Sanly ulgamyň aýdyň ýoly
162
02.06.2025

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýada sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ygtybarly milli bank ulgamynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu wezipäni çözmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi, çünki karz edaralarynyň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagy milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion ösüşini, onuň ählumumy ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmäge goşant goşýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistany  2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmekde öňdebaryjy usullary, iň täze tehnologiýalar arkaly nagt däl tölegleriň amala aşyrylmagyna, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hem-de dünýä tejribesinde işjeň ulanylýan bank kartlaryny, dürli ykjam goşundylary ulanmak bilen ýerine ýetirilýän amallaryň gerimini giňeltmäge, elektron töleg ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga we onuň goraglylygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär. Şonuň bilen birlikde häzirki wagtda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan sanly bank hyzmatlarynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak boýunça hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini hem-de pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň bank ulgamynda «Internet-bank», «Mobil-bank» we «Elektron söwda» hyzmatlaryň üsti bilen ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligi arkaly, hyzmatlary ykjam telefon arkaly çalt we amatly ýagdaýda ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredildi hem-de müşderiler bu hyzmatlaryň mümkinçiliginden häzirki döwürde giňden peýdalanýarlar, şeýle hem sanly ulgamy ösdürmeklikde bu hyzmatlary yzygiderli kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

2025-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan bankomatlaryň, töleg terminallaryň, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal» we «Menzilara bank» hyzmatlary arkaly nagt däl görnüşinde geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 1 856,6 mln. manada ýetdi, bu bolsa bellenilen meýilnamadan 874,9 mln. manat ýa-da 89,1 göterim ýokarlandy, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa 1,9 esseden artdy.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky  boýunça 2025-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna «Internet-bank» we  «Mobil-bank» ulgamlaryna birikdirilen müşderileriň sany degişlilikde 435,6 müňe  we 16,9 müňe ýetdi, bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,6 we 12,0 göterim artdy. Munuň özi raýatlarymyzyň nagt däl hasaplaşyklar arkaly geçirilýän amallara islegleriniň günsaýyn artýandygyna şaýatlyk edýär.

2025-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky boýunça ýurdumyzyň bank kart ulgamynda hasaba alnan bank kartlarynyň sany 2 123,5 müňe golaý bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,8 göterim ýokarlandy. Bankymyz tarapyndan ýurdumyzyň beýleki karz edaralary bilen bir hatarda bank kartlarynyň üsti bilen söwda we dynç alyş nokatlarynda, myhmanhanalarda, hassahanalarda, dermanhanalarda, şeýle hem agyz suwy, elektrik togy, tebigy gaz ýaly jemagat hyzmatlarynyň töleglerini tölemekde, bank karzlaryny we olara hasaplanan göterimleri yzyna gaýtarmak ýaly banklar tarapyndan geçirilýän tölegleriň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredildi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek, şol sanda geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek hem-de raýatlarymyza amatly şertleri döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan belli bir müşderiler toplumyna, söwda we hyzmat ediş ugurlaryna bagyşlap «Cash back» hyzmatyny işe girizip durýarlar. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan «Goýum bank karty» saklaýjy müşderilerine we «Altyn asyr» bank kartlaryny saklaýjy kärendeçi müşderilerine amatly şertleri döretmek maksady bilen, töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde geçirilen tölegler boýunça 2 göterim möçberinde «Cash back» hyzmatyny hödürleýär. Şeýle görnüşli hyzmatlary beýleki karz edaralarynyň mysalynda hem görmek bolýar.

Mundan başga-da bankymyz tarapyndan «Menzilara bank» ulgamynyň üsti bilen ýurdumyzyň islendik künjeginden internete birikdirilen enjam arkaly tölegleriňizi geçirmäge, hasaplaryňyzyň galyndysyny barlamaga we olaryň göçürmesini almaga, karzlaryň, goýumlaryň töleg tertibini görmäge hem mümkinçilik berýär. Şeýle-de özbaşdak karz serişdelerine gözegçilik edip, bank bilen onlaýn tertipde habarlaşyp, dürli görnüşli bank amallaryny ýerine ýetirip bolýar. Bu hyzmat ulgamyna birikdirmek üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna ýüz tutup bolýar. Müşderiler tarapyndan degişli resminamalar doldurylandan soňra, bankdan ulanyjynyň adyny we «Açar sözüni» alyp, ýörite internet sahypasyndaky salgylanma girizip, bu hyzmatdan peýdalanyp bolýar. Bu hyzmat ulgamy pul serişdeleriňizi günüň islendik wagtynda ygtybarly dolandyrmaga we wagtyňyzy tygşytlamaga ýardam berýär. «Menzilara bank» ulgamy boýunça 2025-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna edara görnüşli taraplaryň we hususy telekeçi bolan müşderileriň sany 4,5 müňe deň bolup, jemi 1 397,5 mln. manat möçberinde amallar ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan raýatlarymyz üçin «VISA» we «MasterCard» halkara kartlarynyň hasabyny onlaýn görnüşinde doldurmaga mümkinçilik berýän şahsy taraplar üçin «Menzilara bank» ulgamy hem ornaşdyryldy.

Mundan başga-da bankymyz tarapyndan müşderileriň islegine görä sanly ulgam arkaly, ýagny «Menzilara bank» ulgamynyň üsti bilen sarp ediş karzyny bermeklik hem ýola goýuldy. 2025-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna «Menzilara bank» ulgamynyň üsti bilen iki ýüze golaý müşderiniň ýüztutmalary hasaba alnyp, 4 952,0 müň manat möçberinde karz serişdeleri resmileşdirildi.

Bulardan başgada-da bank tarapyndan hödürlenýän karzyň beýleki görnüşleri üçin ýüz tutmalaryny hem onlaýn görnüşinde bankyň resmi www.dayhanbank.gov.tm internet sahypasynyň üsti bilen kabul etmeklik ýola goýlan. 2025-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna «Onlaýn-karz» ýüztutmalary arkaly jemi 5,4 müňden gowrak müşderiler hasaba alnyp, berlen karzlaryň möçberi 152 742,6 müň manada deň boldy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir.

Bize ajaýyp zamanada ýaşamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümikinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

 

Altyn Durdyýewa,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik

bankynyň Ykdysady seljerme we maliýe müdirliginiň

Ykdysady seljerme we çaklaýyş bölüminiň baş hünärmeni