Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
ge76r6HT8hhnslwCRR7fIb8F27JhGG1mKz8VTcVnBkpZMzwv0J_1631593782.jpg
233
14.09.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly ýerine ýetirilişine degişli meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa söz berdi. Häkim paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy hem-de dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini, şäheri mundan beýläk-de toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hususan-da, häkim paýtagtymyzda, Köpetdagyň gözel künjeginde gurluşygy alnyp barylýan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumyndaky işleriň barşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimize birnäçe şekil taslamalary görkezildi.

Şeýle hem şöhratly sene — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara, Halk Maslahatynyň mejlisine, zähmetde tapawutlanan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde işleriň alnyp barlyşyna, durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, inžener-tehniki, bezeg we ekologiýa taraplaryny göz öňünde tutup, hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Bina edilýän desgalar Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşmalydyr, bu ýerde ozal gurlan binalar, şäher gurşawy bilen sazlaşmalydyr.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, paýtagtymyzda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň öňde goýlan wezipeleriň innowasion esasda, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we işläp taýýarlamalaryň, dünýäniň hem-de ýurdumyzyň iň oňat tejribesiniň işjeň ulanylmagy bilen çözülmegine gönükdirilendigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz desgalaryň gurluşyklaryny bellenen möhletde we ýokary hil derejesinde tamamlamagyň möhümdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleriniň bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl bolandygyny nygtady. Dana Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasyna ýugrulan, kämil many-mazmunly goşgulary halkymyzy halal zähmete, belent maksatlara ruhlandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine laýyk gelmelidigini belledi.

Şunda bu ýerlerde gurulýan desgalar toplumy Köpetdagyň etegindäki tebigy aýratynlyklar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir hem-de häzirki zamanyň ösen tejribelerinden, milli binagärlik ýörelgelerinden we ýerli özboluşly tebigy aýratynlyklardan ugur alynmalydyr. Ekologiýa meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumynyň onuň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemäge taýýarlyk görülýän döwürde, şeýle hem “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän we ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk şanly senesi bellenilýän ýylda açylmagynyň aýratyn ähmiýete, many-mazmuna eýedigini nygtady. Şoňa görä-de, ýadygärlikler toplumynyň açylyş dabarasyna giňişleýin taýýarlyk görülmelidigini belläp, häkime degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyny baýram etmek baradaky meselä geçip, meýilleşdirilen ähli dabaralary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz aýdanlaryny umumylaşdyryp, Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu günler sebitde oba hojalyk tehnikalarynyň guramaçylykly we netijeli ulanylmagy netijesinde pagta ýygymy, gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleri hem-de güýzlük bugdaý ekişi bilen baglanyşykly obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi, şanly sene mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalarda gurluşyklaryň barşy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaýyň geljekki bereketli hasylynyň özeni bolan bugdaý ekişiniň hem-de daýhanlaryň yhlas siňdirip ýetişdiren bol hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin pagta ýygym möwsüminiň depginlerini güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu möhüm möwsümleri üstünlikli geçirmek maksady bilen, hemme degişli meseleleriň öz wagtynda çözülmegi berk gözegçilikde saklanylmalydyr.

Doly kuwwatynda ulanylmaly oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli işledilmegini hem-de olara hyzmat edilişini üpjün etmek zerurdyr. Ýygnalan “ak altyn” hasylyny saklamak üçin kabul ediş harmanhanalarynyň we pagta arassalaýjy kärhanalaryň takyk işlemegi boýunça degişli derejede çäreler görülmelidir.

Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz beýleki oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilişine üns berilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, bina edilýän ähli desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ulanylmaga berilmegi hem-de ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli dabaralara we Halk Maslahatynyň şanly senä bagyşlanan mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde alnyp barylýan işler, güýzlük bugdaýyň ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem pagta ýygymy möwsüminiň depginleri barada hasabat berildi. Möwsümde kombaýnlar hem-de çig maly harmanhanalara we pagta arassalaýjy kärhanalara daşamak üçin awtoulag tehnikalary işjeň ulanylýar.

Mundan başga-da, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine hem-de ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolan Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat ulgamynda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi hem-de ekişiň we “ak altyn” hasylyny ýygnap almagyň ýokary depginlerini saklamagyň, bu möwsümleri bellenilen agrotehniki möhletde tamamlamagyň wajypdygyny aýtdy.

