«Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylara
482
13.06.2023

Hormatly myhmanlar!

Gadyrly dostlar!

Sizi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän bu halkara medeni çäräniň dünýä ýurtlarynyň tans we folklor sungatynyň ussatlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmekde, medeniýet, sungat işgärleriniň özara tejribe alyşmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly dostlukly ýurtlaryň arasynda özara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dünýä halklarynyň tans hem-de folklor sungatynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga, ony dünýä ýaýmaga uly ýardam berer. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýäris. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan aýdyň wezipeler bu gün diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä ýüzünde-de asudalygyň, agzybirligiň, dostlugyň, abadançylygyň dabaralanmagynda möhüm orna eýedir. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetlilige esaslanýan asylly başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldaw tapýar.

Ýurdumyzda halkara derejede yzygiderli geçirilýän festiwallar, maslahatlar, forumlar, sergiler, konsertler we beýleki medeni çäreler döwletimiziň Bitaraplygyň belent maksatlaryna hemişe ygrarlydygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek ýurdumyzyň alyp barýan medeni syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Hormatly festiwala gatnaşyjylar!

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda milli däp-dessurlaryny, halk döredijiligini, özboluşly folklor sungatyny asyrlardan-asyrlara geçirip, kämilleşdirip gelipdir. Häzirki döwürde tans we folklor sungaty halkymyzyň milli medeniýetini, gadymy ýol-ýörelgelerini dünýä ýaýmakda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň tans we folklor sungatynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleri, ruhy-ahlak gymmatlyklary, milli däp-dessurlary özboluşly şöhlelenýär. Tans we folklor sungaty milliligiň, kämilligiň dabaralanmasydyr, milli aýratynlyklaryň joşgunly waspydyr.

Dünýä halklarynyň tans hem-de folklor sungaty her bir halkyň özboluşly ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Bu sungatyň esasy aýratynlygy ynsan kalbynda sungata bolan söýgini has-da ösdürýändiginden ybaratdyr. Sungata söýgi parahatçylyga, ynsanperwerlige söýgüdir. Tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary agzybirlige, abadançylyga, dost-doganlyga çagyryşdyr, milli gymmatlyklara sarpa goýmaga ruhlandyryjydyr. «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň esasy maksady hem dünýä halklarynyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine bolan hormat-sarpasyny has-da belende götermekden, özara medeni gatnaşyklaryň binýadyny berkitmekden, halklaryň ruhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi dünýäde ählumumy parahatçylyk ýörelgeleriniň dabaralanmagyna uly ýardam berýär.

Eziz watandaşlar!

Gadyrly myhmanlar!

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bagtyýarlygyň we dost-doganlygyň mekanydyr. Hazaryň sapaly kenarynda ýerleşýän Awazada halkara derejede duşuşyklar, dialoglar, forumlar, konsertler we festiwallar yzygiderli geçirilip, dünýä döwletleriniň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejelere götermekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu çäreler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, olary dünýä ýaýmaga, giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynda ýerine ýetiriljek joşgunly çykyşlar hem parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň belent waspyna öwrüler.

Gadyrly festiwala gatnaşyjylar!

Sizi «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň dabaraly açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

(TDH 12.06.2023 ý)