Türkmenistan YHG-a agza döwletler bilen söwda hyzmatdaşlygy amala aşyrýar
eSo1QmGwfny04eKmylHybFZjfjUOsYunNj7lu15hr5lEXDuaca_1637827521.jpg
25
2 gün öň

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň IV işewürlik forumy 2021-nji ýylyň 26-njy noýbarynda Aşgabat şäherinde garyşyk görnüşde geçiriler. Işewürlik-forumynyň guramaçysy bolup, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sekretariaty we bu guramanyň söwda-senagat edarasy çykyş edýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XV sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. Ine. şu sammitiň çäklerinde işewürlik forumyny guramak hem göz öňünde tutulýar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň resmi web sahypasynda bellenilip geçilişi ýaly, garyşyk görnüşde geçirilýän işewürlik forumy “Zoom Professional” platformasynda görkezilýär. Bu forumyň çäklerinde nebitgaz, oba hojalygy, söwda, azyk hem-de dokma senagatynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň guralmagy meýilleşdiirlýär.

Forumda gurama agza döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge degişli meseleleeriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar. Söwda we hyzmatlar, gümrük hyzmatlary we salgyt, YHG-niň sebitindäki sanly söwda we elektron söwda, şeýle hem YHG-niň sebitinde ulag we logistika hyzmatlaryny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri babatda pikir alşylar.

Foruma degişli ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri, bank we maliýe guramalary, YHG sebitiniň döwlet we hususy kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşar.