Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi
6t8hDjqk6Eb2fGs06r1W1PIEhcxiFR84q1SCwx8DAg2No0wrS4_1616761597.jpg
722
26.03.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

Soňky ýyllarda milli Liderimiziň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda oba hojalygy hem öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Bu pudakda häzir hususy ulgam özüni has işjeň görkezýär. Telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi, bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň kuwwatynyň pugtalandyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Işewür düzümleriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilmegi netijesinde ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa azyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän döwrebap önümçilikleriň sany yzygiderli artýar. Geljegi uly ugurlaryň hatarynda ýyladyşhana hojalyklaryny ösdürmek bolup, olaryň sany sebitlerde yzygiderli köpelýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri tarapyndan gurlan hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda ulanylmaga berilýän, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen obasenagat toplumynyň täze desgalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, obasenagat pudagynda ýöriteleşdirilen hususy kärhanalar azyk bolçulygynyň berkidilmegine, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliklerini döretmek baradaky wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzda öndürilýän azyk harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga hem-de eksportyny giňeltmäge uly goşant goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary TSTB-niň agzasy — “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde gurlan ýyladyşhananyň golaýyndaky ýörite meýdançada gonýar. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär hem-de pomidor, şeýle hem gök önümleriň beýleki görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen toplumyň çägine girýär.

Sungat ussatlarynyň joşgunly ýerine ýetiren aýdym-sazly we tansly çykyşy dabaranyň öwüşginini has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň geçirilýän ýerine baryp, bu ýere ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady we medeni taýdan uly ösüşleri başdan geçirýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Garaşsyz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Dünýäniň ösen döwletleriniň täze tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar, müňlerçe täze iş orunlary döredilýär.

Milli Liderimiz alnyp barylýan bu işleriň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny görkezip, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli gowulanýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna sanly elektron ulgam giňden ornaşdyrylýar. Hususy önüm öndürijiler tarapyndan gurlup, ulanylmaga berilýän we sanly elektron ulgam arkaly dolandyrylýan döwrebap önümçilik kärhanalarynyň sany barha köpelýär.

Biz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli onlarça täze döwrebap desgalary işe girizmegi meýilleşdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ine, şu gün hem welaýatlarymyzda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan gök önümler ýetişdirilýän ýyladyşhanalaryň bir wagtda altysyny dabaraly ýagdaýda açyp, ulanmaga berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu önümçilik desgalary Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda gurlup, olaryň umumy meýdany 35 gektara barabardyr.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan bu ýyladyşhanalar ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenendir. Häzirki zaman tehnologiýalary we suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň işe girizilmegi bilen 400-e golaý täze iş orny dörediler diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramak we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, hususy önüm öndürijiler üçin oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýörite ýer gaznalarynyň yzygiderli döredilýändigini nygtady.

Mälim bolşy ýaly, oba hojalygy ykdysadyýetde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Pudakda öndürilýän dürli görnüşli önümler ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, senagat kärhanalarymyzy gymmatly çig mal bilen üpjün etmekde, şeýle hem onuň özümizden artýan bölegini daşarky bazarlara ýerlemekde uly ähmiýete eýe bolýar.

Şonuň bilen baglylykda, döwletimiz tarapyndan oba hojalygyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, şeýle hem pudakda hususy önüm öndürijileriň paýyny artdyrmak we döwrebap önümçilikleri döretmek üçin uly möçberde maýa goýumlaryny çekmek boýunça hem giň gerimli işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bulardan başga-da, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerine dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýokary öndürijilikli tehnikalarynydyr gurallaryny, önümçilik kärhanalary üçin döwrebap enjamlary satyn almaklary hem-de önümçilige öňdebaryjy tejribeleri we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Oba hojalygynda iş alyp barýan hususy önüm öndürijiler üçin amatly şertleri döretmäge we olary maliýe taýdan goldamaga hem möhüm ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, olara ýeňillikli bank karzlary berilýär.

