Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
h81mMSZtdmeffJDhqzErMEshALTF3sBnCuIv5Jzw1SAtJeGYMO_1666851380.jpg
1215
27.10.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol işleriň ýagdaýy, hususan-da, pagta ýygymynyň depgini hem-de pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, sebitiň gowaça meýdanlarynda hereket edýän oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ýygym möwsüminde pagta ýygýan kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň sazlaşykly işiniň üpjün edilýändigi bellenildi. Mundan başga-da, bugdaý ekişi agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy öz wagtynda, talabalaýyk tutulýar, netijede, meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar.

Şeýle hem häkim welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur bolan ot-iým taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça ähli zerur çäreleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi. Bulardan başga-da, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almagyň häzirki günüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýdyp, bu ugurdaky işleriň welaýatyň Kaka, Sarahs, Tejen etraplarynda haýal alnyp barylýandygyna nägilelik bildirdi hem-de pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegi häkimden talap etdi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişi baradaky meselä ünsi çekip, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmelidigini belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz maldarçylyk hojalyklarynda hem gyş paslyna taýýarlyk işleriniň öz wagtynda, talabalaýyk alnyp barylmagyny talap etdi. Döwlet Baştutanymyz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, sebitde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin meýdan işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “ak altyn” hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, ýygym möwsümini üstünlikli geçirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilýär. Ýygnalan hasyly daşamakda ulanylýan tehnikalar, pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar bökdençsiz işledilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, gögeriş suwuny tutmak we kadaly gögeriş almak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar, maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin ot-iým taýýarlamak hem-de mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Şu ýyl günbatar sebitde açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pagta hasylyny wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça öňde durýan işleriň welaýatyň Etrek etrabynda haýal alnyp barylýandygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekişinde agrotehnikanyň talaplarynyň pugta berjaý edilmelidigini, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleriniň öz wagtynda we degişli derejede geçirilmelidigini, gant şugundyry ekilen meýdanlarda ýokary hasyl almak üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz gyş paslynyň ýetip gelýändigine ünsi çekip, maldarçylyk hojalyklarynda bu jogapkärli möwsüm üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmelidigini aýtdy. Sebitde ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, şunda kombaýnlaryň, hasyl daşaýan tehnikalaryň hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň bökdençsiz işini ýola goýmak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şol bir wagtyň özünde welaýatda bugdaý ekişini ýokary hilli, öz wagtynda geçirmek, ekişde ulanylýan tehnikalaryň we beýleki oba hojalyk gurallarynyň talabalaýyk işini üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Şeýle hem häkim welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur möçberde ot-iým taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleri ýokary depginlerde dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda obasenagat pudagynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigine, häzirki wagtda dowam edýän pagta ýygymynyň güýçli depginlerde alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, welaýatyň Ruhubelent, Akdepe, Boldumsaz etraplarynda pagta ýygymynyň derejesiniň pesdigini belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmelidigini, ýetişdirilen şaly hasylynyň ýitgisiz ýygnalmalydygyny aýtdy we bu ugurdaky işleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny häkime tabşyrdy.

Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda jogapkärli möwsüme — gyş paslyna taýýarlyk görülmelidir, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça işler öz wagtynda geçirilmelidir. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz şu ýyl demirgazyk sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk derejede alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur bolan ähli işler sazlaşykly alnyp barylýar. Şunda pagta ýygýan kombaýnlaryň, pagta hasylyny daşaýan tehnikalaryň hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Häkim bugdaý ekişini öz wagtynda geçirmek, ekişde oba hojalyk tehnikalaryny we ekiş enjamlaryny doly güýjünde işletmek, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş almak boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işler geçirilýär.

Hasabatyň çäklerinde welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslyna taýýarlyk görmek, zerur möçberde ot-iým taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi. Şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depginleri barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ähli işleriň öz wagtynda, ýokary hil derejesinde, agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Pagta ýygym möwsümini bellenilen möhletlerde geçirmek we hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de welaýatyň Döwletli, Köýtendag, Hojambaz etraplarynda pagta ýygymynyň depgininiň pesdigini aýdyp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz şalydan bol hasyl almak, maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslyna ykjam taýýarlyk görmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleri berk gözegçilikde saklanmalydyr.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda pagta ýygymyny, bugdaý ekişini öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýygym möwsüminde pagta ýygýan kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň sazlaşykly işi üpjün edilýär, bugdaý ekişinde oba hojalyk tehnikalary we ekiş enjamlary doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak işleri öz wagtynda, talabalaýyk geçirilýär hem-de kadaly gögeriş alynýar.

Şeýle hem häkim welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýän ideg işleri, ýetişdirilen hasyly ýygnamak, maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur möçberde ot-iým taýýarlamak hem-de mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça işleriň geçirilişi barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi, hususan-da, welaýatyň Oguzhan, Wekilbazar, Murgap etraplarynda pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini aýdyp, bu ugurdaky işleriň barşyna nägilelik bildirdi hem-de ýol berlen kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmegini, bu jogapkärli möwsüme dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi häkimden talap etdi.

Bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir, ýetişdirilen gant şugundyrynyň bol hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli tagallalar edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz degişli tehnikalary doly kuwwatynda işletmegiň hasabyna bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda hem-de bellenilen möhletlerde geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady we munuň häzirki döwrüň talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslyna taýýarlyk görmek boýunça meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidir, ot-iým taýýarlamak, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça işler öz wagtynda we talabalaýyk alnyp barylmalydyr. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaý ekişi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunda bugdaý ekilen meýdanlary suwarmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Lebap welaýatyna iş sapary boýunça, bu sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we bugdaý ekişini geçirmek, ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmek babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler barada aýdyp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini degişli derejede hem-de agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere pagta ýygymy, bugdaý ekişi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunda ulanylýan oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar bökdençsiz işledilmelidir. Ekerançylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti üçin gymmatly çig mal bolan pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin anyk çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

TDH 25.10.2022 ý.