Ösüşiň we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen
bj2TO6w6Vjho6H1gmucPhbgIlmki0LFUGeN29sTs9LorOFRCvh_1680522177.jpg
878
03.04.2023

Geçen hepde möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalara beslenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän hem-de döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn demokratiýalaşdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeler ýoluna Türkmenistanyň berk ygrarlydygyny tassyklady.

27-nji martda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň durmuşa geçirilişine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, gowaça ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek, bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana, beýleki gök-bakja ekinlerine talabalaýyk ideg etmek, pile öndürmek möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Häkimlere ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorowy kabul etdi. Taraplar ulag ulgamynda, hususan-da, demir ýol ulagy pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda demir ýollary hem-de ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek, önümçilik amallaryny sanlylaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça taslamalara gatnaşmagynyň geljeginiň uludygyny belledi.

28-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda esasy ugurlaryň birnäçesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli giň meseleler boýunça pikir alşyldy. Söwda-ykdysady ulgam netijeli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwlet we hususy ulgamyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahatlaşmalarydyr duşuşyklary geçirmegiň wajypdygyny belledi. Türkmenistanyň Ysraýylyň oba hojalygynda gazanan tejribeleri bilen ýakyndan tanyşmaga, suw serişdelerini tygşytly ulanmak we süýjetmek boýunça täze tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Özara Medeniýet günlerini, ylym-bilim maslahatlaryny we bäsleşiklerini guramak, döwletlerimiziň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ulanmak arkaly medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýeti nygtaldy. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşi, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda we beýleki ugurlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy bellenildi.

Saýlawçylaryň ýokary işjeňlik, ruhubelentlik ýagdaýynda geçen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçen hepdäniň möhüm wakasy boldy. Agzybir türkmen halky nobatdaky gezek jemgyýetimiziň demokratik esasyny düzýän halk häkimiýetliliginiň gadymdan gelýän däpleriniň dabaralanmagyny alamatlandyrýan saýlawlarda ses berdi.

27-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar brifing geçirdi. Onda merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň deslapky netijelerini yglan etdi. Duşuşyga daşary döwletleriň we ýurdumyzyň habarlar agentlikleriniň, elektron, metbugat neşirleriniň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary, halkara synçylar gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, daşary ýurtlardaky saýlaw toparlaryndan gelip gowuşýan käbir maglumatlary hasaba almanyňda, ses bermäge bellige alnan saýlawçylaryň 91 göterimden gowragy gatnaşdy.

Saýlawlar gününde ýaşaýan ýerlerinde bolup bilmedik saýlawçylar üçin şu ýylyň 16 — 25-nji marty aralygynda möhletinden öň ses bermek mümkinçiligi döredildi. Tutuş ýurdumyzda saýlaw uçastoklarynyň 2644-si, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda 42 sany saýlaw uçastogy hereket etdi.

Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatlaryna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Grigoriý Logwinowyň ýolbaşçylygyndaky ŞHG-niň halkara synçylar toparynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri bilen duşuşyk boldy. Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy. Nygtalyşy ýaly, saýlawlaryň ähli tapgyrlary ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, giň bäsdeşlik esasynda we bu ugurda umumy ykrar edilen dünýä ölçeglerini nazara almak bilen geçirildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň synçylar toparlarynyň geçiren brifinglerinde Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmegiň netijeleri yglan edildi. Synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary 2023-nji ýylyň 26-njy martynda saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine, demokratik kadalara laýyklykda, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilendigini hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň erk-islegleriniň erkin beýan edilmeginiň üpjün edilendigini bellediler.

31-nji martda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ählihalk saýlawlarynyň gutarnykly netijelerine garaldy. Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy bu jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilen giň gerimli işler barada habar berip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda saýlawlary demokratik ýörelgelere, milli kanunlarymyza, halkara kadalara laýyklykda geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini aýtdy.

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 258, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 2516, Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça 12098 dalaşgär bellige alyndy. Dalaşgärlere wagyz işlerini geçirmek üçin deň şertler döredildi. Saýlawlar gününde saýlaw uçastoklarynda ses berlişi onlaýn tertipde göni ýaýlymda görkezildi. Saýlawlaryň geçirilişine milli synçylaryň 3 müňe golaýy, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalaryň wekilleri syn etdiler.

Türkmenistan boýunça jemi 3 million 496 müň 368 saýlawçydan 3 million 185 müň 935-si ýa-da 91,12 göterimi ses berdi. Ýurdumyz boýunça 125 adam Mejlisiň deputatlygyna, 240 adam welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna, 960 adam etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna, 5897 adam Geňeşleriň agzalygyna saýlandy. Ýurdumyzyň syýasy durmuşyna zenanlaryň gatnaşmagynyň has-da işjeňleşýändigi bellenildi. Mejlisiň saýlanan deputatlarynyň 26 göterime golaýy (25,60 göterim) zenanlar bolup durýar. Olar welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň 29 göterime golaýyny (28,75 göterim), etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň 30 göterime golaýyny (29,58 göterim), Geňeş agzalarynyň 28 göterimini tutýar. Deputatlyga saýlananlaryň 41 göterime golaýy (40,80 göterim), ýaşy 40-a ýetmedik ýaş raýatlardyr.

Habar berlişi ýaly, şu ýylyň 29-njy martynda merkezi saýlaw toparynyň geçirilen mejlisinde 7222 okrugyň ählisinde saýlawlar Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirildi diýlip ykrar edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda saýlawlaryň ýokary derejede geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi we bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni taýýarlamaga, geçirmäge işjeň gatnaşan adamlaryň ählisine minnetdarlyk bildirmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz saýlawlar bilen bagly geçirilen işleri düýpli seljerip, bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmek üçin ýakyn wagtda teklipleri bermek barada görkezmeleri berdi. Şol teklipler öwreniler, kanunçylyga degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky meselä serediler.

Täze saýlanan deputatlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty 6-njy aprelde paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçiriler.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini, şol bir wagtda Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (Kuala-Lumpur şäheri) wezipesine, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini, şol bir wagtda Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (Seul şäheri) wezipesine bellemek hakynda Permanlar bar.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda inženerçilik ulgamlary we ýollary bilen bilelikde 9 gatly, 23 sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň we seýilgähiň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada baglaşan şertnamalaryna goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň bellenen işgär sanynyň çäginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda raýat goranyşy fakultetini, gurluşyk işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynyň howpsuzlygy kafedralaryny açmak, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň raýat goranyşy fakultetine okuwa 2023-2024-nji okuw ýylyndan kabul edip başlamak bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň bellenilmegi bilen baglylykda, birnäçe Karara gol çekdi. Şeýlelikde, Ahal welaýatynyň Arkadag şäher häkimliginiň ady üýtgedilip, ol «Arkadag şäheriniň häkimligi» diýlip atlandyryldy. Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň we Gorjaw etrabynyň häkimlikleri döredildi, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň düzüminde Arkadag şäheriniň döwlet arhiwi döredildi. Mundan başga-da, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Arkadag” teleýaýlymyny döretmek we 2023-nji ýylyň sentýabryndan başlap, gije-gündiziň dowamynda 15 sagatlap gepleşikleri ýaýlyma berip başlamak bellenildi. “Arkadag” gazetiniň redaksiýasy ýuridik şahs hökmünde döredildi hem-de gazetiň redaksiýasynyň Tertipnamasy tassyklanyldy. “Arkadag” gazetini 2023-nji ýylyň iýul aýyndan türkmen dilinde neşir edip başlamak hem-de hepdede bir gezek çap etmek bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýada görkezilen milli maglumat merkezleriniň wezipelerini amala aşyrýan ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezini gurmak üçin Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda bölünip berlen ýer böleginiň çäginden geçýän zeýkeş aragatnaşyk ötüginiň tehniki ýagdaýyny seljermek boýunça pudagara topar döredildi.

1-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramaçylyk meseleleri, bu ýerdäki gurluşyk işleriniň barşy, binalaryň bezeg aýratynlyklary, şäher ilatyna hödürleniljek hyzmatlaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

28-nji martda Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine, bu taslamanyň Türkmenistan üçin uly ähmiýetine hem-de ony durmuşa geçirmegiň halkara ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Duşuşyga daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, milli hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Brifingiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Arkadag şäherini gurmak baradaky çözgüdiň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamalarynyň biridigi nygtaldy.

Bu pikiriň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, täze şäheriň pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde, Türkmenistanyň iň gadymy künjekleriniň birinde gurulýanlygyndadyr. Şol bir wagtyň özünde, bu şäherde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň täze taryhy eýýamda ýeten sepgitleri öz beýanyny tapýar. Arkadag şäheri ýurdumyzyň iri ylym-bilim, medeni we halkara merkezi bolar. Mälim bolşy ýaly, şäheriň gurluşygynda binagärligiň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullary, “akylly” şäher konsepsiýasynyň kadalary, “ýaşyl” tehnologiýalar ulanylýar. Bularyň ählisi “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegini şertlendirdi. Bu Kanuna laýyklykda, Arkadag şäherine ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek döwlet ähmiýetli şäher derejesi berildi.

Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherini gurmak pikiri, onuň ýurdumyzyň syýasy kartasynda peýda bolmagy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine daşary ýurtlardan we halkara guramalardan gelip gowuşýan hatlar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi guramasynyň, BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we beýleki ýöriteleşdirilen edaralaryň wekilleriniň bardygyny bellemek gerek. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar Türkmenistanyň şeýle şäherleri döretmekde görelde bolýandygyny we Arkadag şäheriniň uly geljeginiň bardygyny bellediler. Şunda ekologik abadançylygyň saglyk bilen, umuman, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglydygyna görä, täze “akylly” şäheriň konsepsiýasynyň BSGG-niň howandarlygyndaky “Sagdyn şäherler” ählumumy hereketiniň ýörelgelerine laýyk gelýändigi nygtaldy.

Tassyklanan tertibe laýyklykda, mart aýynyň soňky günlerinde toprak-howa şertlerini nazara alyp, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Ol ýerde “ak altynyň”, esasan, orta süýümli görnüşleri ýetişdirilýär. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde meýdanlary ekişe taýýarlamak we gowaça ideg etmek üçin döwrebap tehnikalaryň, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan satyn alnan tehnikalaryň uly toplumy bar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň gerimli döwlet hem-de milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Watanymyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan depginli ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň röwşen we bagtyýar geljegini üpjün etmek şol maksatnamalaryň esasy wezipesidir.

TDH 02.04.2023 ý.