Bu işleriň durmuşa geçirilmegi hususy önüm öndürijilerimiz tarapyndan ýurdumyzda azyk önümleriniň, şol sanda gök-bakja, miwe we beýleki önümleriň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmaga, döwrebap önümçilik kärhanalarynydyr ýyladyşhanalary döretmäge amatly şertleri üpjün edýär. Azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, bazar gatnaşyklaryny we işewürligi ösdürmäge, eksporta niýetlenen önümleriň möçberlerini artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwletimiz tarapyndan döredilýän şertleriň netijesinde, hususy pudak milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda barha giň orun alýar. Döwrebap kärhanalaryň yzygiderli gurlup, işe girizilmegi bilen, içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilýän önümleriň görnüşleri hem-de möçberleri barha köpelýär.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary özlerine berilýän döwlet goldawyndan netijeli peýdalanyp, gysga döwrüň içinde döwrebap ýyladyşhanalaryň 400 gektardan gowragyny gurup, işe girizdiler. Şeýlelikde, häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän gök önümler düýpli azaldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Geçen ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýetişdiren 37 müň 750 tonna pomidory daşary ýurtlara eksport edildi. Bu bolsa şondan öňki ýyl bilen deňeşdireniňde, 70 göterim köpdür. Şu ýylyň iki aýynda bolsa 16 müň tonna ter pomidor beýleki döwletlere iberildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýlelikde, hususy telekeçilerimiz daşary söwda gatnaşyklarynyň häzirki zaman usullaryny ele almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli giňeldip, täze hyzmatdaşlary tapýarlar we bazarlary açýarlar. Bu bolsa ýurdumyzda önümçilikleriň köpelmegine, maýa goýum serişdelerini özleşdirip, täze kuwwatlyklaryň döredilmegine güýçli itergi berýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynyň baş wezipesi ykdysady ösüşi hil taýdan täze derejä çykarmakdan ybaratdyr. Raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmekdir. Adam maýasynyň ösüş derejesini has-da ýokarlandyrmakdyr.

Prezident maksatnamasynyň we sebitleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk hem depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş orunlaryny açmaga şert döreder. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny berkidip, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen nobatdaky ädimleri ätmäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň we oba hojalygyny durnukly ösdürmegiň örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şoňa görä-de, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek, bu önümleriň nyrhlaryny durnukly saklamak, agrar gatnaşyklary kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Maldarçylykda, guşçulykda, ekerançylyk pudaklarynda hem täze hojalyklar döredilip, döwrebap önümçilikleriň düýbi tutulýar. Bu ugurda kabul edilen we amala aşyrylýan maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň çäklerinde gurulýan kärhanalaryň, desgalaryňdyr binalaryň ulanylmaga berilmegi netijesinde, müňlerçe täze iş orunlary döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitleriniň öndüriji güýçlerini we önümçilik gatnaşyklaryny doly derejede ulanmagyň baş maksatlarymyzyň hatarynda durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlarymyzy ykdysady taýdan toplumlaýyn ösdürmek şol syýasatyň işjeň guralyna öwrülýär hem-de bu ugurdaky işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şular ýaly önümçilik desgalarynyň giň gerim bilen gurlup, bagtyýar halkymyzyň hyzmatyna berilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän şu ýylynda ata Watanymyz hakykat ýüzünde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekanyna öwrülýär.

Bu bolsa eziz Diýarymyzda asuda durmuşyň, erkin zähmetiň, depginli ösüşiň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu hakykat biziň ykdysady ösüşlerimizde, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagynda, gülläp ösýän berkarar Watanymyzda halal zähmete uly sarpa goýulýandygynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatdan ugur alyp, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen netijeli çäreleri durmuşa geçirmegi mundan beýläk-de dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary welaýatlarymyzda döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, täze ýyladyşhanalaryň işgärlerine bolsa uly zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda sanly ulgam arkaly TSTB-niň agzalary tarapyndan ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan ýyladyşhanalaryň ulanylmaga berilmegine ak pata berdi.

Uly ekranlarda täze desgalaryň üpjünçiligi hem-de önümçilik kuwwatlyklary barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän wideoşekiller görkezilýär. Bu ýerde ýyladyşhana önümçiliginiň iň gowy tejribesiniň, döwrebap usullarynyň we tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen gök ekinler, esasan-da, hili we tagamy bilen tapawutlanýan pomidor ösdürilip ýetişdiriler. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda welaýatlaryň häkimleri, täze obasenagat toplumlarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular bar.

Birinji bolup göni wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby çykýar, bu ýerde Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde “Daş demir” hojalyk jemgyýeti tarapyndan döwrebap ýyladyşhana guruldy.

Soňra teleköprä Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri goşulýar, bu ýerde şeýle desgalaryň ýene-de biri açylýar. Taslama telekeçi S.Nazlyýew tarapyndan amala aşyryldy.

Soňra sanly ulgam arkaly wideoaragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň Görogly etraby çykdy, bu ýerde “Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan döwrebap ýyladyşhana guruldy.

