TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 53 million 380 müň dollaryndan gowrak boldy
2785
27.06.2023

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny, uçar kerosinini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri dürli görnüşli tekiz boýalan žakkard tüýjümek, jins önümlerini, ýorgan-düşek toplumlaryny, nah matany we nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 53 million 380 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 275 müň manada deň bolan bugdaý harpygyny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny, uçar kerosinini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri dürli görnüşli tekiz boýalan žakkard tüýjümek, jins önümlerini, ýorgan-düşek toplumlaryny, nah matany we nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 53 million 380 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 275 müň manada deň bolan bugdaý harpygyny satyn aldylar.

TDH 26.06.2023 ý