kredit hasaplama
|
goýum hasaplama
|
Internet hyzmatlary
walýuta - 15.01.2021 ý.
|
Täzelikler

2016-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisinde her ýylyň başynda geçirilýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda Mejlisiň kanunçykaryjylyk deputatlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi.

2016-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzda 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
2016-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýerine ýetirilmeli işler şu aşakdakylardan ybarat:
-
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ilatymyza berilýän karzlaryň gerimini giňeltmek;
-
Ýurdumyzyň raýatlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararlary boýunça ýeňillikli karzlary bermek;
-
Önümçilik maksatly karzlaryň gerimini giňeltmek;
2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Ol hemmeleriň söýüp garşylaýan we täsinliklere baý bolan Täze ýyl baýramçylygynyň ýakynlaşyp gelýändigini alamatlandyrdy.
Bitarap diýara Täze ýyl geldi!
23.12.2015
Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäde we ýurdumyzyň çarýanynda täze başlangyçlara, toplumlaýyn özgertmelere rowaçlyk bermegi halkymyzyň eşretli durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Geçen her bir günimiziň türkmeniň taryhyna ýatdan çykmajak ýakymly wakaly sahypany ýazýar. Täze eýýam Türkmenistanyň halkara abraýynyň günsaýyn artýandygyna, dünýä bileleşiginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyny giňden goldaýandygyna we ykrar edýändigine şaýatlyk edýän buýsandyryjy wakalar bilen taryha ýazylýar.