Soňra ekeranda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginde gurlan nobatdaky iri ýyladyşhana peýda bolýar. Taslama “Altyn bürgüt” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby çykýar, bu ýerde “Akýap” daýhan birleşiginiň çäginde “Mähriban obam” hususy kärhanasy tarapyndan ýyladyşhana guruldy.

Şu gün ulanylmaga tabşyrylan ýyladyşhana toplumlarynyň altysy hem ähli görkezijiler, şol sanda tehnologik üpjünçiligi boýunça dünýä ölçeglerine kybap gelýär. Olarda her ýylda gök önümleri öndürmek üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler döredildi. Öndürilen önümler içerki we daşarky bazarlarda ýerleniler. Obasenagat toplumynyň bu desgalarynyň açylmagy ilatyň iş bilen üpjünçilik meseleleriniň çözülmegi bilen baglylykda hem uly ähmiýete eýe bolup, täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirýär.

Obasenagat toplumlarynyň gurluşygynda ýokary derejede ýylylyk saklaýjy we ulanyş häsiýetlerine eýe bolan hem-de ekologiýanyň talabyna kybap gelýän döwrebap serişdeler ulanyldy. Ýewropanyň we beýleki daşary ýurtlaryň esasy öndürijileriniň ýöriteleşdirilen enjamlary awtomatik ýagdaýda degişli agrotehniki çäreleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýylylygyň we ýagtylygyň bellenen kadasynyň, howanyň çyglylygynyň saklanylmagy, topragyň gurplandyryjy maddalar bilen baýlaşdyrylmagy, suw tygşytlaýjy ulgamlar arkaly suwarylmagy ýaly tehnologik işlere kompýuter programmalarynyň kömegi bilen gözegçilik edilýär. Bularyň ählisi gektaryň hasyllylygynyň ýokary bolmagyny üpjün edýär hem-de ýylyň dowamynda ýokary hil derejesine eýe bolan ýokumly önümleri öndürmek üçin has oňaýly şertleri döredýär. Şol önümleri saklamak üçin ýörite sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen ammarlar göz öňünde tutuldy.

Welaýatlardaky dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oba hojalyk pudagynda başyny başlan oňyn özgertmeleri, Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşmaga çalyşýan işewür düzümleri goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Nygtalyşy ýaly, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan, oba hojalyk toplumyny yzygiderli ösdürmäge, onuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge gönükdirilen çäreler ýurdumyzyň önüm öndürijilerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Şanly wakalar mynasybetli sebitleriň sungat ussatlary hem özleriniň ajaýyp çykyşlaryny taýýarladylar.

Soňra Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe söz berildi, ol hormatly Prezidentimize ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek üçin döredilýän şertler, halkymyzyň abadançylygyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada edilýän alada üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiziň ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek boýunça öňdengörüjilikli strategiýasynyň netijesinde, döwlet-hususy hyzmatdaşlyga, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen bazar gatnaşyklarynyň giňden ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen telekeçileri halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, şol sanda obasenagat toplumynda üstünlikli işläp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Bularyň ählisi döwlet Baştutanymyzyň hususy ulgama hemmetaraplaýyn goldaw berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu ulgamyň wekilleri Arkadag Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, möhüm ähmiýetli taslamalaryň hem-de döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň girişdiler.

Soňra milli Liderimiz ýyladyşhana tarap ugrady we şol ýerde guralan oba hojalyk önümleriniň giň gerimli sergisi bilen tanyşdy. Bu ýerde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ulgamlarynda ýöriteleşen telekeçiler we hususy öndürijiler tarapyndan öndürilen önümleriň, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatyň önümleriniň giň görnüşleri görkezildi.

Bu ýerde owadan bezelen sergi bölümlerinde we diwarlyklarda gök önümleriň, miweleriň we bakja, däne, süýt, et, süýji-köke önümleriniň, gaplanan önümleriň, miwe kişdeleriniň, duza ýatyrylan önümleriň, miwe suwlarynyň, şireli içgileriň dürli görnüşleri we beýlekiler görkezildi.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda “Erkin”, “Ter miweler” kompaniýalary, “Ýigit” hojalyk jemgyýeti, “Miweli ülke”, “Noş” hususy kärhanalary bar. Olar özleriniň gök we miwe önümlerini hödürlediler. Şol önümleriň hatarynda gök önümleriň hem-de miweleriň, şol sanda almanyň, erigiň, şetdalynyň, naryň, limonyň, pomidoryň, hyýaryň, badamjanyň, bulgar burçunyň, şugundyryň, käşiriň, kelemiň, ýeralmanyň hem-de däneli, kösükli we bakja ekinleriniň, bugdaýyň, mekgejöweniň, soýanyň, mäşiň, gawunyň, garpyzyň, kädiniň köp görnüşleri bar.

Ýeri gelende aýtsak, “Miweli ülke” hususy kärhanasy azyklyk önümleriň, hususan-da, ýeralmadan taýýarlanylýan önümleriň önümçilik toplumynyň gurluşygyny alyp barýar. Kärhana 1 müň tonna et, süýt, gök önümleri saklamaga niýetlenen sowadyjy ammara eýedir.

“Ýigit” hojalyk jemgyýetini esaslandyryjynyň gürrüň berşi ýaly, meýdany 34 gektardan gowrak bolan ýyladyşhanada pomidorlaryň 15 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär hem-de işgärleriň 450-si zähmet çekýär. Öndürilýän önümleriň köp bölegi eksporta ugradylýar. Onuň ýokary hili we ekologiýa taýdan arassalygy alyjylaryň isleginiň artmagyny şertlendirýär.

Ýyladyşhanada ekinleri ekmekden, olary ösdürip ýetişdirmekden we ideg etmekden başlap, işgärleriň zähmetini guramaga çenli önümçilik işleriniň dolandyrylyşy sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Ýylylygyňdyr çyglylygyň, hasyllylygyň görkezijileri, hasylyň ýygnalan möhleti, taýýar önümiň ulag serişdesine ýüklenendigi, onuň içerki we daşarky bazarlara ugradylandygy, ulagly alnyp barylýan wagtynda saklanyş şertleri hem-de paýlanylyşy baradaky maglumatlar onlaýn görnüşde merkezleşdirilen dolandyryş ulgamyna gelip gowuşýar.

Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt bazarlaryndaky ýagdaýlar hem-de amatly nyrhlar boýunça önümleri ýerlemegiň we girdeji gazanmagyň nukdaýnazaryndan olaryň geljekki mümkinçilikleri giňişleýin öwrenilýär. Ahyrky netijede, munuň özi ýyladyşhana toplumynyň netijeli işlemegini hem-de düşewüntliliginiň artmagyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçiligi dolandyryş işlerini sanlylaşdyrmagyň, bu ugurda görülýän çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtap, ýyladyşhanalaryň işine sanly ulgamlary we tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň arasynda onlaýn aragatnaşygy ýola goýmalydygyny, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde ýyladyşhana hojalyklary boýunça ýagdaýlar baradaky merkezleşdirilen maglumatlar binýadyny döretmelidigini aýtdy hem-de telekeçä işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem sergide halkara ölçeglere we önümleriň saklanylyşy nukdaýnazaryndan hem-de ekologiýa ugruna degişli talaplara laýyk gelýän kagyzdan taýýarlanylan gaplaryň dürli görnüşleriniň nusgalary görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz sergide görkezilen pomidorlaryň dürli görnüşlerini synlap, önümiň ýokary hilini üpjün etmek we ýokumlylygyny kämilleşdirmek üçin ylmyň gazananlaryny işjeň peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.

“Nurly meýdan” daýhan hojalygy guşçulyk pudagynyň önümlerini görkezdi. Bu daýhan hojalygy ýurdumyzda ilkinji gezek inkubasiýa guşçulygy boýunça taslamany durmuşa geçirdi. Bu taslama ugurdaş tehnologiýalary peýdalanyp, broýler guşunyň etiniň we ýumurtgalarynyň önümçiligini senagat derejesine çykarmaga mümkinçilik berýär. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda bu daýhan hojalygy mallar üçin ozal daşary ýurtlardan getirilýän iýmleriň önümçiligini hem ýola goýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümler bilen tanşyp, Diýarymyzda öndürilýän harytlaryň eksporta ugradylýan ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerine aýratyn üns bermegiň, şeýle hem halkara logistikasynyň mümkinçiliklerini we marketingi işjeň öwrenmegiň zerurdygyny nygtady hem-de degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Häzir türkmen telekeçileri giň gerim bilen dürli görnüşli azyk harytlaryny öndürýärler.

“Bolelin” we “Ak toprak” hojalyk jemgyýetleri et we şöhlat önümlerini, “Gönezlik” hojalyk jemgyýeti süýt önümlerini, “Çöl gämisi” hojalyk jemgyýeti düýe çalyny we aýrany hödürlediler.

