Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl Obasenagat toplumy
1739
03.02.2023

Oba hojalyk pudagyny özgertmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini has-da ýokarlandyrmak baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» obasenagat toplumyny kämilleşdirmekde täzeçe çemeleşmäni alamatlandyrdy.

Bu maksatnamany, şeýle-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde azyk, maldarçylyk, et we süýt senagaty kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin amatly şertler döredildi. Oba hojalygyny ykdysadyýetiň düşewüntli pudagyna öwürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylýar, bu ugurda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işlere kuwwatly itergi berildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen Döwlet Maslahatynyň 2022-nji ýylda ýurdumyzyň agrar pudagyny ösdürmekde möhüm tapgyr bolandygyny bellemelidiris. Döwlet Baştutanymyz onda eden maksatnamalaýyn çykyşynda ýakyn geljek üçin pudagyň möhüm wezipelerini kesgitledi. Şol wezipeleriň çözülmegi ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etmelidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlaryň, dünýäniň iň gowy tejribeleriniň ornaşdyrylmagy esasynda bu pudakda guwandyryjy netijeleriň gazanylandygyny nygtady. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde täze obalar we şäherçeler, döwrebap maldarçylyk toplumlary, elewatorlar, ýyladyşhana hojalyklary, azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, iri sowadyjy ammarlar hem-de suw arassalaýan desgalar guruldy.

Oba hojalyk toplumy boýunça 2022-nji ýylyň 11 aýynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,1 göterime deň boldy. Şunda bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 104 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,8 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 105,1 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 179,9 göterim ýerine ýetirildi. Gök önümleri öndürmekde 115,3 göterim, bakja önümlerini öndürmekde 109,3 göterim, miwe we ir-iýmişleri öndürmekde 109 göterim, çörek we çörek önümlerini öndürmekde 105,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen 2022-nji ýylda Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý bugdaý hasyly tabşyryldy. Ekerançylar güýzlük bugdaýyň ekişini bellenen möhletlerde tamamlap, geljekki hasyl üçin ygtybarly esasy döretdiler. Indi birnäçe ýyldan bäri Türkmenistan ýetişdirilen azyklyk bugdaýyň bir bölegini daşary ýurtlara ibermek mümkinçiligine eýedir. Munuň özi okgunly döwlet ösüşi nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bugdaý we pagta öndürmek bilen bir hatarda, ýeralma, şugundyr, şaly, beýleki gök önümleri, däneli we bakja önümlerini ýetişdirmek üçin meýdanlar bölünip berilýär, täze baglardyr üzüm ýetişdirilýän meýdanlar döredilýär. Bularyň ählisi obasenagat toplumynyň tehniki üpjünçilik derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny talap edýär, döwrebap tehnikalara, mehanizasiýa serişdelerine bolan islegleri hem-de aýry-aýry tehnologik işleriň awtomatlaşdyrylmagyny şertlendirýär.

Zähmetiň ýokary derejede mehanizasiýalaşdyrylmagy we awtomatlaşdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda görlen maksada okgunly çäreler obada işçi-hünärmenleriň abraýyny artdyrmaga, ýaş işgärleri çekmäge hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. Obasenagat toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçiliginiň meseleleri innowasion esasda çözülýär, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän döwrebap tehnikalar satyn alynýar. Oba hojalygyny dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary öndürijilikli tehnikalary we enjamlary, bugdaý, pagta ýygýan kombaýnlary bilen üpjün etmekde oňyn tejribe toplandy. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlary bolan “John Deere” hem-de “CLAAS” kompaniýalary bar.

Oba hojalyk ulgamyndaky işewürlige, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzyň önümleriniň eksportynyň möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleriniň işjeň goşulyşýandygy bellärliklidir. Halkara tejribä we döwrüň talaplaryna, milli aýratynlyklara laýyklykda, bu ulgamda täze guramaçylyk-hukuk usullarynyň ulanylmagy kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Welaýatlaryň her birinde telekeçileriň gatnaşmagynda azyk ulgamlary döredilýär, doly önümçilik tapgyrly iri toplumlar guruldy we olaryň gurluşygy dowam edýär. Hojalyk işi bilen baglanyşykly meseleleri özbaşdak çözmäge hukuk alan kärendeçiler, fermerler we daýhan birleşikleri, öz önümçiligini açan telekeçiler oba hojalyk önümlerini öndürmek, taýýarlamak we gaýtadan işlemek, olary saklamak, daşamak, ýerlemek bilen meşgullanyp, içerki bazarlary azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar.

Gökdepe etrabynda gaplanan önümleri, şol sanda mürepbeleriň dürli görnüşini, şerbetleri, miwe suwlaryny we şireleri, doňdurylan miweleri, bakja önümlerini öndürýän kärhanalaryň, ýerli üzümleri gaýtadan işlemäge niýetlenen çakyr zawodynyň netijeli işlemegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, ylmy-barlag institutlaryna, kärendeçilere, telekeçilere hem-de beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere berilýän ýeňillikli bank karzlary oba hojalygynda işewürligiň has-da ösdürilmegine ýardam edýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda suwarymly ekerançylyk babatda ägirt uly tejribe toplandy, giň gerimli suw hojalyk taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, täze tarp ýerleri özleşdirmek boýunça giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Meliorasiýanyň öňdebaryjy usullary ulanylýar. Ekerançylary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty ýokary depginler bilen ösdürilýär, öňdebaryjy tehnologiýalar, ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň ýerden peýdalanmagyň köpasyrlyk tejribesini, oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny artdyrmak üçin ygtybarly esasa öwrülýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamak maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ulgamyň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, olary täze tehnikalar bilen üpjün etmäge, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmaga gönükdirilýän maýa goýumlar şu goldawyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenabatda fosfor dökünlerini öndürýän zawodyň, “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” zawodlarynyň, “Maryazot” hem-de “Garabogazsulfat” önümçilik birleşikleriniň, Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda oba hojalygyny tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipeleri innowasion esasda, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” nazara almak arkaly çözülýär. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, agrosenagat toplumynda ýer kadastrynyň sanly binýadynyň we howanyň üýtgemeleri bilen bagly töwekgelçilikleri çaklamak üçin seljeriş platformasy dörediler. Ekerançylyga we maldarçylyga “akylly” tehnologiýalar ornaşdyrylar.

Ýurdumyzyň strategik wezipelerinden ugur alyp, ylmy-barlag edaralary tarapyndan maldarçylygy ösdürmek, mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak babatda oba hojalyk pudagyny ylmy taýdan ösdürmegiň binýady hem dörediler. Türkmenistany ýakyn ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda obasenagat toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we köpugurly esasda ösdürmek boýunça özgertmeleriň nobatdaky tapgyryna badalga berildi.

Dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, şunda hususy pudagyň ornuny pugtalandyrmak ýaly meseleler döwletimiziň oba hojalyk syýasatynda öz beýanyny tapýar. Geçen ýylyň 23-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz döwlet edaralaryna we kärhanalaryna peýdalanmak üçin ýer böleklerini bermek hakynda Buýruga gol çekdi. Bu resminama pudagyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirildi.

Azyk bolçulygyny üpjün etmekde dünýäniň ösen tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagyna, pudakda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Bu gurama bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berip, ýurdumyz oba hojalyk pudagyndaky düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmekde tejribe alyşýar. Şunda obasenagat toplumynyň ähli kuwwatlyklaryny doly herekete girizmek, önüm öndürijilere goldaw bermek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýokary hilli önümleriň önümçiligini artdyrmak, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Ol senagat üçin zerur bolan çig mallaryň üpjünçiligini ýola goýýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýär. Bu bolsa halk hojalygy toplumynyň sazlaşykly ösüşiniň wajyp şertini emele getirýär. Pagtaçylyk toplumyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek we ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň oba hojalyk ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň ýanyndaky ylmy-barlag merkezleriniň alymlaryna we işgärlerine möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Olar ylmy tohumçylyk işini alyp barmak, ekerançylygyň dürli ugurlarynyň agrotehniki işlerini kämilleşdirmek, şol sanda suwaryş ulgamynda täzeçil tehnologiýalary synagdan geçirmek işlerini ýerine ýetirýärler. Oba hojalykçy hünärmenler gowaçanyň ýerli toprak we howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hasylly, durnukly, süýümi uzyn, arassa hilini taýýarlamak ugrunda zerur işleri alyp barýarlar.

Pudakda telekeçilik düzümlerine goldaw bermek we olary höweslendirmek boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde ýüpekçiligiň ösdürilmegine zerur üns berilýär. Bu pudak halk senetçiliginiň gadymy ugurlarynyň biri bolup durýar. Asyrlaryň dowamynda öz kärine ussat adamlaryň tagallasy bilen ýüpekçiligiň milli däpleri nesilden-nesle geçirilip, olar häzirki günlerde döwrebap derejede dowam etdirilýär we matalaryň dürli görnüşlerini, halylary dokamakda ulanylýar. Tut nahallarynyň ekilen meýdanlary ýyl-ýyldan giňeldilýär. Olaryň ekerançylyk meýdanlarynyň ýakalaryna ekilmegi ekinleri epgekli ýellerden goraýar, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkidýär.

Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde ýyladyşhanalara möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Munuň özi ýylyň ähli paslynda ter gök önümleriň bolçulygynda we täze iş ýerleriniň döredilmeginde ähmiýetlidir. Şeýle hem gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk ösdürilýär. Bal arylara ideg etmek işleri kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileri içerki bazarlarda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde wajyp orny eýeleýärler.

