"Meleguş" atly nagt pul geçirim hyzmaty
F7Yyy2PvYU5uuUl1NGVDimStSJncVg4TBqnjg1O4kbqizm3hbZ_1651579316.jpg
225
03.05.2022

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, nagt görnüşinde milli puly aňsatlyk bilen howpsuz usulda ugratmaga mümkünçilik berýän «Meleguş» atly täze pul geçirim ulgamynyň hyzmatlaryny hödürleýär.

Pul geçirmek üçin, müşderi öz şahsyýetnamasy, puly we alyjynyň maglumatlary bilen bankymyzyň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna ýüz tutmaly.

Ugradyjynyň arzasy esasynda pul çäklendirilmedik möçberde geçirilip, alyjynyň ýüzlenmesi we onuň şahsyýetnamasy esasynda berilýär. Eger-de, alyjy 7 iş günüň dowamynda banka ýüz tutmasa, onda gelen pul yzyna gaýtarylýar we bu barada ugradyja habar berilýär.

Eziz ildeşler! Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, sizi bankyň amatly hem-de ygtybarly «Meleguş» pul geçirim hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar!

 

Habarlaşmak hem-de giňişleýin maglumatlary almak üçin

www.dayhanbank.gov.tm internet sahypamyza girip tanyşyp

ýa-da aşakda görkezilen telefon belgilerimiz boýunça habarlaşyp bilersiňiz: 

Aşgabat şäheri 38-03-59; 24-49-24; 38-01-44;

Ahal welaýaty 8-00137-34-4-73;

Balkan welaýaty 8-00246-5-27-92;

Daşoguz  welaýaty 8-00322-9-38-81; 

Lebap welaýaty 8-00422-9-08-39;

                                                                 Mary  welaýaty 8-00522-6-74-67.