“Hasar”, “Doganlar ýyldyzy”, “Ak gar” kärhanalary türkmenistanlylarda uly meşhurlykdan peýdalanýan dürli görnüşli süýji-köke we şokolad önümlerini görkezdiler.

“Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti, “Çynar”, “Täze aý”, “Ýunus” hususy kärhanalary özleriniň önümlerini — ketçuby, maýonezi, mürepbäni, un önümlerini, gök we miwe önümleriniň şerbetlerini, doňdurmany, şeýle hem şekersiz sakgyçlary, çigitleriňdir maňyzlaryň gaplanan görnüşlerini hödürlediler.

“Ýedi dogan nur” hojalyk jemgyýeti gaplaýyş önümlerini, şol sanda kagyz goşhaltalary çykarýar.

“Arçalyk” kärhanasy hem ilatda uly isleg bildirilýän önümlerini hödürlediler. “Halk market” süýji-köke we gaplanan önümleriň, duzlanan önümleriň we mürepbeleriň, doňdurylan önümleriň we doňdurmalaryň görnüşlerini görkezdi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň diwarlyklarynda pudaklaýyn düzümler tarapyndan öndürilýän gök we bakja önümleriniň hem-de beýleki önümleriň köp görnüşleri bar.

Obasenagat toplumyndaky özgertmeler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önüm öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly strategiýasynyň aýrylmaz düzüm bölegidir. Netijede, türkmen telekeçileri täze ýerleri özleşdirmegiň, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň hasabyna azyklyk ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin uly tagallalary edýärler. Häzirki wagtda däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, ekerançylyk, miweçilik, üzümçilik, bagçylyk we balçylyk depginli ösdürilýär. Şeýle hem maldarçylyk we guşçulyk täze itergä eýe boldy. Pudaklaýyn ylmyň, seçgiçiligiň we tohumçylygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Ýerlerde önümçilik we ykdysady gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegi oba hojalygyndaky özgertmeleriň möhüm ugrudyr. 2020-nji ýylyň noýabrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik taraplar we ýurdumyzyň raýatlary üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklady. Resminamada bu öndürijilere ýer böleklerini şertnama esasynda bugdaý, gowaça hem-de döwlet buýurmasyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini meýdanyň azyndan 70 göteriminde ösdürip ýetişdirmek şerti bilen 99 ýyl möhlete ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Karara laýyklykda, ýeriň galan böleginde ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny alyp barmak üçin beýleki ekinler ýetişdirilip bilner. Şunda öndürijiler alan ýer bölekleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça degişli işleri amala aşyryp, şol ýerleri üç ýylyň dowamynda ekin dolanyşygyna girizmelidirler.

Her welaýatda telekeçileriň gatnaşmagynda doly önümçilik tapgyrlaryny özünde jemleýän ekerançylyk, maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy we gurulmagy dowam edýär. Bu sergi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda häzirki döwürde ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen ägirt uly işleriň aýdyň beýanydyr.

Türkmen önüm öndürijileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek bilen, bu önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini yzygiderli artdyrýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, azyk hem-de beýleki harytlary öndürmekde ýurdumyzyň telekeçileriniň sanly ulgamy üstünlikli ornaşdyrýandygy bellärliklidir. Oba hojalyk kärhanalarynyň önümlerini daşary ýurtlara ibermekde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny bellemelidiris. Ýük konteýnerleriniň ýörite enjamlar bilen üpjün edilmegi gatnawlaryň tutuş ugruny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Iberilýän önümleriň hem-de olaryň saklanyş ýagdaýy barada önüm öndürijä onlaýn ýagdaýda doly maglumat gelip gowuşýar. Munuň özi ýagdaýlary dessine seljermäge hem-de degişli meseleleri öz wagtynda çözmäge, uzak geljegi nazara almak bilen işleri guramaga, daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň has amatly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Telekeçilik işine, hususan-da, önümçilik ulgamynda ylmy çemeleşmä, alyjylaryň isleglerini nazara almak bilen häzirki döwrüň netijeli bazar usullarynyň ornaşdyrylmagy türkmen işewürleriniň esasy ugurlarydyr. Milli Liderimiziň gymmatly tabşyryklaryndan ugur almak bilen, türkmen telekeçileri öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa ulgamlaryny üstünlikli özleşdirýärler.

