Bank ulgamy ösüş ýolunda

03.07.2020

Bank ulgamy ösüş ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar.
          Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda täze innowasion tehnologiýalary ýagny, sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna geçmek hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän ykdysady syýasatynyň esasy bolup durýar.  
         Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolup, ol wagty we harajatlary tygşytlamak bilen bir hatarda, girdejileriň täze-täze çeşmelerini ýüze çykarmaga-da şert döredýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi, ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän neijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna, bankyň hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň durmuş şertleriniň özgerdilmegine tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň peseldilmegini üpjün etmek bilen, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär.
          “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” wezipeleriniň biri bolan Pul dolanyşygynda nagt däl hasaplaşyklaryň paýyny artdyrmak, ykjam enjamlar arkaly dürli tölegleri geçirmek ýaly innowasion ösüşlerden ybaratdyr.
Kärendeçilere ýa-da önüm öndürijilere hasaplaşyklar amala aşyrylanda plastik kartlarymyzyň üsti bilen nagt däl tölegleriň geçirilmegi oňaýly hem-de amatly şertleri döredip, olaryň wagtyny tygşylamaga, serişdeleriniň goraglylyk derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem, öz gazanýan serişdelerine seljerme geçirmäge we pul dolanyşygyny çaltlandyrylmagyna öz täsirini ýetirýär.
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky bugdaý hasylyny osdürip ýetişdiren daýhanlarymyzyň ýylyň dowamynda çeken zähmetleri üçin alýan girdejilerini amatly, ygtybarly we tygşytly ulanmaklary üçin niýetlenilen plastik kartlarymyza bankymyz tarapyndan täze bir bank önümi bolan “Cash-back” hyzmaty girizildi. Bu girizilen hyzmat kärendeçilerimiz üçin niýetlen bolup, bank kartynyň üsti bilen bankomatlardan, terminallardan we “Internet bank”, “Mobil bank” hyzmatlaryndan peýdalanyp her bir nagt däl geçirilen tölegleriň 1 % derejesinde “Cash-back” sylaglandyrmasy tölenilýar. Bu diýmek her bir alýan harydyňa ýa-da hyzmatyňa 1 % arzanladyş bar diýmekdir. Mundan başga-da bugdaý hasaylyny osdürip ýetişdiren kärenedçileimiziň çeken zähmetleri üçin pul serişdeleri bir bada kart hasabyna geçmegi kärendeçilerimiziň kart hasabynda duran serişdesine ýyllyk 5% tölenilmegi kärendeçiler üçin goşmaça girdeji bolup hyzmat edýär.  
     “Cash-back” hyzmaty soňky on bäş ýylyň dowamynda dünýäniň maliýe we ykdysady taýdan ösen ýurtlaynda has giňden ýaýrady.          “Cash-back”  sözi iňlis dilinde terjime edilende - puluň yzyna gaýdyp gelmegi diýmekdir ýagny, tölegiň belli bir möçberiniň yzyna gaýdyp gelmegini aňladýar.
        Adam üçin iň bir gymmat zadyň biri wagt bolup durýar. Bankda döredilen amatly hem-de ygtybarly hyzmatlardan peýdalanmak bilen, her bir adam öz wagtyny tygşytlar. Geljek-de ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi has hem  öser, şonuň bilen bir hatarda banklarda täze  hyzmatlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli dowam etdiriler.
Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän, bize şeýle ajaýyp zamanamyzda netijeli işlemäge şert döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

D.Annagulyýew -Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň Pul dolanyşygy müdirliginiň başlygy          

← Täzeliklere geçiň!



walýuta - 23.09.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy