Awazada halkara tans we folklor festiwalyna badalga berildi
a4qDXYsv6fMLVHuzaUfzDel8YFCFRAH9Xokqnif6lHonCpZZX0_1686718265.jpg
500
14.06.2023

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — 2023” atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyşy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilýän çärä gatnaşmak üçin bu ýere halkara guramalaryň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Eýrandan, Hindistandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Täjigistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Özbegistandan alymlar we hünärmenler, medeniýet işgärleri, sahna ussatlary geldiler.

Dünýä halklarynyň sungatyna bagyşlanan bu halkara forum ýurdumyzda özboluşly milli medeniýetimizi gorap saklamak we giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyryp, ählumumy durnukly ösüşe goşant goşýar. Şunda halklaryň özara düşünişmegine we ruhy taýdan ýakynlaşmagyna, şeýle hem häzirki zaman jemgyýetiniň pederlerden miras galan ynsanperwerlik ýörelgeleri, aň-paýhas we döredijilik kuwwaty esasynda ösdürilmegine ýardam berýän medeni dialoga aýratyn orun degişlidir.

Parahatçylyk döredijilikli hukuk derejesine eýe bolan Bitarap Watanymyz goňşy ýurtlar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýýar, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän başlangyçlar bilen çykyş edýär, şeýle hem öz raýatlarynyň abadan durmuşynyň kepili bolmak ýaly möhüm borçnamalary öz üstüne aldy.

Türkmenistan sebitiň ykrar edilen medeniýet merkezi bolmak bilen, hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär hem-de öz göreldesi bilen, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga çagyrýar.

Hazar deňziniň kenaryndaky interaktiw suw çüwdürimli seýilgähdäki uly sahnanyň ýanynda Hökümet agzalary, medeniýet ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, mugallymlary we talyplary ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Awaza — 2023” atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okaldy. Gutlagda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan aýdyň wezipeleriň bu gün diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä ýüzünde asudalygyň we agzybirligiň, dostlugyň we abadançylygyň dabaralanmagynda möhüm orna eýedigi bellenilýär.

“Dünýä halklarynyň tans hem-de folklor sungaty her bir halkyň özboluşly ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Bu sungatyň esasy aýratynlygy ynsan kalbynda sungata bolan söýgini has-da ösdürýändiginden ybaratdyr. Sungata söýgi — parahatçylyga, ynsanperwerlige söýgüdir. Tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary agzybirlige, abadançylyga, dost-doganlyga çagyryşdyr, milli gymmatlyklara sarpa goýmaga ruhlandyryjydyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra sahnada konsert guralyp, onuň maksatnamasy dürli halklaryň saz sungatynyň köpöwüşginliligini, milli däpleriň özboluşlylygyny şöhlelendirdi.

Tomaşaçylar dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen tans toparlaryny mähirli garşy aldylar. Olaryň käbirleri ýurdumyzda geçirilen halkara medeni çärelere ençeme gezek gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň meşhur tans we folklor toparlary, halk tanslaryny we aýdymlaryny ýerine ýetirijiler konsertde türkmen sungatyna wekilçilik etdiler.

Dünýä halklarynyň medeniýetiniň dürli taraplaýyn öwrenilmegine, dostlugyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara festiwalyň baş pikiri artistleriň çykyşlarynda öz beýanyny tapdy. Umumy maksatdan ruhlanan artistler her eseriň ýerine ýetirilmegine öz zehinlerini siňdirdiler. Köp sanly tomaşaçylar dünýä halklarynyň ajaýyp aýdym-saz sungatyndan, gadymy saz gurallarynyň jadylaýjy owazyndan lezzet aldylar.

Türkmen artistleriniň ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy bolsa tomaşaçylarda we festiwala gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu gadymy aýdym we tans sungaty 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

Halkara forumyň möhümdigini nygtap, oňa gatnaşyjylar bu ugurda alyp barýan syýasaty üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şol syýasatyň ileri tutýan ugurlary bahasyz milli mirasymyzy gorap saklamakdan, medeniýeti we sungaty ösdürmekden, ynsanperwer ulgamdaky aragatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr.

Ertir festiwalyň çäklerinde «Daýanç» sagaldyş we dynç-alyş merkeziniň maslahatlar zalynda «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler.

Ýokary tehnologiýalar asyrynda halk döredijilik mirasyny gorap saklamak uly ähmiýete eýedir. Öz taryhyny, ata-babalarynyň däp-dessurlaryny bilmeýän halkyň geljegi ýokdur. Tans halk döredijiliginiň örän giň ýaýran hem-de gadymy görnüşleriniň biridir. Ol däp-dessurlarda, maşgala dabaralarynda hem-de baýramçylyklarda hemişe adamlaryň gündelik durmuşy bilen baglanyşykly bolup geldi. Tanslarda pikirler, duýgular, ruhy ahwalatlar, durmuşdaky ýagdaýlara bolan gatnaşyklar beýan edilýär.

Halk tans sungatynyň baý mirasy özboluşlylygy bilen häzir hem tans sungatynyň ýokary derejeli ussatlary hem-de çeper höwesjeňleri üçin ylham çeşmesi bolmagynda galýar. Saz we tans uly ruhy galkynyşy özünde jemleýär, milli medeniýetiň gaýtalanmazlygyny beýan edýär hem-de dünýäniň halklaryny döredijilik taýdan gatnaşmak ugrunda birleşdirýär. Şoňa görä-de, bu festiwal ruhy mirasy gorap saklamakda, bilimleri baýlaşdyrmakda, hünär derejesindäki gatnaşyklary ösdürmekde we tejribe alyşmakda aýratyn ähmiýetlidir.

Türkmen halkynyň çeperçilik gymmaty bolan köpasyrlyk däpleri bar. Ýurdumyzda dünýäniň ösüşiniň genji-hazynasynda aýratyn orun eýeleýän saz sungatyny geljekki nesillere ýetirmek üçin çuňňur öwrenmek, wagyz etmek hem-de gorap saklamak boýunça giň gerimli işler geçirilýär.

Ýaşlary çagalykdan başlap, halk döredijiliginiň çeşmeleri bilen tanyşdyrmak zerurdyr, şonda olar milli medeniýetiň gözelligine gadyr goýar, oňa sarpa bilen garar.

«Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň hem-de «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde duşuşyklar, tans sungaty boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler. Her agşam halk döredijilik, folklor-etnografik toparlary çykyş edip, tomaşaçylara öz milli sungatyny görkezerler.

Myhmanlar üçin medeni maksatnama guraldy, ol «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşdyrmagy, deňiz suw ulagynda gezelençleri özünde jemleýär.

16-njy iýunda Hazar deňziniň kenaryndaky ajaýyp interaktiw suw çüwdürimli seýilgäh toplumynyň amfiteatrynda «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň ýapylyş dabarasy, degişli diplomlaryň gowşurylyşy hem-de döredijilik toparlarynyň bilelikdäki jemleýji konserti bolar.

TDH 13.06.2023 ý