Hususan-da, sergä gatnaşyjylaryň biriniň — “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň monitorynda miwe-gök önümleriniň hasylynyň ýygnalmagynyň tamamlanan senesi, önümiň ýüklenen hem-de onuň ýyladyşhanadan ugradylan senesi, ýurduň we müşderiniň ady, ýüküň agramy hem-de beýleki degişli maglumatlar bilen birlikde, ýyladyşhana toplumy tarapyndan amala aşyrylýan, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň sanawy görkezildi. Bu ýerde şeýle hem içeri we daşary bazarlarda gök önümleriň ýerlenilmeginiň ösüşi görkezildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan ýyladyşhana toplumynyň işi bilen tanşyp başlady. Ýyladyşhananyň ýolbaşçysy toplumyň enjamlaşdyrylyşy, önümçiligiň tehnologiýalary hem-de bu ýerde ýetişdirilýän gök önümleriň, şol sanda pomidoryň ýetişdirilişi, hasyllylygy, ýetişýän möhleti barada gürrüň berdi. Bu ýerde ähli önümçilik işleri awtomatlaşdyrylan hem-de kompýuterleşdirilen usulda amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk önümçiliginde ýyladyşhanalaryň netijeli häsiýete eýedigini bellemek zerurdyr. Tutuş ýylyň dowamynda ter gök önümleriň hem-de miweleriň ýetişdirilmegi kömekçi hojalyklaryň artykmaçlyklarydyr.

Amatly howa ýagdaýy döredilen ýyladyşhanalarda ekinlere hiç hili howa ýagdaýy — jowzaly yssy, sowuk howa hem täsir edip bilmeýär. Olar şeýle hem zyýan beriji mör-möjeklerden goralandyr. Ajaýyp tagama eýe, ekologiýa taýdan arassa önümlere ilatymyz tarapyndan uly isleg bildirilýär.

Ýyladyşhanalarda döwrebap enjamlaryň hem-de ýokary netijeli tehnologiýalaryň ulanylmagy hasyllylygy ýokarlandyrmak arkaly önümçiligiň netijeliligini ep-esli artdyrmaga ýardam edýär. Bu ýerde oba hojalygyna, şol sanda tohumçylyga hem-de seçgiçilik işine ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Şunuň bilen baglylykda, gök önümleriň, şol sanda pomidoryň täze görnüşlerini ýetişdirmek wajyp bolup durýar. Soňky ýyllarda sarp edijilere hödürlenilýän bu önümleriň görnüşleriniň ep-esli artandygy bellärliklidir. Däp bolşy ýaly, gyzyl we gülgüne reňklerden başga-da, sary, mämişi, hatda gara reňkli pomidorlar hem uly meşhurlyga eýe bolýar.

Dünýäniň tejribesiniň görkezişi ýaly, häzirki wagtda ýyladyşhana ulgamy gülçülikde, miweleri, derman hem-de bezeg serişdelerini ulanmakda hem giňden ulanylýar. Şolaryň işjeň ulanylmagy beýleki tebigy-howa şertlerinde ösýän ösümlikleri hem ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, ýapyk meýdanda gök önümleriň hem-de miweleriň ýetişdirilmegi örän düşewüntli işdir.

Döwlet Baştutanymyz ýyladyşhana toplumy bilen tanyşlygyny tamamlap, bu ýerde ýetişdirilen pomidor hasylynyň ýygymynyň başlanmagyna badalga berdi hem-de ony ösdürmekde üstünlikleri arzuw edip, toplumyň ýolbaşçysyna täze oba hojalyk tehnikasynyň — dünýä meşhur “John Deere” traktorynyň açaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Şeýle hem şu gün milli Liderimiziň adyndan beýleki welaýatlarda açylan ýyladaşhanalaryň ýolbaşçylaryna döwrebap oba hojalyk tehnikalary gowşuryldy.

Dabara tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara uly üstünlikleri arzuw edip, özüne garaşýan dikuçara münüp, bu ýerden ugrady.

***

Şu gün ýurdumyzyň bäş welaýatynda ulanylmaga berlen täze ýyladyşhanalarda ýetişdirilen önümler ýüklenen awtomobil kerweni ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sarp edijilerine gök önümleri ýetirmek üçin ýola düşdi.

Şeýlelikde, türkmen telekeçileriniň öndüren ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri içerki we daşarky bazarlarda eýeleýän ornuny yzygiderli pugtalandyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny belleýän Watanymyz milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda bedew bady bilen döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýar.

Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünliginiň aýdyň tassyklanmasy bolup, ol ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

(25.03.2021   TDHG)