylýan özgertmelerde olaryň gatnaşyk paýyny yzygiderli artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipelere örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, şonuň bilen birlikde, oba hojalygynyň ösdürilmegine döwletimiz tarapyndan toplumlaýyn goldaw hem-de hemmetaraplaýyn hemaýat edilýändigine, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyna garamazdan, pudakda birnäçe kemçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şol kemçilikleriň hatarynda, bellenilen özgertmeleri durmuşa geçirmekde depginleriň pesdigi agzaldy.

Şunuň bilen baglylykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe käýinç yglan edildi.

Şeýle hem wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewe berk käýinç yglan etdi.

Milli Liderimiz obasenagat pudagynda ylmy taýdan esaslandyrylan işleri alyp barmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belläp, degişli ylmy-barlag edaralaryna oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly, kesellere durnukly, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan täze görnüşlerini döretmek we önümçilige giňden ornaşdyrmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň ahyrynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy baradaky meselä degip geçdi. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň esaslandyrylanyna 10 ýyl dolýar.

Bu iri düzümiň alyp barýan işleri halkymyzyň buýsanjy bolan, ady rowaýata öwrülen türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmakda örän möhüm ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak baýramçylyk çärelerini türkmen toýuna mahsus ruhda ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça tabşyryklary berdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi 30.03.2020 ý.

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 24.10.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy