Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
4cIEvyAtRBrqDfGorkFAUZVIWX3aiAOSfd0RfuAeFnP76LbSyx_1678780927.jpg
424
14.03.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dowam edýär, gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň sogan hem-de ýeralma ekişi geçirilen ýerlerinde ideg işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär, pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen çäreleri we ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça zerur tagallalar edilýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerini taýýarlamak, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasynyň, Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi we welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda we binalarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek we geriş çekmek işleri dowam edýär, bugdaýa, ýeralma we sogana ideg etmek işleri geçirilýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda guraljak çäreleri, ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça zerur işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky, inženerçilik ulgamlaryndaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy we häkime welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň depginini güýçlendirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralma we sogana ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi, ählihalk bag ekmek dabarasynyň, Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, welaýatda şu ýyl gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly binalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, oba hojalyk işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak üçin çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň we soganyň ekişi dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görülýär.

Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda guraljak çäreleri dabaraly geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatda şu ýylda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilen işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerini, hususan-da, gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasynyň, Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizlemek, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Häzirki wagtda welaýatda ýazlyk ýeralma we sogan ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatda pile öndürmek möwsümine, Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek dürli çärelere, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görülýär.

Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň berk talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we welaýatda gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasynyň, Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini häkime tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şu ýylyň hasyly üçin welaýatda gowaça ekiljek ýerleri taýýarlamak işleri, hususan-da, tekizleýiş hem-de geriş çekmek işleri alnyp barylýar, bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek, pile öndürmek möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmek, Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak, ýazlyk ýeralma we sogan ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz häkime welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň depginlerini güýçlendirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasynyň, Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, bu işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitlerde ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek arkaly şu ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, gowaça ekilmegi meýilleşdirilýän meýdanlary ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, haşal otlaryň we zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişi geçirilýär, häzirki wagtda bu ekinleriň ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda pile öndürijileri ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumy bilen üpjün etmek üçin tohumlary taýýarlamak işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň wajyp talap bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek, gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak we bu işleriň depginlerini güýçlendirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy we pile öndürmek möwsümine taýýarlyk işleriniň, ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

(TDH 13.03.2023 ý.)