kredit hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Ýyl

goýum hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Siziň girdejiňiz:

walýuta - 12.07.2020 ý.

Alyş Satyş
USD / TMT 3.4913 3.5175
Merkezi Bankyň walýuta kursy

Täzelikler

BANK GOÝUMLARY HALKYŇ HYZMATYNDA Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde ýurdumyzyň edermen babadaýhanlary her ýylda bolşy ýaly bu ýyl hem  ajaýyp zähmet üstünliklerini gazandylar.
Türkmenistanyň Prezidenti senagat - kommunikasiýa toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda senagat we kommunikasiýa toplumynda bar bolan çözülmeli meseleler hem-de toplumyň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara pul gaznasy: 2019-njy ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 6,3 göterim derejede ösmegine garaşylýar Aşgabatda 5-12-nji noýabr aralygynda Halkara pul gaznasynyň (HPG) hanym Nataliýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş saparynda boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasynyň wekiliýetiniň nobatdaky saparynyň maksady Türkmenistandaky häzirki makroykdysady we maliýe ýagdaýyna baha bermekden, ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de maslahatlary, şol sanda pul – maliýe ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.
«Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň açylmagy hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu serginiň we ylmy maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we giňeltmekde, özara tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.
Balkan welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine

Gadyrly Balkan welaýatynyň «ak altyn» ussatlary! Hormatly pagtaçy daýhanlar!



Sizi welaýat boýunça 5 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyryp, pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli ýerine ýetirendigiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Täzelikler 51 - 55 (e/a) 219