Tebigy serişdeleri rejeli we netijeli peýdalanmagyň, ilat üçin amatly durmuş şertlerini döretmegiň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalara goşulmagyň hasabyna ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüş depginini üpjün etmek döwletimiziň yzygiderli alyp barýan tebigaty goramak strategiýasynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýän ýurdumyz BMG-niň çäklerinde Araly halas etmegiň halkara gaznasy we beýleki abraýly guramalardyr düzümler bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini esasy ugur edinýär. Türkmenistanyň BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin BMG-niň durnukly ösüş boýunça sammitinde, VII Bütindünýä suw forumynda we beýleki iri halkara maslahatlarda öňe süren başlangyçlary hut şu ugra gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň suw-energetika meselelerini çözmekde möhüm orun eýeleýändigini we bu ugurda yzygiderli işleri alyp barýandygyny bellemeli. 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde sanly ulgam arkaly geçirilen dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammiti munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda döwletimiziň işläp taýýarlan we 19 ýurduň awtordaşlyk etmeginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň Merkezi Aziýa üçin suw ulgamynda möhüm meýilnamalary amala aşyrmagyň esasy guraly hökmündäki ähmiýetini belledi.

Daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenen suw diplomatiýasy diňe bir durmuş taýdan möhüm bu pudakda ikitaraplaýyn gatnaşyklardan ybarat bolman, eýsem, ol ýurdumyzyň öňdebaryjy tejribeleri işläp taýýarlamagyndan ybaratdyr. Onuň netijeleri bolsa tutuş adamzada gulluk edýär. Suw hojalygy ulgamyna häzirki zamanyň ekologik taýdan arassa, kämil tehnologiýalary ornaşdyrylýar we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyna netijeli gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Garagum sährasynda özboluşly “Altyn asyr” Türkmen kölüni döretmek boýunça iri milli taslamanyň amala aşyrylmagynyň ähmiýeti barada aýtmaly. Bu taslama çylşyrymly gidrotehniki desganyň döredilmegini üpjün etdi. Bu bolsa häzirki döwür üçin wajyp bolan ekologik, ykdysady we durmuş meselelerini çözmäge, Türkmenistan üçin bolşy ýaly, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin möhüm bolan uzak möhletleýin ekologik abadançylygy üpjün etmekde aýratyn zerurdyr.

Suw serişdelerini oýlanyşykly, rejeli peýdalanmak arkaly oba hojalyk önümçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak meseleleri özara baglanyşykly bolup, ol azyk howpsuzlygynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir. Beýleki bir tarapdan, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan yzygiderli ekologik çäreler milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär. Şeýle-de halk hojalygynyň ähli ugurlarynda tebigaty goramak boýunça häzirki zamanyň hil taýdan täze usullaryna geçilmegine mümkinçilik döredýär. Köpetdagyň eteginden başlap, Hazar deňziniň kenarlaryna çenli aralygy gurşap alan tokaý maksatnamasynyň möçberiniň we ähmiýetiniň ýokarydygyny bellemeli. Aşgabadyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň töwereklerinde yzygiderli ekilýän bag nahallary ynsan kalbyna we ruhuna oňyn täsir etmek bilen, gök zolaklarda degişli haýwanat dünýäsiniň emele gelmegini şertlendirýär. El bilen döredilýän tokaý zolaklary topragyň sagdynlaşmagyny, onda yzgaryň saklanmagyny, oňaýly howa gurşawynyň emele gelmegini üpjün edýär.

Ählihalk çäresine öwrülen bag nahallaryny oturtmak işleri her ýylda amala aşyrylýar. Munuň özi watansöýüjilik we adamlaryň raýatlyk borjuny ýokarlandyrmakda ekologiýa taýdan ähmiýetli çärä öwrüldi. Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabaralary watandaşlarymyzyň belent ruha beslenen zähmet baýramçylygy bolmak bilen, ol halkymyzyň döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge bolan höwesiniň aýdyň beýanydyr. Geçen ýylda giň möçberli mowzuklaýyn ekologik maslahatyň geçirilmeginiň möhüm waka öwrülendigini bellemeli. Bu çäräni Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem ýurdumyzda pudagyň kadaly ösüşine gönükdirilen kanunçylyk-hukuk binýady döredildi we ol yzygiderli kämilleşdirilýär. Biologik dürlüligi we aýratynlygy saklamak, täze tokaý, seýilgäh zolaklaryny döretmek, “ýaşyl” ykdysadyýeti ilerletmek we ekologiýa diplomatiýasyny işjeňleşdirmek ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Jemgyýetimiziň ekologik medeniýetiniň ýokarlanmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli tokaý maksatnamasy howanyň üýtgemegi zerarly emele gelýän ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşde umumydünýä işlerine mynasyp goşantdyr.

Tebigaty goramak meselesi ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Halkara bileleşik dünýä derejesinde ekologik başlangyçlary öňe sürmek arkaly şu ugruň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ekologiýa ulgamyndaky syýasaty netijesinde Türkmenistan halkara gatnaşyklar üçin ygtybarly binýady döredip, özüniň tejribesini artdyrýar. Munuň özi häzirki döwrüň ählumumy wezipelerini üstünlikli çözmäge gönükdirilendir.

(TDH 02.02.2023 ý.)