Hormatly talyplar hem-de mähriban ene-atalar!
Türkmenistanyň
«Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň
döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda
amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen,
«Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär:
«Talyp
karzy» ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň diňe degişli okuwynyň bahasyny tölemek üçin
nagt däl görnüşinde berilýär.
Karzyň möçberi: 42 000 manada çenli;
Göterim derejesi:
ýyllyk 5 göterim;
Möhleti: 3 ýyl;
Karzyň üpjünçiligi hökmünde 10 000 manat möçberine çenli bir
ýa-da birnäçe raýatyň zamunçylygy, 15 000
manat möçberine çenli iki ýa-da birnäçe raýatyň zamunçylygy we 15 000 manatdan ýokary 42
000 manat möçberine çenli bolsa, girew kabul
edilýär.
Hormatly talyplar we ene-atalar! Türkmenistanyň
«Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, «Talyp karzyndan» peýdalanmak isleýän
müşderileriniň ýüztutmalaryny we degişli resminamalaryny bankyň resmi www.dayhanbank.gov.tm
internet sahypasy arkaly onlaýn görnüşinde kabul edýändigini ýatladýar.
Habarlaşmak
üçin telefon belgilerimiz:
Aşgabat şäheri - 38-03-79;
38-02-86; 24-44-55; 24-52-85;
Ahal welaýat şahamçasy -
(8-00-137) 3-34-39;
Balkan welaýat şahamçasy - (8-00-246) 5-21-51;
Daşoguz welaýat şahamçasy - (8-00-322) 9-35-07;
Lebap welaýat şahamçasy - (8-00-422) 9-13-48;
Mary welaýat şahamçasy - (8-00-522) 6-76-40.