Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
woJZcfOV0I34KWC7kTU56LUcSmipZ9bSnAvK7DZybd3I3XTx4b_1684214180.jpg
771
16.05.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol şu günler welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek hem-de otag işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaýa ideg etmek işleri geçirilýär. Şeýle hem galla oragyny guramaçylykly geçirmek üçin möwsümde işlediljek kombaýnlary, galla kabul ediş nokatlaryny, awtoulaglary taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatyň ýeralma, sogan we beýleki ýazlyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär, pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli berjaý etmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda, inženerçilik ulgamlarynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime welaýatyň gowaça we bugdaý meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegi hem-de ýokary hilli geçirilmegi babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamanyň berjaý edilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatyň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi we otag etmek işleri geçirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, öňümizdäki galla oragynda ulanyljak kombaýnlary, galla kabul ediş nokatlaryny, awtoulaglary möwsüme doly taýýar edip goýmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Welaýatda gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ýeralma, sogana we beýleki ýazlyk ekinlere ideg işleri geçirilýär, pile öndürmek boýunça meýilnamany berjaý etmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň esasy bolup durýandygyny aýtdy hem-de şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň depginlerini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýeralma, sogan we beýleki ýazlyk ekinler ekilen meýdanlarda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň berjaý edilmegine guramaçylykly çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, otag we ýekeleme işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallaryň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ösüş suwuny tutmagy bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, galla oragynda işlediljek kombaýnlary, galla kabul ediş nokatlaryny we däne daşajak awtoulaglary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Şeýle hem welaýatda ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden bol hasyl almak üçin ideg işleri geçirilýär, pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça ähli zerur tagallalar edilýär. Şaly ekişi meýilnama laýyklykda dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi hem-de bugdaý we gowaça ekilen meýdanlarda geçirilýän ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň, şaly ekişiniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň berjaý edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň zerurdygyny belläp, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bu ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkim welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigini, galla oragyny guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülýändigini habar berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý, gowaça meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň depginlerini güýçlendirmek, bu işleri bellenen möhletlerde hem-de ýokary hilli geçirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz welaýatyň ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak işi dowam edýär. Ýazlyk ýeralma, sogana, beýleki gök-bakja ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek möwsümini üstünlikli tamamlamak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem häkim galla oragyny guramaçylykly geçirmek, orakda işlediljek kombaýnlary, galla kabul ediş nokatlaryny we awtoulaglary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňüne tutulan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasydygyny belledi hem-de welaýatyň gowaça, bugdaý ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň doly berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, bellenen möhletlerde geçirilmeginiň üpjün edilmegini häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz boýunça şu ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda soňky ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem galla oragyny ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, orakda işledilmegi göz öňünde tutulýan kombaýnlary, awtoulaglary we galla kabul ediş nokatlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda tagt we gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde birinji hatarara bejergi, ýekeleme we otag işleri alnyp barylýar. Ideg işlerini bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek maksady bilen, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek üçin welaýatlarda bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Ýurdumyzda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de bellenen meýilnamany üstünlikli berjaý etmek ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde we bellenen möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de gowaça, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu işleriň agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi arkaly geçirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


TDH 15.05.2023 ý.