Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
kZMUKVm5CLgrnBnyCMXR5bL8K9qUpJCtQXXa4kfgNAhgu4hzm8_1686632528.jpg
475
13.06.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Şunda kombaýnlar, awtoulaglar we galla kabul ediş bölümleri bökdençsiz işledilýär. Orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja önümleri bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny berjaý etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän galla oragyny ýokary hilli hem-de gysga wagtda tamamlamagyň, bu işlere jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de häkime bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň talabalaýyk guralmagy, welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde tamamlanmagy we işleriň depgininiň güýçlendirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Welaýatda galla oragy möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Hususan-da, bugdaý orýan kombaýnlar, awtoulaglar, galla kabul ediş bölümleri sazlaşykly işledilýär. Bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň gowaça meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär, ýetişdirilen ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerini ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm möwsüm bolan galla oragynyň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de orakda ulanylýan kombaýnlaryň, galla daşaýan awtoulaglaryň doly güýjünde, bökdençsiz işledilmegini, bu ugurdaky işleriň talabalaýyk guralmagyny, bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagy, onuň depginleriniň ýokarlandyrylmagy babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, galla oragyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin bugdaý ýygýan kombaýnlar, awtoulaglar, galla kabul ediş bölümleri bökdençsiz işledilýär. Şunuň bilen bir hatarda, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerini ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär, şaly ekilen meýdanlara gowy ideg edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de galla oragyny guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegini, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, onuň depginleriniň güýçlendirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki wagtda welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy gowşamaýan depginde dowam edip, bu işde oba hojalyk tehnikalarynyň we galla kabul ediş bölümleriniň bökdençsiz işini üpjün etmek, bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şeýle hem sebitde ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen bol hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlary bolelin üpjün etmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Welaýatda şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de galla oragyny ýokary hilli we gysga möhletde tamamlamagyň, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň zerur talap bolup durýandygyny aýtdy we bu möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň bökdençsiz, sazlaşykly işledilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, şaly ekişiniň guramaçylykly we agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy dowam edip, möwsümde ulanylýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş bölümleri doly güýjünde işledilýär. Orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek işleri agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, ilatymyzy bu önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda bu ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy we galla oragynyň depginleriniň ýokarlandyrylmagynyň, bu işlere jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhüm talap bolup durýandygyna häkimiň ünsüni çekip, degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegi, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň geçirilmegi babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini öz wagtynda geçirmek, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, sürümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylda ýurdumyzda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek hakyndaky degişli Kararyna laýyklykda, pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Bu işler bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, irki ýetişen hasyly ýygnap almak we ilatymyza ýetirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de wise-premýer Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň, Lebap welaýatynda şaly ekişiniň dowam edýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda örän jogapkärli we möhüm möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi hem-de galla oragynyň depginleriniň güýçlendirilmegini, orak möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işledilmegini, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegini, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

TDH 12.06.2023 ý