TÜRKMEN MILLI MANADY — YKDYSADY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
16
01.11.2025

     Taryhy ähmiýetli wakalara, şanly senelere beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiniň nyşany bolan türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmegine 32 ýyl bolýar. Gysga döwrüň içinde milli manadymyzyň hümmeti barha artdy. Munuň özi türkmen manadynyň ähli tarapdan ygtybarlydygyny we amatlydygyny görkezýär. Milli manadymyz döredilende, oňa türkmen taryhynyň, medeniýetiniň gadymy nusgalary we nyşanlary siňdirildi.

       1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadymyz dolanyşyga girizildi. Şol günden bäri türkmen milli manadynyň durnuklylygy Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň möhüm şertleriniň biri boldy. Milli pul diňe bir söwda we hyzmatlar pudagynyň ölçegi bolman, eýsem, döwletimiziň ykdysady howpsuzlygyny, milli ykdysadyýetiň özbaşdak ösüş ýoluny saýlap alandygyny görkezýän nyşanyna öwrüldi. Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri-de bank ulgamyndaky ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň esasy ugurlary bolan pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak we bank karzlaryny bermek arkaly hümmetsizlenmäniň derejesine, maýa goýum işjeňligine täsir etmek bilen, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr. Şunda milli manadyň hümmetini saklamaga özboluşly orun degişli bolup durýar.

          Türkmen milli manady ykdysady ösüşe netijeli täsir edýän gural bolmak bilen, ýurtda hereket edýän kada-kanunçylyga laýyklykda onuň dolanyşygyny ýola goýmak we alyp barmak hemişe üns merkezinde durýar. Aýratyn-da, manadyň hümmetiniň, satyn alyp bilijilik ukybynyň ýokary bolmagy bilen bagly meseleleriň üstünlikli çözülmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu iş maýa goýum syýasatynyň işjeňligine baglydyr. Hut şu nukdaýnazardan hem, döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda maýa goýum işini hemişe üns merkezinde saklamak bilen, netijeli çözgütler kabul edilýär. Aýratyn-da, geçen ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň pul syýasatynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Oňyn toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi manadyň hümmetini berkitmäge, ýurdumyzyň eksport-import amallaryny amatly şertlerde ýola goýmaga we uly möçberli maýa goýum işlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berdi.

          Bank ulgamynda milli manadyň hümmetini ýokarlandyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny üpjün etmek, ilatyň süýşürintgilerini goýumlara çekmek ýaly düýpli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň karz edaralarynyň ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna hödürleýän hyzmatlary we bank amallary ýurdumyzda ýokary depginli ykdysady ösüşi gazanmak üçin ygtybarly maliýe çeşmesini döredýär.

          Geçen ýyllaryň dowamynda milli pul birliginiň satyn alyş ukybynyň üpjün edilmegi bu ugra gönükdirilýän karz serişdeleriniň barha artmagyna getirdi. Munuň özi ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudaklaryny ýeterlik möçberde pul serişdeleri bilen öz wagtynda üpjün etmäge oňyn şertleri döredýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurduň maliýe-ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, puluň kadaly hereketini ýola goýmakda ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, 2008-nji ýylda milli puluň daşary ýurt puluna ýeke-täk hümmetine geçilmegi, 2009-njy ýylda manadyň denominasiýasynyň, 2015-nji ýylda onuň dewalwasiýasynyň geçirilmegi milli puluň ykdysady ösüşdäki ornuny has ýokarlandyrdy.

          «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, sanly bank amallarynyň görnüşleri yzygiderli artdyrylyp, hili has-da ýokarlandyrylýar. Milli bank ulgamyndaky durmuşa geçirilýän çäreleriň çäklerinde nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, ulgamda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, bankomatlaryň, töleg terminallaryň sanyny artdyrmak esasynda milli ykdysadyýetimizde pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyrmak, ony has-da ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

         Dünýä jemgyýetçiliginde «Sanly asyr» diýlip atlandyrylýan XXI asyryň iň täsirli özgerýän üçünji onýyllygynda sanly bank hyzmatlarynyň barha artdyrylmagy we olaryň döredýän mümkinçilikleriniň geriminiň yzygiderli giňelmegi pul bilen bagly harajatlary kemeldýär, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeldýär, şeýle hem pul dolanyşygynyň hereketini çaltlaşdyrýar. Raýatlaryň dünýäniň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan ygtybarly we amatly şertlerde bank hyzmatlaryndan bökdençsiz peýdalanmagy üçin Türkmenistanyň bank ulgamynda hereket edýän töleg ulgamyny kämilleşdirmek we birnäçe täze töleg-hasaplaşyk gurallaryny hödürlemek boýunça işler döwrebaplaşdyrylýar. Banklarda puluň belli bir bölegi karz görnüşinde hereket edýär. Bankyň karz gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, öz gezeginde, diňe bir pul toplumynyň düzümine oňaýly täsir etmek bilen çäklenmän, hojalyklaryň işine we ilatyň durmuş meseleleriniň üstünlikli çözülmegine hem amatly şertleri döredýär. Şundan ugur alnyp, pul-karz gatnaşyklarynyň iň netijeli ugurlaryny ösdürmek bilen bagly durmuşa geçirilýän işler ýurduň ykdysady özgertmeleri, şeýle hem halkyň durmuş üpjünçiligi üçin örän wajyp ähmiýete eýedir.

          Her ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmen milli manadynyň güni dabaraly bellenilýär. Bu ugurdaky işleriň jemgyýetçilik talaplaryna laýyklykda ýola goýulmagynda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!


Altyn DURDYÝEWA, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ykdysady seljerme we maliýe müdirliginiň baş hünärmeni