Şahsy taraplar

1.Fiziki taraplara

 1.Hususy telekeçilere

• Önümçilik maksatly, söwda we gurluşyk, gurluşyk harytlary satyn almak we beýleki maksatlara — ýyllyk 7-10 göterim;

• Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlaryna laýyklykda dolanşyk we esasy serişdeleri satyn almak hem-de maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek maksatly karzlar — ýyllyk 1-5 göterim;

• Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlaryna laýyklykda döwlet tabşyrygy boýunça oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin — ýyllyk 1 göterim;

• Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda täze durmuş guran ýaş çatynjalara öý-goşlaryny satyn almak üçin — ýyllyk 1 göterim;

• Gozgalmaýan emläkleri satyn almak şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy bilen baglanyşykly gatnaşyklary üçin uzak möhletleýin karz bermek — ýyllyk 5,5 göterim;


 

Karzlar gysga möhletli hem uzak möhletli görnüşde berilip bilner.

 

Hususy telekeçi karz almak üçin banka şu resminamalary tabşyrýar:

 

1) karz almak üçin ýüztutmasy;

2) iş meýilnamasy ýa-da tehniki ykdysady esaslandyrmasy;

3) işjeňliginiň soňky üç ýyly boýunça  - hususy telekeçiniň girdejileri barada Türkmenistanyň salgyt edaralary tarapyndan tassyklanan salgyt beýannamasynyň (arassa peýdasyny görkezmek bilen) nusgasy (eger telekeçiniň hasaba alnan pursadyndan bäri 3 senenama ýyly geçmedik bolsa, onuň hasaba alnan pursadyndan bäri tabşyran girdejileri barada salgyt beýannamalary);

4) karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine ýetirilýän işleri, hyzmatlary tassyklaýan resminamalaryň (şertnamalar, töleg tabşyryknamalary we ş.m.) nusgalary;

5) salgyt töleýjiniň salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň we hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alnandygy baradaky şahadatnamanyň we patentiň göçürmesiniň nusgalary;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişli işleriň görnüşleri boýunça ygtyýarnamanyň nusgalary (eger-de önümçilik täze ýola goýlan bolsa, onda ygtyýarnamanyň nusgasyny önüm öndürilip başlandan soň almaklyk şerti bilen);

7) maliýeleşdirilýän taslama boýunça ýer böleginiň ýa-da önümçilik jaýynyň barlygyny tassyklaýan resminamalaryň göçürmesi (ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy, ýere kärende hukugy barada Şahadatnama, tükelleýiş işi, kärende şertnamasy);

8) karzyň üpjünçiligine hödürlenýän girewleriň eýeçilik hukugyny we olaryň  bahasyny tassyklaýan resminamalaryň göçürme nusgalary;

9) karz alyjy başga karz edaranyň müşderisi bolan ýagdaýynda gollaryň nusgalary goýlan we gollaryň hakykydygyna, oňa döwlet notarial edaralary tarapyndan güwä geçilen bolmalydyr;

10) önümçilik desgalaryny gurmaklyga potrat  şertnamalar (gurluşyk we taslama işlerine degişli ygtyýarnamalaryň nusgalaryny çatmak bilen);

11) Baş binagärler tarapyndan tassyklanylan baş meýilnamanyň we eskiz taslamanyň nusgasy;

12) satyn alynýan enjamlaryň gelip çykyşyny, şeýle hem esasy serişdeleri satyn almak bilen bagly önümçilik taslamalar boýunça çig mal üpjünçiligini  tassyklaýan resminamalar.

 

         2.Raýatlara

• Sarp ediş maksatly karzlar — ýyllyk 14 göterim;

• Kiçi göwrümli (önümçilik üçin) karzlar — ýyllyk 10 göterim;

• Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda täze ýaşaýyş jaýyny satyn almak (ipoteka) üçin — ýyllyk 1 göterim;

• Ýokary we orta okuw jaýlarynda bilim alýan talyplaryň okuwynyň bahasyny tölemek üçin berilýän “Talyp karzy” atly karzy — ýyllyk 8 göterim;

• Döwlet tabşyrygyna girýän önümleri ösdürip ýetişdirilýän döwründe kärendeçiler üçin sarp ediş maksatly “Daýhan karzy” atly karz — ýyllyk 10 göterim;

• Müşderileriniň Owerdraft kartlarynyň üsti bilen berilýän owerdraft karzy — ýyllyk 10 göterim;

 

Karzlar gysga möhletli hem uzak möhletli görnüşde berilip bilner.

 

Fiziki taraplar karz almak üçin banka şu resminamalary tabşyrýar:

1) karz almak üçin ýüztutmasy;

2) şahsyýetini tassyklaýjy resminamanyň nusgasy;

3) karz alyjynyň ýaşaýan ýeri, maşgala ýagdaýyny tassyklaýyn resminama we nika şahadatnamasynyň nusgasy (eger nikada duran bolsa);

4) karz alyjynyň zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen iş ýerinden güwanama (ähli tutumlar tutulandan soňra galan sap girdejisi görkezilen), zähmet depderçesiniň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şaýatlyk edilen  nusgasy. Hususy telekeçiniň girdejileri üçin salgyt boýunça beýannama;

5) zamun bolup çykyş edýän taraplaryň ýazmaça razylygy we olaryň pasportlarynyň nusgalary (ähli zerur sahypalary), eýeleýän wezipelerini we zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen iş ýerinden güwanamalary, zähmet depderçeleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şaýatlyk edilen  nusgalary;

6) karzyň üpjünçiligine hödürlenýän girewleriň eýeçilik hukugyny we olaryň bahalaryny tassyklaýan resminamalaryň göçürme nusgalary.