Şunda oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli ulanmak bilen bir hatarda, ekerançylaryň hem-de mehanizatorlaryň netijeli zähmet çekmegi we dynç almagy, olary zerur serişdeler bilen doly möçberde üpjün etmek üçin hemme şertleri döretmek esasy talap bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, günbatar sebitiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Işleriň ýokary hilini berjaý etmek, bina edilýän dürli maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga tabşyrmak hem-de Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli dabaralara we taryhy ähmiýete eýe bolan Halk Maslahatynyň mejlisine toplumlaýyn taýýarlyk görmek babatda häkime anyk görkezmeler berildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim demirgazyk sebitdäki işleriň ýagdaýy, alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda güýzlük bugdaý ekişiniň barşy hem-de ýerli toprak-howa şertleri nazara alnyp, 15-nji sentýabrda badalga beriljek “ak altyn” ýygymy möwsümine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli dabaralaryň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça maksadalaýyk çäreler görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görülýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde obasenagat pudagyny ösdürmegiň ähmiýetini belledi hem-de ekiş möwsümini degişli hil derejesinde we amatly möhletde tamamlamak üçin onuň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Geljek ýylyň bereketli hasylyny almak şu işleriň geçirilişiniň hiline baglydyr. Şeýle hem güýzlük bugdaýyň gögeriş alnan maýsalaryna idegi agrotehniki kadalary pugta berjaý etmek bilen ýerine ýetirmäge aýratyn üns berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetişdirilen gowaça hasylyny guramaçylykly we ýitgisiz ýygnap almak, onuň saklanylyşyny, öz wagtynda gaýtadan işlenilmegini hem-de sebitiň oba hojalyk önümlerini öndürijileriň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek üçin bar bolan hemme serişdeleri gönükdirmekde anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň ileri tutulýan ugrudygyny nygtap, ýerlerde adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz welaýatda täze gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna hem-de şanly sene mynasybetli Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmegiň barşy bilen içgin gyzyklanyp, häkime bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew gündogar sebitde ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleri, şol sanda bugdaý ekişi we pagta ýygymy möwsümleriniň depgini, bu möwsümleri guramaçylykly geçirmek, tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek hem-de ekerançylaryň we mehanizatorlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin şertleri döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak we Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryny we düzgünlerini berk berjaý etmek bilen ähli işleri ýerine ýetirmegiň möhletini hem-de hilini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, bu ekinleri ösdürip ýetişdirmäge ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmäniň giňden ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny nygtap, häkime degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz welaýatda bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň hiline hem-de bellenen tertibe laýyklykda ulanylmaga tabşyrylmagyna pugta gözegçilik edilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratly 30 ýyllygynyň baýramçylygyna hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekip, welaýatyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde işleriň ýagdaýy, şol sanda güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymy möwsüminiň barşy, oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bökdençsiz işledilmeginiň üpjün edilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem bina edilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depgini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň ýakynlaşyp gelýän şöhratly senesi mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daýhanlary zerur möçberde tohum, dökün, suw bilen üpjün etmek bilen birlikde, ekiş bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz pagtanyň milli baýlygymyzdygyny belläp, welaýat häkimine ýetişdirilen gowaça hasylyny öz wagtynda we ýokary hil derejesinde ýygnap almak hem-de onuň zerur derejede saklanylmagyny üpjün etmek üçin hemme serişdeleri we güýçleri gönükdirmegi tabşyrdy.

Bugdaý ekişinde we “ak altyn” ýygymy möwsüminde oba hojalyk tehnikalary netijeli ulanylmalydyr, tehnikalaryň zerur ulanyş ýagdaýynda saklanylmagy möhümdir hem-de ýerlerde olara degişli hyzmatlar üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara hem-de gün tertibine Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň möhüm meseleleri giriziljek Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmegi üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli sebitleriniň obasenagat toplumynyň öňünde duran ileri tutulýan wezipeleriň çözülmelidigine ünsi çekip, önümçilige öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny we pudaklaýyn ylmyň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmagyň, oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän dürli görnüşlerini döretmek maksady bilen, ýerli toprak-howa şertlerini nazarda tutup, seçgiçilik işini höweslendirmegiň ähmiýeti barada aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly senesi mynasybetli dabaraly çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.


(TDH-13.09.2021)