Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekişlik çäresine gatnaşdy
kIzUsXGESdezOfu4qvr2sXwinhfI3FOYoXCqBfwBGAPvV7bwDT_1636376250.jpg
80
08.11.2021

6-njy oktýbarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Paýtagtdaky bak ekişlik çäresi Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan beýik ýadygärliginiň ýanynda 13,5 gektar meýdanda geçirildi.

Şol gün bu ýerde arça nahallarynyň 61 müň 200-den gowrak düýbi oturdyldy. Bu ýerde agaç ekmekden başga-da, ozal bar bolan baglaryň berkemegine, ösmegine degişli ideg işleri geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde diňe bir günüň dowamynda jemi 4 million 248 müň 740 düýp pürli we beýleki agaç nahallary, şol sanda Aşgabat şäherinde we onuň eteklerinde 1 million 835 müň 740 agaç nahaly, welaýatlarda bolsa 2 million 413 müň agaç nahaly ekildi. Tutuş ýurdumyz boýunça şol gün 3 million 590 müň 740 agaç nahalyna ideg edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen şu ýylda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saýaly, pürli, miweli agaç nahallarynyň hem-de üzümiň 30 million düýbüni oturtmak bellenildi. Şolaryň 10 milliony paýtagtymyzyň töwereginde ekiler.