Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy tassyklanyldy
4222
22.06.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertleri ýaýbaňlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, çagalary okatmagyň, durmuşa taýýarlamagyň, olar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň halkara şertnamalar esasynda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we olaryň hukuklardan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy hem-de ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertleri ýaýbaňlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, çagalary okatmagyň, durmuşa taýýarlamagyň, olar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň halkara şertnamalar esasynda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we olaryň hukuklardan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy hem-de ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

TDH 21.06.2023 ý